Birinji Timoteos 1:1—20

  • Doganlyk salamy (1, 2)

  • Ýalan mugallymlary diňlemäň (3—11)

  • Pawlusa edilen ýagşylyk (12—16)

  • «Döwürleriň Patyşasy» (17)

  • «Gaýduwsyz söweş alyp baryň» (18—20)

1  Men Isa Mesihiň resuly Pawlus. Halasgär Hudaýymyzyň we umydymyz Isa Mesihiň adyndan+  iman ýolunda ýöreýän wepaly oglum+ Timoteosa*+ hat ýazýaryn. Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih saňa ýagşylyk* etsin, rehim edip, parahatlyk bersin!  Men Makedoniýa gitjek bolup ýörkäm, saňa Efesde galmagy haýyş edipdim. Men häzir hem ýalan taglymatlary öwredýän adamlara tabşyryk bermegiň üçin şol ýerde galmagyňy ündeýärin.  Olar ýalan rowaýatlara+ ynanyp, nesil yzarlap* ýörmesinler. Şeýle zatlar peýdasyzdyr+, Hudaýa imanyňy berkitmegiň deregine, biderek soraglary döredýändir.  Aslynda, şeýle tabşyryk* bermegimiň maksady: biri-biriňizi ak ýürekden söýmegiňizi+, päk ynsaply we hilesiz* imanly+ bolmagyňyzy isleýärin.  Käbirleri aýdanlarymy kabul etmän, biderek gürrüňlere baş goşdular+.  Olar Hudaýyň kanunynyň mugallymlary bolmak isleýärler+, ýöne ne aýdýanlaryna, ne-de ynamly öwredýän zatlaryna düşünýärler.  Töwrat dogry ulanylsa peýdalydyr.  Aslynda, kanun dogruçyl adamlar üçin däl-de, kanunsyzlar+, gozgalaňçylar, hudaýsyzlar, günäkärler, biwepalar, mukaddes zatlara dil ýetirýänler, ene-atasyny öldürýänler, ganhorlar, 10  ahlaksyzlar*, beçebazlar*, adam ogurlaýanlar, ýalançylar, ýalan şaýatlar* we sagdyn* taglymata+ garşy çykýanlar üçindir. 11  Şeýle zatlar bagtly Hudaýyň şöhratly hoş habaryna garşy gidýär. Hudaý muny wagyz etmegi maňa-da ynandy+. 12  Maňa güýç beren Halypamyz Isa Mesihe minnetdardyryn. Ol meni wepaly hasaplap, mukaddes işi tabşyrdy+. 13  Men öň Hudaýa dil ýetirýärdim, halkyny yzarlaýardym we gödek adamdym+. Emma maňa rehim edildi, sebäbi şeýle zatlary bilmän edipdim we imansyzdym. 14  Hudaý maňa köp ýagşylyk edip, iman berdi we Isa Mesihiň söýgüsine mynasyp gördi. 15  Aýdýanlarym hak we ynama mynasypdyr: Isa Mesih günäkärleri halas etmek üçin dünýä geldi+. Olaryň arasynda iň erbedi bolsa mendirin+. 16  Men iň erbedi bolsam-da, Isa Mesih maňa rehim edip, sabyrly boldy. Şeýlelikde, ebedi ýaşamak üçin Mesihe iman edýänlere görelde boldum+. 17  Goý, ebedi ýaşaýan*+, döwürleriň Patyşasy+, görünmez+ ýeke-täk Hudaýa+ baky we ebedi hormat hem şöhrat bolsun! Omyn! 18  Oglum Timoteos, sen hakdaky pygamberliklere görä, saňa şeýle tabşyryk* berýärin. Olar saňa batyrgaý söweşmäge kömek eder+. 19  Şeýle-de imanda berk dur, hemişe päk ynsaply bol+, sebäbi käbirleri dogry ýoldan sowuldylar. Netijede, olaryň imany heläkçilige uçran gämi kimin weýran boldy. 20  Olaryň arasynda Himeneý+ bilen Isgender hem bardy. Men olary Şeýtana tabşyrdym+. Olar temmi alyp, Hudaýa dil ýetirmezligi öwrenerler.

Çykgytlar

Manysy: Hudaýyň hormatlany.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: nesil daragtyny öwrenip.
Ýa-da: ikiýüzli bolmadyk.
Ýa-da: görkezme; buýruk.
Ýa-da: peýdaly.
Ýa-da: ýalan ant içýänler.
Sözme-söz: erkekler bilen ýatýan erkekler.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: çüýremeýän.
Ýa-da: görkezme; buýruk.