Ikinji Korinfliler 3:1—18
3 Biz özümizi täzeden tanyşdyrmalymy? Ýa-da biziň kimdigimizi görkezýän hat gerekmi? Käbir adamlaryň edişi ýaly hat ýazyp berelimi?
2 Aslynda, siz biziň hatymyz+. Siz biziň ýüregimizde, islendik adam şol haty okap biler.
3 Siziň Mesihden gelen hatdygyňyz görnüp dur. Şu haty biz, Hudaýyň gullukçylary ýazdy+. Hat syýa bilen daşyň ýüzüne däl-de+, Biribaryň ruhy bilen ýüreklere ýazylandyr+.
4 Biz Mesih arkaly Hudaýyň öňünde munuň şeýledigine ynanýarys.
5 Hudaý ukyp bermese, tabşyran işini öz güýjümiz bilen ýerine ýetirip bilmeris+.
6 Hawa, Hudaý bize ukyp berýär. Ol el bilen ýazylan kanun arkaly däl-de+, mukaddes ruhuň, ýagny täze ähtiň+ üsti bilen görkezme berýär. Sebäbi el bilen ýazylan kanun ölüme höküm edýär+, Hudaýyň ruhy bolsa ýaşaýyş berýär+.
7 Ölüme höküm edýän we daşyň ýüzüne ýazylan kanun+ şeýle şöhrat bilen geldi welin, Ysraýyl ogullary Musanyň nurly ýüzüne seredip bilmediler+. Eger güýji gaçan kanun şeýle şöhrat bilen berlen bolsa,
8 onda mukaddes ruh+ has-da şöhratly berilmezmi?+
9 Adamlary ölüme höküm edýän kanun+ şöhratly bolsa+, onda adamlary dogruçyl edýän işimiz has-da şöhratlydyr+.
10 Täze ähtiň şöhraty şeýle parlap dur welin, kanunyň şöhraty ýitip gitdi+.
11 Eger güýji gaçan kanun şeýle şöhratly bolsa+, onda täze äht has köp şöhrata eýe bolýandyr+.
12 Bize şeýle umyt berlensoň+ batyrgaý gepleýäris*.
13 Ysraýyl ogullary wagtlaýyn şöhrata seredip bilmändikleri üçin, Musa mata bilen ýüzüni ýapdy+. Emma biz ýüzümizi ýapmaýarys.
14 Aslynda, Ysraýyl ogullarynyň aň-düşünjesi ýapykdy+, sebäbi köne äht okalanda, mata aýrylmaýar+, ol diňe Mesih arkaly aýrylýandyr+.
15 Hawa, şu günlerem Musanyň sözleri okalanda+, olaryň ýüreklerine mata ýapylandyr+.
16 Emma kim Ýehowa* dolansa, şol mata aýrylýandyr+.
17 Ýehowa* ruhdur+. Ýehowanyň* mukaddes ruhuny alan adam azatdyr+.
18 Biz ýüzümizi mata bilen ýapman, gaýtam Ýehowanyň* şöhratyny aýna kimin görkezýäris. Şeýtmek bilen, biz gitdigiçe Hudaýyň keşbine görä üýtgäp, şöhratyny has-da aýdyň görkezýäris. Muny Ruh bolan* Ýehowa* isleýär+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: mukaddes ruh arkaly.