Ikinji Musa 12:1—51
12 Ýehowa Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Şu aý siziň üçin birinji aý, ýylyň ilkinji aýy bolar+.
3 Ysraýyl halkyna aýdyň, goý, olar şu aýyň onuna öz maşgalasy üçin bir guzy+ saýlap alsyn, her maşgala bir guzy saýlasyn.
4 Eger maşgala bir guzyny iýerden kiçi bolsa, onda gapdal goňşusyny çagyryp, bile iýsin. Her kimiň näçeräk iýjegini göz öňünde tutup, guzyny adam sanyna görä bölüşsinler.
5 Goýunlardan ýa-da geçilerden birýaşar, şikessiz+ erkek maly saýlap bilersiňiz.
6 Ony şu aýyň 14-ne çenli bakyň+. Şol gün garaňky düşüp barýarka*, ähli ysraýyllar malynyň damagyny çalsyn+.
7 Ganyndan alyp, et iýiljek öýüň gapysynyň ýokarsyna we ikiýan söýesine çalsynlar+.
8 Olar şol gije+ eti gowrup, petir çörek*+ we ajy otlar+ bilen iýsinler.
9 Eti çigligine, buglap ýa-da gaýnadyp iýmäň, tutuşlygyna kellebaşaýagy we bagröýkeni* bilen gowruň.
10 Ertesi irdene çenli etden hiç zat galmasyn, galaýsa-da, ýakyň+.
11 Iýip-içýän wagtyňyz biliňiz guşalgy, aýagyňyz çarykly, eliňiz hasaly bolsun. Özüňizem çalt-çalt iýmelisiňiz. Ýehowa üçin Pasha* gurbanlygyny şeýdip bermelisiňiz.
12 Şol gije men Müsüre aýlanyp çykaryn-da, adamlaryň nowbahar ogullaryndan başlap, mal-garalaryň ilkinji doglanyna çenli öldürerin+. Müsüriň ähli taňrylaryny höküm ederin+. Men Ýehowadyryn.
13 Öýüňiziň gapysyna çalnan gan bellik bolar. Men gany görüp, sizden sowlup geçerin. Müsürlilere jeza berenimde, size hiç hili zyýan ýetmez+.
14 Şol güni hemişe ýatlap, nesilden-nesle Ýehowanyň şanyna baýram edip belläň. Muny hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
15 Ýedi günläp petir iýiň+. Birinji günden başlap, öýüňizde hamyrmaýa goýmaň. Ýedi günüň içinde hamyrmaýa goşulan zat iýen adam ysraýyl halkynyň arasyndan ýok edilsin*.
16 Baýramçylygyň birinji we ýedinji günleri mukaddes ýygnak geçiriň. Şol günler hiç hili iş etmäň+, diňe iýjek naharyňyzy bişirip bilersiňiz.
17 Her ýyl Petir baýramyny belläň+, sebäbi şol gün baryňyzy* Müsürden çykarjakdyryn. Muny nesilden-nesle baýram edip, hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
18 Birinji aýyň 14-i gijesinden 21-ne agşama çenli petir iýmelisiňiz+.
19 Ýedi günläp öýüňizde hiç hili hamyrmaýa goýmaň. Sebäbi gelmişeklerden ýa ysraýyllardan bolsun, tapawudy ýok+, kimde-kim hamyrmaýa goşulan zat iýse+, ysraýyl halkynyň arasyndan ýok ediler.
20 Hamyrmaýa goşulan zatlaryň hiç birinden iýmäň. Hemme öýde diňe hamyrmaýasyz çörek iýilsin».
21 Musa derrew ysraýyl ýaşulularyny çagyryp+, şeýle diýdi: «Heriňiz öz maşgalaňyz üçin guzy ýa owlak alyň-da, Pasha gurbanlygyny soýuň.
22 Guzynyň ganyndan legene guýuň-da, bir desse issop otuny* gana batyryp, gapyňyzyň ýokarsyna we ikiýan söýesine çalyň. Irdene çenli hiç kim öýünden çykmasyn.
23 Ýehowa müsürlilere jeza berende, gapyňyzyň ýokarsyna we ikiýan söýesine çalnan gany görer. Şonda Ýehowa siziň gapyňyzdan sowlup geçer, ölüm belasy içeriňize girmez+.
24 Şol wakany elmydama ýatda saklap, özüňizem, ogullaryňyzam baýram edip belläň+.
25 Baýramçylygy Ýehowanyň wada beren ýurduna baranyňyzda-da belläň+.
26 Ogullaryňyz: „Baýramçylyk nämäniň şanyna bellenýär?“+ diýip sorasa,
27 „Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny berýäris. Ol müsürlilere jeza berende, ysraýyllaryň öýünden sowlup geçip, bizi diri galdyrdy“ diýiň».
