Ikinji Şamuwel 8:1—18

  • Dawudyň gazanan ýeňişleri (1—14)

  • Dawudyň emeldarlary (15—18)

8  Birnäçe wagtdan Dawut piliştliler bilen söweşdi+, olary boýun egdirip+, Metek⁠-⁠gammany basyp aldy. 2  Ol mowaplary hem derbi⁠-⁠dagyn etdi+. Dawut olary ýerde ýatyrdy⁠-⁠da, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, üçden iki bölegini öldürtdi, galanyny bolsa diri galdyrdy+. Mowaplar Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar+. 3  Soba+ patyşasy Rehop ogly Hadatgezer Ýewfrat derýasynyň+ aňyrsynda hökümdarlygyny dikeltmäge barýarka, Dawut oňa hüjüm etdi. 4  Ol Hadatgezeriň 1 700 atlysyny, 20 000 pyýada esgerini ýesir aldy. Araba goşulýan atlaryň+ 100 sanysyndan galanyny maýyp etdi. 5  Damaskda ýaşaýan siriýalylar+ Soba patyşasy Hadatgezere kömege geldi. Emma Dawut olaryň hem 22 000 esgerini gyrdy+. 6  Ol Siriýanyň Damask şäherinde goşun bölümlerini goýdy. Siriýalylar hem Dawuda gul bolup, salgyt töläp başlady. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+. 7  Ol Hadatgezeriň hyzmatkärlerinden tegelek altyn galkanlary alyp, Iýerusalime getirdi+. 8  Dawut patyşa Hadatgezeriň golastyndaky Betah* we Berotaý şäherlerinden ummasyz köp mis aldy. 9  Hamat+ patyşasy Tohyt* Dawut patyşanyň Hadatgezeriň goşunyny derbi⁠-⁠dagyn edenini eşitdi+. 10  Tohyt Dawudyň hal⁠-⁠ýagdaýyny soramak we Hadatgezeriň üstünden gazanan ýeňşi bilen gutlamak üçin ogly Ýoramy iberdi. Sebäbi Hadatgezer Tohyt bilen häli⁠-⁠şindi söweşerdi. Ýoram Dawuda kümüşden, altyndan we misden ýasalan sowgatlary äkitdi. 11  Dawut bolsa olary Ýehowa bagyş etdi*. Ol boýun egdiren milletlerinden alan altyn⁠-⁠kümüşlerini+, ýagny 12  siriýalylardan, mowaplardan+, ammonlardan, piliştlilerden+, amaleklerden+ we Soba patyşasy Rehop ogly Hadatgezerden alan zatlaryny+ Hudaýa bagyş etdi. 13  Duz jülgesinde 18 000 edomlyny gyransoň+, Dawudyň abraýy has⁠-⁠da artdy. 14  Ol Edomda we onuň ähli ýerinde goşun bölümini goýdy. Ähli edomlylar Dawudyň guly boldy+. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+. 15  Dawut tutuş Ysraýyly dolandyrýardy+. Ol halkyň+ üstünden adalatly we dogruçyl höküm sürýärdi+. 16  Seruýanyň ogly Ýowap+ goşunbaşydy, Ahylutyň ogly Ýehoşapat+ bolsa mürzedi*. 17  Ahytubyň ogly Sadyk+ bilen Abyýataryň ogly Agamälik ruhanydy, Seraýa kätipdi. 18  Ýehoýadanyň ogly Binaýa+ keretler bilen peletleriň*+ baştutanydy, Dawudyň ogullary hem serkerde* boldy.

Çykgytlar

1Tr 18:8⁠-⁠de Tibhat.
1Tr 18:9, 10⁠-⁠da Tohut.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes etdi.
Ýa⁠-⁠da: patyşanyň ýazgylaryny ýöredýän emeldardy.
Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: ruhany.