Ikinji Şamuwel 18:1—33

  • Abselimiň ýeňlişi we ölümi (1—18)

  • Dawut Abselimiň ölenini bilýär (19—33)

18  Dawut esgerlerini sanap, ýüzbaşylary we müňbaşylary belledi+. 2  Ol esgerlerini üç topara bölüp, birinji topara Seruýanyň+ ogly Ýowaby+, ikinjisine dogany Abyşaýy+, üçünjisine bolsa getli Yttaýy+ ýolbaşçy edip goýdy. Patyşa: «Menem siz bilen söweşe gitjek» diýdi. 3  Emma olar: «Ýok, sen gal+, biz ýeňlip gaçsagam, deň ýarymyz gyrylsagam, duşmanyň biz bilen işi bolmaz, olara sen gerek. Sen 10 000 esgeriň ornuny tutýaň+. Gowusy, şäherde galyp, bize gerekli kömegi berip dur» diýdiler. 4  Dawut: «Goý, siziň diýeniňiz bolsun» diýdi. Esgerler ýüz⁠-⁠ýüzden, müň⁠-⁠müňden çykyp başlady. Patyşa şäher derwezesiniň ýanynda durdy. 5  Ol Ýowaba, Abyşaýa we Yttaýa: «Meniň hatyram üçin, oglum Abselime degmäň»+ diýip tabşyrdy. Patyşanyň serkerdelere Abselim hakda beren buýrugyny hemmeler eşitdi. 6  Esgerler ysraýyllara garşy söweşe çykdy. Uruş Efraýym tokaýynda+ boldy. 7  Dawudyň esgerleri ysraýyllary+ derbi⁠-⁠dagyn etdiler+. Şol gün uly gyrgynçylyk bolup, 20 000 adam öldi. 8  Söweş güýjäp, daş⁠-⁠töwerege ýaýrady. Şol gün tokaýda ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden hem köp boldy. 9  Abselim gatyrly gaçyp barýarka, Dawudyň esgerlerine duşdy. Gatyr gür şahaly uly agajyň aşagyndan geçende, Abselimiň saçy şahalara ilişip, agaçdan asylyp galdy, gatyry bolsa gaçyp gitdi. 10  Biri muny görüp: «Abselim bir uly agaçdan sallanyp dur» diýip, Ýowaba+ habar berdi. 11  Ýowap oňa: «Gören bolsaň, näme üçin öldürmediň? Saňa on kümüş teňňe bilen bir guşak serpaý bererdim» diýdi. 12  Emma ol: «Maňa 1 000 kümüş teňňe berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym. Şa hezretleri saňa, Abyşaýa hem Yttaýa: „Abselime degmäň“+ diýip buýruk berdi ahyryn. 13  Patyşanyň tabşyrygyny bozup, ogluny öldüren bolsam, ol muny iru⁠-⁠giç bilerdi. Sen bolsa meni patyşanyň gazabyndan halas etmezdiň» diýdi. 14  Ýowap: «Aý, beýdip seniň bilen gepleşip durmaga wagtym ýok!» diýdi⁠-⁠de, üç peýkam* alyp, uly agaçdan sallanyp duran Abselimiň ýanyna bardy. Ýowap peýkamlary heniz jany çykmadyk Abselimiň ýüreginden geçirdi. 15  Soňra Ýowabyň ýarag göterýän on nökeri gelip, Abselimi tä ölýänçä urdular+. 16  Ýowap surnaý* çalyp, söweşi saklady. Dawudyň esgerleri ysraýyllary kowalamagy bes etdiler. 17  Olar Abselimiň jesedini tokaýdaky uly çukura taşlap, üstüne daş üýşürdiler+. Ysraýyllar bolsa öýlerine gaçyp gitdiler. 