Ikinji Taryh 19:1—11

  • Ýehuw Ýehoşapaty ýazgarýar (1—3)

  • Ýehoşapatyň aýgytly hereketi (4—11)

19  Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Iýerusalimdäki köşgüne sag⁠-⁠aman dolanyp geldi+.  Hananýar+ görgüriň* ogly Ýehuw+ Ýehoşapatyň öňünden çykyp: «Ýehowany ýigrenýänleri gowy görüp+, ýamana ýardam etmek+ dogrumy? Sen şeýdeniň üçin Ýehowanyň gahary geldi.  Emma Hudaý ýagşy işleriňi⁠-⁠de gördi+. Sen keramatly pürsleri* ýurtdan ýok edip, hak Hudaýa gulluk etmegi* ýüregiňe düwüpdiň»+ diýdi.  Ýehoşapat Iýerusalimde ýaşaýardy. Ol ýene⁠-⁠de Beýer⁠-⁠şebadan tä Efraýymyň daglaryna+ çenli aýlanyp, halky ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowa gulluk etmäge+ höweslendirdi.  Soňra Ýahudanyň galalarynda kazylary belläp+:  «Edýän işleriňize ünsli boluň, siz adam üçin däl, Ýehowa üçin höküm çykarýaňyz. Höküm çykaraňyzda, Hudaý sizi goldar+.  Ýehowadan gorkuň+, edýän işleriňize ünsli boluň, Ýehowa Hudaýymyz adalatsyzlygy+, ala tutmaklygy+, parahorlygy ýigrenýändir»+ diýdi.  Ýehoşapat lewileriň, ruhanylaryň we ysraýyl tirebaşylarynyň käbirini Iýerusalimde⁠-⁠de Ýehowanyň kazysy edip belledi. Olar Iýerusalimiň ilatynyň ähli meselesini çözüp bermelidi+.  Ýehoşapat olara: «Ýehowadan gorkup, borjuňyzy ýürekden hem wepaly ýerine ýetiriň. 10  Ildeşleriňiz bir mesele bilen ýanyňyza gelse, adam öldürmek+, kanun, tabşyryk, düzgün ýa höküm bilen bagly mesele bolsun, Ýehowanyň öňünde günä etmez ýaly, olara maslahat beriň. Ýogsam Hudaýyň size⁠-⁠de, ildeşleriňize⁠-⁠de gahary geler. Tabşyryşym ýaly etseňiz, günä galmarsyňyz. 11  Uly ruhany Emirýar size baş bolup, Ýehowa gulluk etmek bilen bagly meseleleri çözer+. Ýahuda taýpasynyň baştutany Ysmaýylyň ogly Zabdyýar bolsa patyşanyň hyzmaty bilen bagly meseleleri çözer. Lewiler size kömek eder. Dogumly boluň⁠-⁠da, işe başlaň. Goý, Ýehowa dogry iş edýän bendelerini goldasyn!»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: agtarmagy.