Dördünji Musa 12:1—16

  • Merýem bilen Harun Musa garşy çykýar (1—3)

    • Musa iň ýumşak adam (3)

  • Ýehowa Musanyň tarapyny tutýar (4—8)

  • Merýem heýwere keseline uçraýar (9—16)

12  Merýem bilen Harun Musany kuşly aýala+ öýlenendigi üçin ýazgaryp başlady. 2  Olar: «Näme, Ýehowa diňe Musa arkaly gepleşýärmi? Biz arkaly gepleşenokmy?»+ diýişdiler. Ýehowa olaryň aýdanlaryny diňleýärdi+. 3  Ýer ýüzünde Musa ýaly ýumşak adam+ ýokdy*. 4  Birdenkä Ýehowa Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem ýygnak çadyryna* geliň» diýdi. Olaryň üçüsi hem geldi. 5  Ýehowa bulut sütüninde aşak inip+, çadyryň agzynda durdy-da, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olaryň ikisi öňe çykdy. 6  Şonda Hudaý: «Meni ünsli diňläň. Eger araňyzda biri Ýehowanyň pygamberi bolsa, oňa görnüşde* görnerdim+, düýşünde gepleşerdim+. 7  Ýöne gulum Musa bilen beýle däl. Oňa bütin halkymy* ynandym+. 8  Men Musa bilen ýüzbe-ýüz gepleşýärin+, aýtjak zadymy aýlap däl-de, göni aýdýaryn. Musa Ýehowanyň keşbini görýär. Onsoň siz nädip gorkman, gulum Musa garşy çykyp bildiňiz?» diýdi. 9  Şeýdip, Ýehowa gaharyna olaryň ýanyndan gitdi. 10  Bulut çadyryň üstünden göterilen badyna, Merýem heýwere keseline uçrap, endamy gar ýaly ap-ak boldy+. Harun görse, Merýem heýwere keseline+ uçrapdyr. 11  Şonda Harun Musa ýalbaryp başlady. Ol: «Ýalbarýaryn, agam*, etmişimiz üçin jeza berme! Akmaklyk edip, günä galdyk. 12  Uýamyz Merýem ýarty bedeni çüýräp, öli doglan çaga ýaly bolmasyn!» diýdi. 13  Musa bolsa Ýehowa: «Eý Hudaý, ýalbarýaryn, Merýemi sagalt! Ýalbarýaryn!» diýip dileg etdi+. 14  Şonda Ýehowa: «Eger atasy ýüzüne tüýküren bolsa, ol ýedi günläp ile çykyp bilerdimi? Goý, ol ýedi gün düşelgäniň daşynda bolsun+. Soňra ýene düşelgä girip biler» diýdi. 15  Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda boldy+. Ol gelýänçä, halk ýola düşmedi. 16  Şondan soň olar Haserotdan+ gaýdyp, Paran çölünde+ ýaşap başladylar.

Çykgytlar

Ýa-da: Musa hemmelerden kiçigöwünlidi (mylakatlydy).
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: öýümi.
Sözme-söz: halypam.