Ikinji Petrus 3:1—18

  • Ýaňsylaýjy adamlar dörär (1—7)

  • Ýehowa eglenýän däldir (8—10)

  • Özüňizi barlaň (11—16)

    • Täze gökler we täze ýer (13)

  • Dogry ýoluňyzdan sowlaýmaň (17, 18)

3  Eziz doganlarym, size ikinji hatymy ýazýaryn. Birinji hatymda ýazyşym ýaly, ýene⁠-⁠de käbir zatlary ýatladyp+, sagdyn pikirlenmäge höweslendirýärin. 2  Mukaddes pygamberleriň aýdan weliliklerini we Halypamyzyň hem Halasgärimiziň resullary arkaly beren tabşyrygyny unutmaň. 3  Ilki bilen şuny biliň: soňky günlerde ýaňsylaýjy adamlar dörär. Olar ýagşy zatlaryň üstünden gülüp, öz islegine görä erbet işleri ederler+. 4  Olar: «Hany, geljek diýip wada beren nirede?+ Ata⁠-⁠babalaryň ýaşan döwründen bäri hiç zat üýtgemedi, dünýä döräli bäri hemme zat öňküligine dur»+ diýerler. 5  Olar asmanyň gadymy döwürden bäri durandygyny, Hudaýyň sözi arkaly suwdan we suwuň ortasyndan ýer gatlagynyň ýokary çykandygyny bilseler⁠-⁠de, oňa üns bermeýärler+. 6  Şeýle⁠-⁠de bütin ýer ýüzüni suw alyp, şol döwrüň adamlaryny ýok edendigini+ unutdylar. 7  Emma häzirki asman we ýer söz arkaly ot üçin, ýagny hudaýsyz adamlaryň höküm gününde ýok edilmeli wagtyna çenli saklanýar+. 8  Eziz doganlarym, şuny unutmaň: Ýehowa* üçin bir gün müň ýyl, müň ýyl hem bir gün ýalydyr+. 9  Käbir adamlar eglenýär diýseler⁠-⁠de, Ýehowa* beren wadasyny ýerine ýetirmäge eglenmeýär+, gaýtam siziň üçin sabyr edýär. Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär+. 10  Ýehowanyň* güni+ ogry kimin geler+, şonda asman* güýçli gümmürdi bilen ýyldyrym çaltlygynda ýok ediler+. Asmandaky we ýerdäki zatlar bolsa güýçli gyzgynlykdan ýaňa erär. Ýer ýüzi we onuň işleri paş ediler+. 11  Olaryň ählisi şeýdip ýok ediljek bolsa, onda siz nähili adam bolmaly? Siz mukaddes ýaşaň, ýagşy işleri ediň we Hudaýa wepaly boluň. 12  Ýehowanyň* geljek gününe garaşyň, bar ünsüňizi beriň*+, sebäbi şol gün asman ot bilen ýok ediler+ we ondaky zatlar güýçli gyzgynlykdan ýaňa erär. 13  Biz Hudaýyň wadasyna görä, täze göklere we täze ýere garaşýarys+, olarda adalatlylyk* höküm sürer+. 14  Şeýlelikde, eziz doganlarym, şol wadalara garaşyp, Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz bolup, parahatlygy saklamaga jan ediň+. 15  Onsoňam, Halypamyzyň sabyr⁠-⁠takadyna halas bolmaga mümkinçilik hökmünde garaň. Gadyrly Pawlus dogan hem Hudaýyň akyldarlygy bilen şu hakda ýazypdy+. 16  Pawlus olar hakda ähli hatlarynda agzap geçýär, emma onuň hatlarynyň käbirine düşünmek kyn. Bilimsiz we imany gowşak adamlar bolsa käbir mukaddes kitaplary ýoýuşlary ýaly, şol hatlary⁠-⁠da ýoýýarlar. Şeýle adamlar heläkçilige uçrarlar. 17  Eziz doganlarym, olary bilýändigiňiz üçin zalym adamlaryň nädogry pikirlerine aldanmaň. Olaryň yzyna eýerip, berk duran dogry ýoluňyzdan sowlaýmaň+. 18  Mundan beýläk⁠-⁠de Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ýagşylygyna eýe bolmaga hem⁠-⁠de ol barada bilimiňizi artdyrmaga çalşyň. Halypamyza häzir we ebedilik şöhrat bolsun! Omyn!

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gökler.
Ýa⁠-⁠da: ony ýürekden isläň. Sözme⁠-⁠söz: ony çaltlandyryň.
Ýa⁠-⁠da: dogruçyllyk.