Ikinji Korinfliler 4:1—18

  • Hoş habaryň nury (1—6)

    • Imansyzlaryň aň⁠-⁠düşünjesi küteldilendir (4)

  • Toprakdan ýasalan gaplardaky hazyna (7—18)

4  Hudaýyň bize rehim edip, şeýle gullugy ynanandygy üçin elimizi gowşatmaýarys. 2  Ýöne biz gizlinlikde edilýän utanç-haýasyz işlere baş goşmaýarys, mekirlik etmeýäris. Hudaýyň sözüni ýoýman, hakykaty öwredýäris+. Hudaýyň öňünde ähli adamlaryň ynsabyny göz öňünde tutup, görelde görkezýäris+. 3  Biziň wagyz edýän hoş habarymyz diňe heläk boljak adamlar üçin mata bilen ýapylandyr. 4  Sebäbi şu dünýäniň* taňrysy+ iman etmeýän adamlaryň aň-düşünjesini küteldendir+. Ol Hudaýyň keşbinde ýaradylan Mesih+ hakdaky ajaýyp hoş habaryň nur saçmagyny islemeýär+. 5  Biz wagyzda özümiz hakda däl-de, Isa Mesihiň Halypamyzdygy hakda gürrüň berýäris. Şeýle-de Isanyň hatyrasy üçin size hyzmat edýändigimizi aýdýarys. 6  Sebäbi: «Garaňkylykda nur saçsyn»+ diýen Hudaý ýüreklerimizi ýagtylandyryp+, Mesih* arkaly Özi hakdaky ajaýyp bilim bilen şöhratlandy. 7  Biz toprakdan ýaradylsak-da+, gymmatly hazyna ynanyldy+, şonuň üçin gullugymyzy öz güýjümiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen ýerine ýetirýäris.+ 8  Bizi her tarapdan gysyp-gowursalar-da, güýçden gaçmadyk. Biz aljyraňňy ýagdaýa düşsek-de, çykalgasyz ýagdaýda* däldiris+. 9  Biz yzarlansak-da, ýeke galmadyk+. Bizi urup-ýençseler-de, heläk bolmadyk+. 10  Isanyň ýaşaýşy durmuşymyzda görner ýaly, Isa ýaly hemişe görgi görüp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys+. 11  Biz ýaşasak-da, Isanyň hatyrasy üçin janymyzy howp astyna salýarys+. Adamlar hem biziň Isa ýaly görgi görýändigimizi görýärler. 12  Sizi ýaşaýşa gowşurmak üçin, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. 13  «Men iman bilen gepledim»+ diýip ýazylyşy ýaly, biz hem siziň imanyňyz üçin iman* bilen gepleýäris. 14  Isany direlden Hudaýyň bizi-de direldip, ählimizi Isanyň ýanyna eltjekdigini bilýäris+. 15  Ähli zat siziň üçin edilýär. Adamlar Hudaýa alkyş* aýdyp, şöhratlandyrar ýaly, Hudaý olara köp ýagşylyk edýär+. 16  Şeýlelikde, beden garrasa-da, içki dünýämiz günsaýyn täzelenýär, şonuň üçin ruhdan düşmeýäris. 17  Biziň häzirki görýän kynçylyklarymyz wagtlaýyn hem ýeňildir, ýöne şolar arkaly deňsiz-taýsyz we ebedi şöhrata ýeteris+. 18  Biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara seredýäris+, sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.

Çykgytlar

Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Mesihiň ýüzi.
Başga manysy: taşlanan; ýeke galan.
Sözme-söz: ruhy iman.
Ýa-da: minnetdarlyk.