Birinji Musa 38:1—30

  • Ýahuda bilen Tamar (1—30)

38  Şol wagtlar Ýahuda doganlarynyň ýanyndan göçüp gitdi. Ol adullamly Hiranyň golaýynda çadyryny dikdi. 2  Ýahuda şol ýerde kenganlardan+ Şuwanyň gyzy bilen tanşyp, oňa öýlendi. 3  Aýaly göwreli bolup, ogul dogurdy. Ýahuda oglunyň adyna Er+ dakdy. 4  Aýaly ýene göwreli bolup, ogul dogurdy we adyna Onan goýdy. 5  Soňra ýene bir ogly boldy we adyna Şela dakdy. Çaga doglanda, olar* Akzypdady+. 6  Ýahuda uly ogly Eri öýlendirdi, gelniniň ady Tamardy+. 7  Emma Ýahudanyň uly ogly Er Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärdi. Şonuň üçin Ýehowa Eri öldürdi. 8  Şonda Ýahuda Onana: «Agaň nesli ýitip gitmez ýaly, aýalyna öýlen»+ diýdi. 9  Emma Onan doguljak çaganyň özüniňki hasaplanmajagyny bilýärdi+. Şonuň üçin ol doganynyň aýalyna ýanaşsa⁠-⁠da*, çaga galdyrmajak bolup, tohumyny ýere dökerdi+. 10  Ýehowa Onanyň edýänini erbetlik hasaplap, ony hem öldürdi+. 11  Ýahuda gelni Tamara: «Oglum Şela ulalýança, hiç kime durmuşa çykman, ataň öýünde boluber» diýdi. Sebäbi Ýahuda Şela hem beýleki ogullary ýaly öler öýdüp gorkýardy+. Şeýlelikde, Tamar atasy öýüne gaýtdy. 12  Birnäçe wagtdan Şuwanyň gyzy, Ýahudanyň aýaly+ ýogaldy. Ýas günlerini sowup, Ýahuda adullamly dosty Hiran+ bilen gyrkymçylarynyň ýanyna Timnaha+ gitdi. 13  Tamara: «Gaýynataň Timnaha gyrkyma gidýär» diýip habar berdiler. 14  Şonda ol dul geýimini çalyşdy⁠-⁠da, ýapynja örtünip, ýüzüni büräp, Timnahyň ýolundaky Enaýymyň derwezesinde oturdy. Sebäbi Tamar Şelanyň ulalandygyny bilýärdi, gaýynatasy bolsa ony Şela alyp bermändi+. 15  Ýahuda Tamary görüp, ahlaksyz aýaldyr öýtdi, sebäbi ol ýüzüni ýapypdy. 16  Ýahuda Tamaryň öz gelnidigini+ bilmän, ýanyna baryp: «Bile ýataly» diýdi. Ol bolsa: «Näme berjek?» diýip sorady. 17  Ýahuda: «Sürimden owlak ibererin» diýip jogap berdi. Emma gelin: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup biljekmi?» diýdi. 18  Ýahuda: «Näme goýaýyn?» diýip soranda, gelin: «Eliňdäki hasaňy we möhürli ýüzügiňi+ ýüpi bilen ber» diýdi. Ýahuda şol zatlary berip, onuň bilen ýatdy. Ol hem göwreli boldy. 19  Tamar turup, öýüne gaýtdy we ýapynjasyny aýryp, ýene⁠-⁠de dul geýimini geýdi. 20  Ýahuda girew goýan zatlaryny yzyna almak üçin, adullamly dostundan+ bir owlak iberdi. Emma dosty ol aýaly tapmady. 21  Ol ýerli ýaşaýjylardan: «Enaýymdaky ýolda ahlaksyz aýal* oturýardy, şol niredekä?» diýip soraşdyrdy. Olar bolsa: «Bärde hiç wagtam ahlaksyz aýal bolmandy» diýdiler. 22  Ahyry ol Ýahudanyň ýanyna baryp: «Men⁠-⁠ä aýaly tapmadym. Ýerli halk: „Bärde hiç wagt ahlaksyz aýal* bolmandy“ diýýär» diýdi. 23  Şonda Ýahuda: «Aý, bor⁠-⁠la, şol zatlar onuňky bolaýsyn. Ol aýaly gözläp, biabraý bolup ýörmäli. Men⁠-⁠ä owlagy iberdim, ýöne nätjek, ony tapyp bilmänsiň⁠-⁠dä» diýdi. 24  Üç aýa golaý wagt geçdi. Ýahuda: «Gelniň Tamar ahlaksyzlyk edip, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Şonda Ýahuda: «Ony çykaryp, öldüriň⁠-⁠de, ýakyň»+ diýdi. 25  Tamary äkidip barýarkalar, ol girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberip: «Men şu zatlaryň eýesinden göwreli boldum. Haýyş, şu hasanyň, möhürli ýüzük bilen ýüpüň kimiňkidigini anyklap beräýiň»+ diýdi. 26  Ýahuda öz zatlaryny tanap: «Bolan zatlara ol günäkär däl. Bar günä mende, sebäbi ony oglum Şela alyp bermedim»+ diýdi. Şondan soň ol Tamara asla ýanaşmady. 27  Aýy⁠-⁠güni dolup, dogurmaly wagty gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaga bardygy bilindi. 28  Dogurýan wagty çagalaryň biri eljagazyny çykardy. Şonda göbegene: «Şu öňürti doguldy» diýip, dessine eline gyrmyzy ýüpjagaz daňdy. 29  Emma çaga elini yzyna çekdi welin, beýlekisi doguldy. Şonda göbegene: «Näme beýdip dyzap çykdyň?» diýdi. Şonuň üçin adyna Perez*+ dakdylar. 30  Soňra eli gyrmyzy ýüplüje çaga doguldy, adyna Zera+ goýdular.

Çykgytlar

Sözme-söz: ol. Ýahuda göz öňünde tutulýar.
Şu bapda «ýanaşmak» diýlende, jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: buthanadaky ahlaksyz aýal. Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Ýa-da: buthanadaky ahlaksyz aýal. Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Manysy: Ýaryp geçýän.