Ikinji Taryh 26:1—23

  • Ýahuda patyşasy Uzyýa (1—5)

  • Uzyýanyň goşuny (6—15)

  • Uzyýa heýwere keseline uçraýar (16—21)

  • Uzyýa aradan çykýar (22, 23)

26  Ýahudalar Amazýanyň ýerine ogly Uzyýany+ patyşa bellediler. Şol wagt Uzyýa 16 ýaşyndady+. 2  Amazýa patyşa aradan çykansoň, Uzyýa Eloty+ ýene⁠-⁠de yzyna alyp, gaýtadan dikeltdi+. 3  Uzyýa+ 16 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 52 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýekolýa iýerusalimlidi+. 4  Uzyýa kakasy Amazýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 5  Zekerýanyň döwründe Uzyýa Hudaýa gulluk ederdi, sebäbi Zekerýa oňa hak Hudaýdan gorkmagy öwrederdi. Uzyýanyň Ýehowa gulluk eden döwri hak Hudaý ony goldardy+. 6  Uzyýa piliştliler+ bilen söweşip, Get+, Ýabne+ we Aşdot+ şäherleriniň diwarlaryny ýumurdy. Ol Aşdotyň golaýynda we piliştlileriň topragynda şäherleri gurdy. 7  Hak Hudaý Uzyýa piliştlileri, Gurbagalda ýaşaýan araplary+ we megunimlileri ýeňmäge kömek etdi. 8  Ammonlar+ hem Uzyýa salgyt töläp başladylar. Uzyýanyň güýç⁠-⁠kuwwaty artyp, at⁠-⁠owazasy Müsüre çenli ýaýrady. 9  Ol Iýerusalimiň Burç derwezesinde+, Jülge derwezesinde+ we Direg diwarynda diň gurup+, olary berkitdi. 10  Çölde, Şepelada, düzlükde hem diňler gurup+, birgiden guýy gazdyrdy*, sebäbi mal⁠-⁠garasy juda köpdi. Uzyýa ekerançylygy gowy görýärdi, daglarda we Karmelde daýhanlary bilen üzümçileri bardy. 11  Uzyýanyň ýaragly goşuny hem bardy. Olar topar⁠-⁠topar bolup söweşe çykardy. Patyşanyň emeldary Hananýanyň baştutanlygynda Maseýa serkerde bilen Ýegel kätip+ esgerleri hasaba aldy+. 12  Gaýduwsyz esgerleriň üstünden 2 600 tirebaşy goýlupdy. 13  Olaryň gözegçiligi astynda 307 500 söweşe ukyply esger bardy. Güýçli goşun duşmanlar bilen söweşip, patyşa hyzmat ederdi+. 14  Uzyýa goşundaky esgerleri galkan, naýza+, tuwulga, sowut+, ýaý we sapan* daşlary+ bilen üpjün etdi. 15  Ol Iýerusalimde ökde ussalara söweş enjamlaryny ýasadyp, diňleriň üstünde+ we diwarlaryň burçunda goýdy. Şol enjamlarda peýkam we ullakan daş atyp bolýardy. Hudaýyň kömegi bilen, Uzyýa barha güýçlenip, şan⁠-⁠şöhraty bütin dünýä ýaýrady. 16  Emma Uzyýanyň güýç⁠-⁠kuwwaty artanda, ol tekepbir bolup, heläkçilige uçrady. Ol tütetgi ojagynda* tütetgi ýakmak üçin Ýehowanyň ybadathanasyna girip, Ýehowa Hudaýa biwepalyk etdi+. 17  Azarýa ruhany we Ýehowanyň 80 batyrgaý ruhanysy patyşanyň yzy bilen ybadathana girdiler. 18  Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp: «Uzyýa, seniň Ýehowa tütetgi ýakmaga hakyň ýok+. Tütetgini diňe Harunyň neslinden ruhanylar ýakmaly+, Hudaý olary mukaddes etdi. Häziriň özünde mukaddes otagdan çyk, sen Hudaýa biwepalyk etdiň, eden etmişiň üçin, Ýehowa Hudaýyň saňa beren hormatyndan mahrum bolarsyň» diýdiler. 19  Şonda elinde tütetgi gaby saklap duran Uzyýanyň gany depesine urdy+. Ýehowanyň öýündäki tütetgi ojagynyň ýanynda ruhanylara gaharlanyp durka, Uzyýanyň maňlaýynda heýwere keseli+ peýda boldy. 20  Uly ruhany Azarýa we beýleki ruhanylar patyşanyň maňlaýynda heýweräniň döränini görüp, şol bada ony daşaryk çykardylar. Uzyýanyň özi hem çykmaga howlukdy, sebäbi Ýehowa oňa jeza beripdi. 21  Uzyýa patyşa ölýänçä, heýwere keselinden ejir çekip, aýratyn öýde ýaşady+. Patyşany gaýdyp Ýehowanyň öýüne salmadylar. Şol wagtlar ogly Ýotam köşgi dolandyryp, halka kazylyk ederdi+. 22  Uzyýanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar Amozyň ogly Işaýa pygamberiň+ kitabynda başdan⁠-⁠aýak ýazylandyr. 23  Soňra Uzyýa aradan çykyp, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ýöne heýwere keselli bolansoň, ony patyşalaryň mazarynda däl⁠-⁠de, golaýyndaky bir mellekde jaýladylar. Uzyýanyň ýerine ogly Ýotam+ patyşa boldy.

Çykgytlar

Dagda köwlüp ýasalan howuz göz öňünde tutulýar.
Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.
Sözlüge serediň.