Ikinji Şamuwel 5:1—25
5 Birnäçe wagtdan ysraýylyň ähli taýpalary Hebrona+, Dawudyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Biz seniň bilen ganybir dogan*+.
2 Üstümizden Şawul höküm sürýärkä-de, Ysraýyly söweşe sen alyp çykardyň+. Ýehowa saňa: „Ysraýyl halkyma çopançylyk edersiň, Ysraýyla baştutan bolarsyň“+ diýipdi».
3 Ähli ysraýyl ýaşululary Hebrona, Dawudyň ýanyna gelipdi. Dawut olar bilen Hebronda Ýehowanyň huzurynda äht baglaşdy+. Soňra olar Dawudy Ysraýyla patyşa bellediler+.
4 Dawut patyşa bolanda 30 ýaşyndady. Ol 40 ýyl hökümdarlyk etdi+.
5 Ol Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýarym ýyl, Iýerusalimde+ tutuş Ysraýylyň we Ýahudanyň üstünden 33 ýyl höküm sürdi.
6 Patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslara garşy söweşe çykdy. Ýabuslar+ Dawuda: «Şäheri hiç haçan basyp almarsyň! Seni hatda körler bilen agsaklarymyz hem kowup çykarar» diýip, üstünden güldüler. Olar: «Dawut hiç haçan şäheri eýeläp bilmez» diýip pikir edýärdiler+.
7 Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Häzir oňa Dawudyň şäheri+ diýilýär.
8 Şol gün ol: «Ýabuslaryň üstüne çozjak adamlar kärizden* geçsin-de, „agsaklary we körleri“ gyrsyn, olar Dawut üçin ýigrenjidir» diýdi. Şonuň üçin il arasynda: «Körler we agsaklar hiç haçan öýe girmez» diýilýär.
9 Dawut Sion galasynda ýaşap başlady, oňa Dawudyň şäheri diýilýär*. Dawut Millondan*+ şäher merkezine çenli diwarlary we binalary gurduryp başlady+.
10 Dawut barha güýçlenýärdi+, Serkerdebaşy Ýehowa ony goldaýardy+.
11 Tir patyşasy Huram+ Dawudyň ýanyna wekillerini ýollap, diwar gurmak üçin kedr agaçlaryny+, agaç ussalary we daş ýonujylary iberdi. Olar Dawuda köşk salyp başladylar+.
12 Dawut Ýehowanyň öz halkynyň hatyrasyna+ Ysraýylyň üstünden patyşalygyny berkidendigine+ we beýgeldendigine+ göz ýetirdi.
13 Dawut Hebrondan Iýerusalime gelip, birnäçe aýal we gyrnak+ aldy. Olardan ençeme ogul-gyzy boldy+.
14 Dawudyň Iýerusalimde doglan ogullary şulardyr: Şamuw, Şobap, Natan+, Süleýman+,
15 Ybhar, Alyşuw, Nepek, Ýapa,
16 Alyşam, Alyýat hem-de Alypelet.
17 Dawudyň Ysraýyla patyşa bolanyny+ eşidip, piliştliler ony öldürjek boldular+. Dawut muny bilip, bir howpsuz ýere gitdi+.
18 Piliştliler gelip, Refaýim jülgesinde+ düşelge gurdular.
19 Dawut Ýehowadan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady+. Ýehowa-da: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+.
20 Şonda Dawut Bagal-perazime baryp, piliştlileri derbi-dagyn etdi. Ol: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, Ýehowa-da duşmanlarymy öňümde derbi-dagyn etdi»+ diýip, şol ýeriň adyna Bagal-perazim*+ goýdy.
21 Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawut bilen adamlary olary ýygnap, ýok etdiler.
22 Biraz wagtdan piliştliler ýene-de Refaýim jülgesinde+ düşelge gurdular.
23 Dawut Ýehowa ýüz tutdy. Şonda Hudaý: «Piliştlileriň öňünden däl-de, arka tarapyndan aýlanyp, agaçlaryň* öňünden hüjüm et.
24 Agaçlaryň üstünden aýak sesine meňzeş şygyrdy eşideniňde, haýal etmän hüjüme geç. Ýehowa Pilişt goşunyny derbi-dagyn etmek üçin öňüňden ýörär» diýdi.
25 Dawut ähli zady Ýehowanyň tabşyryşy ýaly edip, piliştlileri Gebadan+ Gezere+ çenli gyrdy+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: öz süýegiňden we teniňden.
^ Ýagny ýerasty suwlardan peýdalanmak üçin gazylan guýular.
^ Başga manysy: Ol oňa Dawudyň şäheri diýip at goýdy.
^ Sözme-söz: baýyrdan. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
^ Manysy: Derbi-dagyn edýänleriň Hojaýyny.
^ Sözme-söz: baka agaçlarynyň. Nähili agaçdygy anyk belli däl.