Ikinji Patyşalar 9:1—37

  • Ýehuw Ysraýyla patyşa bellenýär (1—13)

  • Ýehuw Ýehoramy we Ahazýany öldürýär (14—29)

  • Itlere şam bolan Izabel (30—37)

9  Soňra Alyşa bir pygamberi* çagyryp: «Biliňi berk guşap, eliňe ýagly gaby al⁠-⁠da, haýal etmän Ramot⁠-⁠gileada+ git. 2  Baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehuwy+ tap. Ol ýoldaşlary bilen oturandyr. Ýehuwy öýe salyp, 3  başyna ýag guý⁠-⁠da: „Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa belleýärin“+ diý. Soňam gapyny aç⁠-⁠da, yzyňa garaman gaç» diýdi. 4  Alyşanyň hyzmatkäri Ramot⁠-⁠gileada ýola düşdi. 5  Hyzmatkär baranda, goşun serkerdeleri üýşüp oturan eken. Şonda ol: «Eý serkerdäm, saňa aýtmaly zadym bar!» diýdi. Ýehuw: «Haýsymyza?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Saňa, serkerdäm!» diýdi. 6  Ýehuw turup, öýe girdi. Hyzmatkär Ýehuwyň başyna ýag guýup: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ýehowanyň halky ysraýyla patyşa belleýärin+. 7  Hojaýynyň Ahabyň tutuş maşgalasyny ýok et. Men Izabeliň elinden ölen pygamberlerimiň, Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň gany üçin ar alaryn+. 8  Ahabyň tutuş maşgalasyny gyraryn, ähli erkek göbeklisini, hatda ejiz we gowşak adamlaryny hem Ysraýyldan ýok ederin+. 9  Nebatyň ogly Ýerobgamyň+ we Ahyýaryň ogly Başanyň maşgalasyny ýok edişim ýaly, Ahabyň maşgalasyny hem bütinleý ýok ederin+. 10  Izabeli bolsa Ýizregelde bir meýdançada itler iýer+, ony hiç kim jaýlamaz“» diýdi. Soňra hyzmatkär gapyny açdy⁠-⁠da, gaçyp gitdi+. 11  Ýehuw daşaryk çykyp, serkerde ýoldaşlarynyň ýanyna bardy. Olar: «Eýgilikmi? Ol aňkasy aşan* näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehuw: «Aý, oňa özüňiz beletsiňiz⁠-⁠le, näme gepi bolar öýdýäňiz» diýdi. 12  Emma olar: «Beýdip durma⁠-⁠da, göniňden gel!» diýdiler. Ýehuw: «Ol maňa pylan⁠-⁠pylan diýdi. Soňam Ýehowanyň meni Ysraýyla patyşa belländigini aýtdy»+ diýdi. 13  Olar dessine donlaryny çykaryp, basgançaga, Ýehuwyň aýagynyň aşagyna düşediler⁠-⁠de+, surnaý* çalyp: «Ýehuw patyşa boldy!»+ diýip gygyrdylar. 14  Şondan soň Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehuw+ Ýehorama garşy dildüwşük gurady. Ýehoram patyşa Ysraýyl goşuny bilen Ramot⁠-⁠gileadda+ halky Siriýa patyşasy Hazaýylyň+ hüjüminden gorapdy. 15  Emma Ýehoram Ýizregele+ dolandy, ol Siriýa patyşasy Hazaýyl+ bilen söweşde alan ýaralaryny bejertmäge gaýdypdy. Ýehuw ýanyndakylara: «Meniň tarapymda bolsaňyz, şäherden ýekeje adamy hem çykaraýmaň. Ýizregele hiç hili habar ýetmesin» diýdi. 16  Soňra Ýehuw arabasyna münüp, Ýizregele gitdi. Sebäbi Ýehoram söweşde ýaralanyp, Ýizregele barypdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýehoramyň hal⁠-⁠ýagdaýyny soramaga gelipdi. 17  Ýizregelde diňde duran garawul Ýehuwyň birgiden adam bilen gelýänini görüp: «Birgiden adam gelýär!» diýip gygyrdy. Ýehoram: «Bir çapar iberiň. „Eýgilikmi?“ diýip sorasyn» diýdi. 18  Çapar gidip, olaryň öňünden çykdy⁠-⁠da: «Patyşa: „Eýgilikmi?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehuw: «Eýgilik näme işlesin? Geç yzyma!» diýdi. Garawul: «Çapar olaryň ýanyna bardy welin, yzyna gaýdanok» diýip habar berdi. 19  Şonda Ýehoram ýene bir çapar ýollady. Ol baryp: «Patyşa: „Eýgilikmi?