18  Abselim dirikä: «Adymy ýöretjek oglum ýok»+ diýip, Şa jülgesinde+ bir sütün goýduryp, öz adyny dakypdy. Şoňa henizem Abselimiň ýadygärligi diýilýär. 19  Sadygyň ogly Ahymagas+ Ýowaba: «Rugsat berseň, gidip, patyşa buşlaýyn. Ýehowa ony duşmanlaryndan halas edip, adalaty dikeltdi»+ diýdi. 20  Emma Ýowap: «Ýok, sen habar berme, bu gün patyşanyň ogly öldi+. Sen başga bir gün habarçy bolarsyň» diýdi. 21  Ýowap kuşly bir adama+: «Bar, gören zatlaryňy patyşa aýt» diýdi. Ol Ýowaba tagzym edip, ylgap gitdi. 22  Sadygyň ogly Ahymagas ýene⁠-⁠de Ýowaba: «Näme bolsa, şo bolsun, menem kuşlynyň yzyndan galmaýyn» diýdi. Ýowap: «Oglum, yzyndan gidip näme etjek? Buşlara zadyňam⁠-⁠a ýok» diýdi. 23  Emma ol şonda⁠-⁠da: «Näme bolsa⁠-⁠da, meni goýber, gidäýin» diýip özelendi. Şonda Ýowap: «Bar, git!» diýdi. Ahymagas Iordan düzlüginden geçýän ýoldan ylgap, kuşly adamy ozup geçdi. 24  Dawut şäheriň iki derwezesiniň+ arasynda otyrdy. Garawul+ derwezäniň ýokarsyna çykyp, bir adamyň ylgap gelýänini gördi⁠-⁠de, 25  patyşa habar berdi. Patyşa: «Ýeke bolsa, habarçydyr» diýdi. Ýaňky adam golaýlap gelýärkä, 26  garawul ýene biriniň gelýänini gördi. Garawul derwezebana: «Seret, ýene biri gelýär!» diýip gygyrdy. Şonda patyşa: «Ol hem habarçydyr» diýdi. 27  Garawul: «Öňden gelýäniň ylgaýşy Sadygyň ogly Ahymagasa+ meňzeýär» diýdi. Şonda patyşa: «Ol gowy adam, gowy habaram getirer» diýdi. 28  Ahymagas ylgap gelşine: «Buşluk!» diýip gygyrdy. Ol ýüzüni ýere berip, tagzym etdi⁠-⁠de: «Hökümdarym, Ýehowa Hudaýa şöhrat bolsun! Ol duşmanlaryňy* boýun egdirdi»+ diýdi. 29  Patyşa: «Oglum Abselime hiç zat bolan däldir⁠-⁠ä?» diýip sorady. Ahymagas: «Ýowap meni bir hyzmatkäriňiz bilen iberdi, şonda bir galmagal⁠-⁠a bardy, ýöne näme bolanyny bilemok»+ diýip jogap berdi. 30  Patyşa oňa: «Hany, bir gyra çekil» diýdi. Ol gyra çekildi. 31  Soňra kuşly adam gelip+: «Şa hezretlerine habar getirdim. Bu gün Ýehowa sizi duşmanlaryňyzdan halas edip, adalaty dikeltdi»+ diýdi. 32  Patyşa: «Oglum Abselime hiç zat bolan däldir⁠-⁠ä?» diýip sorady. Kuşly adam: «Şa hezretleriniň duşmanlary, size garşy çykanlaryň ählisi şol ýigidiň gününe düşsün!»+ diýdi. 33  Muny eşidip, patyşanyň ýüregi gyýym⁠-⁠gyýym boldy. Ol derwezäniň üstündäki otaga çykdy⁠-⁠da, iki ýana ýöräp: «Wah, oglum Abselim, jan balam Abselim! Seniň ýeriňe men ölsem bolmaýarmy, oglum Abselim, jan oglum!»+ diýip aglady.

Çykgytlar

Başga manysy: kiçi naýza.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: saňa el galdyranlary.