Şonda ysraýyllar ýüzlerini ýere berip, tagzym etdiler.
28 Olar gidip, Ýehowanyň Musa bilen Haruna tabşyran zatlaryny ýerine ýetirdiler+. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdiler.
29 Ýarygije Ýehowa tagtda oturan faraondan başlap, zyndanda ýatan tussaga* çenli ähli müsürlileriň uly ogullaryny öldürdi+. Mal-garalaryň ilkinji doglanyny hem heläk etdi+.
30 Faraon, hyzmatkärleri, hemme müsürliler gije turup, dady-perýat edip başladylar. Sebäbi Müsürde adam ölmedik hojalyk galmady+.
31 Faraon gijäniň içinde Musa bilen Haruny getirdip+: «Baryň, halkymyň arasyndan ýok boluň! Ysraýyllaryň baryny alyň-da, gümüňizi çekiň! Aýdyşyňyz ýaly, gidip, Ýehowa sežde ediň+.
32 Öz diýşiňiz ýaly, malyňyzy hem äkidiň+. Ýöne Hudaýa meniň üçinem dileg ediň» diýdi.
33 Müsürliler: «Bu gidişine gitse, barymyz gyrlarys!»+ diýişdiler. Olar ysraýyllary çaltrak+ ýurtdan çykarjak bolup, gyssap başladylar.
34 Ysraýyllar hamyrmaýasyz hamyrlaryny jamy bilen geýimlerine dolap, eginlerinde göterip gitdiler.
35 Olar Musanyň aýdyşy ýaly, müsürlilerden altyn-kümüş we egin-eşik soradylar+.
36 Ýehowa bolsa müsürlileri ysraýyllara hormat goýar ýaly etdi. Olar ysraýyllaryň ähli soran zadyny berdiler. Şeýlelikde, olar müsürlileri talap gaýtdylar+.
37 Ysraýyllar Ramsesden+ Sukota+ ýola düşdüler. Çagalary* hasaplamasaň, 600 000-e golaý adam* bardy+.
38 Ysraýyllaryň ýany bilen başga-da birgiden adam*+ gaýtdy. Halkyň ep-esli sürüsi, birtopar maly bardy.
39 Ýolda barýarkalar, Müsürden alyp gaýdan hamyrmaýasyz hamyrlaryndan petir bişirdiler. Sebäbi Müsürden howlukmaç gaýdyp+, hiç zat bişirip ýetişmändiler.
40 Ysraýyllar 430 ýyllap+ ýat ýurtlarda we Müsürde sergezdan bolup ýaşadylar+.
41 Ýehowanyň ummasyz halky 430-njy ýylyň ahyrynda, hut şol gün Müsürden çykdy.
42 Olar Ýehowanyň Müsürden çykaran gününi gije baýram edip bellemelidiler. Tutuş ysraýyl halky şol gijäni ýatlap, Ýehowanyň şanyna nesilden-nesle baýram etmelidi+.
43 Ýehowa Musa bilen Haruna: «Pasha bilen bagly şeýle kanun berýärin: hiç bir gelmişek gurbanlykdan iýmesin+.
44 Emma başga halkdan satyn alan guluňyz bar bolsa, sünnetläň+. Diňe şonda ol gurbanlykdan iýip biler.
45 Gelmişekleriň we hakyna tutulan işçileriň hiç biri ondan iýmeli däldir.
46 Gurbanlygy bir jaýda oturyp iýiň, etiniň ýekeje bölegini-de daşaryk çykarmaň. Gurbanlyk guzusynyň bir süňküni hem döwmäň+.
47 Baýramçylygy tutuş ysraýyl halky bellesin.
48 Araňyzda ýaşaýan gelmişek Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny bellemek islese, öýündäki ähli erkekler sünnetlensin. Şonda ol baýramçylygy belläp biler we ysraýyllar ýaly hasaplanar. Ýöne sünnetlenmedik adam gurbanlykdan iýmeli däldir+.
49 Ýerli halk üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişek üçinem bir kanun bolsun»+ diýdi.
50 Ysraýyllar Ýehowanyň Musa bilen Haruna tabşyran zatlaryny ýerine ýetirdiler. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdiler.
51 Şol gün Ýehowa ysraýyllary topar-topar edip Müsürden çykardy.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Gün ýaşansoň; agşamara.
^ Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
^ Ýa-da: içgoşy.
^ Ýa-da: öldürilsin.
^ Sözme-söz: goşunlaryňyzy.
^ Ýa-da: ýesire.
^ Sözme-söz: pyýada adam. Söweşe ukyply erkekler göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Aýallar hem göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Ýagny müsürliler we başga milletliler.