Ikinji Korinfliler 12:1—21

  • Pawlusyň gören görnüşleri (1—7a)

  • Pawlusyň «bedenindäki tiken» (7b—10)

  • Pawlus atly⁠-⁠abraýly resullardan pes däl (11—13)

  • Pawlus korinflileri alada edýär (14—21)

12  Men öwünmäge mejbur bolýaryn, ýöne munuň peýdasy ýok. Size Halypamyzdan alan görnüşlerim*+ we ylhamlarym+ hakda aýtmak isleýärin. 2  Men Mesihiň şägirdi bolan bir adamy tanaýaryn. Ol 14 ýyl mundan ozal üçünji göge äkidilipdi. Ýöne onuň bedendemi ýa-da bedende däldigini bilmeýärin, muny Hudaý bilýär. 3  Hawa, men ony tanaýaryn. Ýöne onuň bedendemi ýa-da bedende däldigini bilmeýärin, muny Hudaý bilýär. 4  Ol Jennete äkidildi we ol ýerde adamyň aýdyp bilmeýän, aýtmaga rugsat berilmeýän sözlerini eşitdi. 5  Men ol adam hakda öwnerin, ýöne öz ejizligimden başga zada öwünmerin. 6  Men öwünsem-de, akylsyz adam ýaly bolmaryn, sebäbi hakykaty aýdaryn. Ýöne men öwünmerin, şonda meni görenler we diňlänler men hakda artykmaç zat aýdyp bilmezler. 7  Sebäbi maňa gudrat bilen ylham gelipdi. Özümi ýokary tutmaz ýaly, bedenimde tiken bar+. Hawa, ulumsy bolmaz ýaly, maňa azar berýän* Şeýtanyň perişdesi bar. 8  Hudaýa üç gezek ýalbaryp, tikeni aýyrmagy haýyş etdim. 9  Hudaý bolsa: «Saňa eden ýagşylygym ýeterlikdir, sebäbi ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm has gowy görünýär»+ diýdi. Mundan beýläk-de Mesihiň güýji çadyr kimin üstümi ýapar ýaly, ejizliklerime has-da öwnerin. 10  Men öz ejizliklerime, Mesih üçin kemsidenlerinde, mätäç bolanymda, yzarlanlarynda we kynçylyga uçranymda begenerin. Sebäbi ejiz wagtym güýçlüdirin+. 11  Men siz sebäpli akylsyz adam ýaly boldum. Sebäbi siz ýagşy işlerim hakda gürrüň bermediňiz. Men siziň üçin hiç kim bolsam-da, atly-abraýly hasaplaýan resullaryňyzdan kem däldirin+. 12  Men ençeme kynçylyklara çydap+, köp alamatlary, gudratlary görkezdim we uly işleri edip+, resuldygymy subut etdim. 13  Siz başga ýygnaklardan pes görülýärsiňizmi? Belki, size ýük bolmandygym üçin şeýle pikir edýänsiňiz?+ Onda meni ýürekden bagyşlaň. 14  Men indi siziň ýanyňyza üçünji gezek barjak bolýaryn, ýöne size ýük bolmaryn. Sebäbi maňa siziň zadyňyz däl-de+, özüňiz gerek. Aslynda, çagalar+ ene-atasyna däl-de, ene-atalar çagalaryna miras galdyrýar. 15  Men siziň üçin hiç zadymy gaýgyrmaryn, hatda janymdan geçmäge-de taýyndyryn+. Men sizi çyn ýürekden söýýän bolsam, onda siz hem meni söýmeli dälmi? 16  Nähili bolaýanda-da, men size ýük bolmadym+. Siz bolsa men hakda: «Mekir adam, bizi aldady» diýip gürrüň edipsiňiz. 17  Men siziň ýanyňyza adamlary iberip zat aldymmy? 18  Men Titusdan siziň ýanyňyza gitmegi haýyş etdim, onuň bilen bir dogany-da iberdim. Şonda Titus sizden peýdalandymy?+ Biz agzybir bolmadykmy? Şol bir ýoldan ýöremedikmi? 19  Siz şu çaka çenli özümizi aklaýandyrys öýdýärsiňizmi? Biz Mesihiň şägirtleri, Hudaý biziň hakykaty aýdýandygymyzy bilýär. Eziz doganlarym, ähli zady sizi ruhlandyrmak üçin edýäris. 20  Sebäbi men baranymda, siz meniň isleýşim ýaly bolmarsyňyz, men hem siziň garaşyşyňyz ýaly bolmaryn öýdýärin. Siziň araňyzda dawa-jenjeliň, göripligiň, gahar-gazabyň, agzalalygyň, töhmetiň, gep-gybatyň, ulumsylygyň we tertipsizligiň bardygyny görerin öýdüp gorkýaryn. 21  Ýanyňyza baranymda, eden günälerine, ahlaksyzlygyna*, haram we haýasyz* işlerine toba etmeýänleri görüp, hasrat çekmeli bolaryn öýdýärin. Şonda Hudaýyň öňünde utanja galaryn öýdüp gorkýaryn.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şarpyk çalýan.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.