Dördünji Musa 13:1—33

  • Kengana iberilen 12 içaly (1—24)

  • On içalynyň erbet habary (25—33)

13  Soňra Ýehowa Musa:  «Her taýpadan+ bir baştutany+ saýla-da, ysraýyllara berjek Kengan ýurdumy gözden geçirmäge iber» diýdi.  Musa Ýehowanyň buýrugy bilen, olary Paran çölünden+ ýola saldy. Olaryň hemmesi ysraýyl baştutanlarydy.  Olaryň atlary şulardyr: ruben taýpasyndan Zakuryň ogly Şamuw,  şimgon taýpasyndan Horuň ogly Şapat,  ýahuda taýpasyndan Ýepunnanyň ogly Kalep+,  ysahar taýpasyndan Ýusubyň ogly Ygal,  efraýym taýpasyndan Nunuň ogly Hoseýa+,  benýamin taýpasyndan Rafunyň ogly Palta, 10  zebulun taýpasyndan Sadanyň ogly Gadyýal, 11  Ýusubyň taýpasyndan+, ýagny manaşa taýpasyndan+ Suzanyň ogly Gaddy, 12  dan taýpasyndan Gemalyň ogly Emiýel, 13  aşer taýpasyndan Mikaýylyň ogly Setur, 14  naftaly taýpasyndan Wopsynyň ogly Nahba, 15  gad taýpasyndan Mahyň ogly Gewel. 16  Musa olary ýurdy gözden geçirmäge iberdi. Musa Nunuň ogly Hoseýanyň adyny Ýuşa*+ diýip üýtgetdi. 17  Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmäge ugradyp: «Ilki Negebe, soňam daglaryna baryň+. 18  Ýurt nähili+, ilaty güýçlümi ýa ejiz, köpmi ýa az, 19  ýurt gowumy ýa erbet, olar galada ýaşaýarmy ýa obada, 20   mes topraklymy ýa gurak*+, bag-bakjalymy ýa takyrlyk, bilip geliň. Hiç zatdan gorkmaň+, ir-iýmişlerden hem alyp gaýdyň» diýdi. Şol wagt üzüm bişip başlapdy+. 21  Olar ýola düşüp, Zin çölünden+ tä Lebo-hamatyň*+ golaýyndaky Rehoba+ çenli aýlandylar. 22  Negebiň üsti bilen Hebrona+ bardylar. Ol ýerde Anak+ ogullary* Ahyman, Şeşaý, Talmaý*+ ýaşaýardy. Hebron Müsüriň Suwan şäherinden ýedi ýyl öň gurlupdy. 23  Eşkol jülgesine+ ýetenlerinde, bir salkym üzümi şahasy bilen kesip aldylar. Üzümi taýakdan asyp, iki adam bolup göterdiler. Nar bilen injir hem alyp gaýtdylar+. 24  Üzüm salkymy alnan ýere Eşkol* jülgesi+ diýdiler. 25  Olar ýurdy gözden geçirip, 40 günden+ yzlaryna geldiler. 26  Paran çölündäki Kadeşe+ Musanyň, Harunyň we ysraýyl halkynyň ýanyna geldiler. Gören-eşidenlerini halka gürrüň berip, getiren ir-iýmişlerini görkezdiler. 27  Olar Musa: «Iberen ýurduňa aýlandyk. Dogrudanam, süýt bilen bal akýan ýurt+ eken. Ine miwelerini hem getirdik+. 28  Ýöne ýurduň ilaty diýseň güýçli, galalary bolsa beýik eken. Ol ýerde anaklary hem gördük+. 29  Negepde+ amalekler+, daglarda hetler, ýabuslar+ bilen amorlar+, deňziň we Iordanyň ýakasynda bolsa kenganlar+ ýaşaýan eken»+ diýip gürrüň berdiler. 30  Kalep Musanyň öňüne ýygnanan halky köşeşdirjek bolup: «Ýörüň, haýal etmän gideliň. Ýurdy arkaýyn basyp alarys, ýurt biziňki bolar»+ diýdi. 31  Emma ýanynda giden ýoldaşlary: «Biz olar bilen söweşip bilmeris. Olar bizden has güýçli»+ diýdiler. 32  Olar gözden geçiren ýurtlary hakda ysraýyllara erbet zatlary aýdyp+: «Görüp gaýdan ýurdumyzda ýaşar ýaly däl, örän howply. Adamlaryň ählisi äpet+. 33  Ol ýerde pilmahmytlary*, olardan dörän anaklary+ gördük. Biz olaryň ýanynda çekirtge ýaly, olar hem bize çekirtgä sereden ýaly seretdi» diýdiler.

Çykgytlar

Ýa-da: Ýehoşuw. Manysy: Ýehowa Halasgär.
Ýa-da: hasylsyz.
Ýa-da: Hamatyň girelgesiniň.
Ahymanyň, Şeşaýyň, Talmaýyň nesli göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.
Ýagny güýçli we äpet adamlar.
Manysy: Üzüm salkymy.
Sözlüge serediň.