Ikinji Musa 20:1—26

  • On tabşyryk (1—17)

  • Ysraýyllar görnüş görüp gorkýar (18—21)

  • Sežde babatda görkezme (22—26)

20  Soňra Hudaý şeýle tabşyryklary berdi+: 2  «Men sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowa+. 3  Menden başga hudaýyňyz bolmasyn+. 4  Asmandaky, ýerdäki, suwdaky hiç bir zadyň butuny ýa şekilini ýasamaň+. 5  Olara tagzym etmäň, sežde etmäň*+. Sebäbi men, Hudaýyňyz Ýehowa, ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin*+. Meni ýigrenýän atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýärin. 6  Meni söýüp, tabşyryklarymy berjaý edýänlere+ bolsa müňlerçe* nesline çenli ýagşylyk edýärin*. 7  Ýehowa Hudaýyňyzyň adyny biderek ýere* tutmaň+. Ýehowa adyny biderek ýere tutýanlary jezasyz goýmaz+. 8  Sabat gününi hemişe mukaddes hasaplaň+. 9  Ähli işiňizi alty günde ediň+. 10  Ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyza bagyşlanan Sabat günüdir. Şol gün hiç hili iş etmäň, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, mal-garalaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler hem işlemeli däldir+. 11  Ýehowa ýeri-gögi, deňzi we olardaky zatlary alty günde ýaradyp, ýedinji gün dynç alyp başlady+. Şonuň üçin Ýehowa Sabat gününi saýlap, mukaddes etdi. 12  Ene-ataňyza hormat goýuň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda uzak ýaşarsyňyz+. 13  Adam öldürmäň+. 14  Zyna* etmäň+. 15  Ogurlyk etmäň+. 16  Hiç kime garşy ýalan şaýatlyk etmäň+. 17  Biriniň öýüne, aýalyna+, gul-gyrnagyna, öküzine, eşegine, hiç zadyna göz gyzdyrmaň»+. 18  Adamlar gök gürläp, ýyldyrym çakyşyny we dagyň tüsseleýşini görüp, surnaý* sesini eşidip durdylar. Olar gorkudan ýaňa titräp, daga golaýlaşyp bilmediler+. 19  Olar Musa: «Biz bilen özüň gepleşäý, saňa gulak asarys. Hudaý gepleşmesin, ýogsam barymyz heläk bolarys»+ diýdiler. 20  Şonda Musa: «Howsala düşmäň! Hak Hudaý siziň gulak asyşyňyzy barlap görmek üçin geldi+. Hudaýdan gorkuň, günä etmäň»+ diýdi. 21  Adamlar uzakda durdylar, Musa bolsa gara buludyň golaýyna, hak Hudaýyň ýanyna bardy+. 22  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ysraýyllara şu sözlerimi ýetir: „Siz bilen gökden gepleşenimi görensiňiz+. 23  Özüňize altyn-kümüşden taňry ýasamaň. Menden başga hudaýa sežde etmäň+. 24  Maňa toprakdan gurbanlyk ojagyny* ýasap, mal-garaňyzdan ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürläň. Haýsy ýeri maňa sežde etmek* üçin saýlasam, şol ýere+ baryp, size bereket bererin. 25  Gurbanlyk ojagyny daşdan gurjak bolsaňyz, ýonulan daşlary ulanmaň+. Ýonulan daşdan gursaňyz haram bolar. 26  Gurbanlyk ojagyma basgançak ýasamaň. Ýogsam ýokaryk çykanyňyzda, uýat ýeriňiz görner“.

Çykgytlar

Ýa-da: aldanyp, sežde etmäň.
Ýa-da: gabanjaň; diňe özüme wepaly bolmagy talap edýärin.
Ýa-da: üçünji we dördünji nesline.
Sözme-söz: müňünji.
Ýa-da: wepaly söýgimi bildirerin.
Ýa-da: mynasyp bolmadyk tärde.
Sözlüge serediň.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Meniň adymyň ýatlanmagy.