“ diýip soraýar» diýdi. Emma Ýehuw: «Eýgilik näme işlesin? Geç yzyma!» diýdi. 20  Soňra garawul: «Çapar olaryň ýanyna bardy welin, yzyna gaýdanok. Olaryň serkerdesiniň araba sürşi Nimşiniň agtygy* Ýehuwa meňzeýär, guduzlan ýaly sürüp gelýär» diýip habar berdi. 21  Şonda Ýehoram: «Hany, arabamy taýynlaň!» diýdi. Olar hem söweş arabasyny taýynlap berdiler. Ysraýyl patyşasy Ýehoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa+ hersi öz söweş arabasyna münüp, Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabotyň melleginde+ Ýehuw bilen gabatlaşdylar. 22  Ýehoram Ýehuwdan: «Eýgilikmi, Ýehuw?» diýip sorady. Ol hem: «Ejeň Izabel+ bihaýalyk*, jadygöýlik edip ýörkä+, eýgilik näme işlesin?!» diýdi. 23  Ýehoram şol bada arabasyny yzyna öwrüp: «Ahazýa, duzaga düşdük!» diýip gygyrdy⁠-⁠da, gaçmak bilen boldy. 24  Ýehuw bolsa ýaýyny alyp, Ýehoramyň arkasyndan atdy. Peýkam Ýehoramyň ýüreginden geçdi, ol söweş arabasynda jan berdi. 25  Ýehuw nökeri Bedkere: «Bar, ony ýizregelli Nabotyň mellegine taşla+. Ýadyňa düşýän bolsa, ikimiz arabaly kakasy Ahabyň yzyna düşüp barýarkak, Ýehowa hökümini yglan edip+: 26  „Ýehowa şeýle diýýär: „Düýn Nabotyň we ogullarynyň ganyny gördüm+. — Ýehowa yglan edýär — indi şol mellekde senden ar alaryn“+ diýipdi. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ony mellege taşla»+ diýdi. 27  Ýahuda patyşasy Ahazýa+ muny görüp, baglygyň* içi bilen gaçyp gitdi. Biraz wagtdan Ýehuw: «Ony hem öldüriň!» diýip, yzyndan kowalady. Ahazýa söweş arabasynda Iblegamyň+ golaýyndaky Gura tarap barýarka, esgerler ony ýaraladylar. Emma ol gaçyp, Megiddoda öldi. 28  Hyzmatkärleri jesedini arabada Iýerusalime äkidip, Dawudyň şäherinde+, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda, öz mazarynda jaýladylar. 29  Ahazýa+ Ahabyň ogly Ýehoramyň hökümdarlygynyň 11⁠-⁠nji ýylynda Ýahudanyň patyşasy bolupdy. 30  Soňra Ýehuw Ýizregele+ bardy. Muny eşiden Izabel+ gözüne sürme çalyp*, saçyna timar berdi⁠-⁠de, penjireden seretdi. 31  Ýehuw derwezeden giren badyna, Izabel: «Hökümdaryny öldüren Zimriniň ýagdaýlary neneň?»+ diýip sorady. 32  Ýehuw ýokaryk seredip: «Kim meniň tarapymda?»+ diýip gygyrdy. Şonda köşk emeldarlarynyň iki⁠-⁠üç sanysy penjireden seretdi. 33  Ýehuw: «Izabeli aşak zyňyň!» diýdi. Olar Izabeli aşak zyňdylar. Izabeliň gany diwara we atlara syçrap gitdi. Ýehuw bolsa arabasy bilen üstünden sürüp geçdi. 34  Soňra ol içerik girip, iýip içdi⁠-⁠de: «Baryň, ol nälet siňen heleýi äkidip jaýlaň. Her niçik⁠-⁠de bolsa, ol şa gyzy»+ diýdi. 35  Izabeli jaýlajak bolup, jesedini almaga barsalar, kelleçanagy bilen el⁠-⁠aýagyndan başga zat galmandyr+. 36  Olar gelip, muny Ýehuwa habar berdiler. Şonda ol: «Ýehowanyň guly tişbeli Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolupdyr⁠-⁠da!+ Ol: „Izabeli Ýizregeldäki bir meýdançada itler iýer+. 37  Jesedi Ýizregeliň ekin meýdanlaryna dökün bolar. Hiç kim onuň Izabeldigini hem tanamaz“ diýipdi» diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: pygamber ogluny.
Ýa⁠-⁠da: kemakyl.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: ogly.
Ahlaksyzlyk we butparazlyk göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: bag öýüniň.
Ýa⁠-⁠da: gözüni boýap.