Birinji Musa 37:1—36

  • Ýusubyň düýşleri (1—11)

  • Ýusup we görip doganlary (12—24)

  • Ýusup gul edip satylýar (25—36)

37  Ýakup Kenganda, kakasynyň gelmişek bolup ýaşan ýurdunda ýaşaýardy+. 2  Ýakubyň ömri şeýledir. Ýusup+ 17 ýaşly oglanka, kakasynyň gyrnaklary Bilhanyň+ we Zilpanyň+ ogullary bilen mal bakýardy+. Bir gün ol doganlarynyň edýän erbet işlerini kakasyna gürrüň berdi. 3  Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan+ has gowy görerdi, sebäbi ol garran çagy doglan ogludy. Kakasy Ýusuba üýtgeşik don hem tikip berdi. 4  Kakalarynyň Ýusuby has gowy görýändigini bilip, doganlary Ýusuby ýigrenýärdiler we gödek gürleşýärdiler. 5  Günlerde bir gün Ýusup doganlaryna gören düýşüni gürrüň berdi+. Şonda olar Ýusuby öňküden⁠-⁠de beter ýigrenip başladylar. 6  Ýusup olara: «Agalarym, size gören düýşümi gürrüň bereýin. 7  Biz meýdanda bugdaý desseläp ýören ekenik. Birdenkä meniň dessäm dikeldi. Siziň desseleriňiz bolsa daşyna aýlanyp, baş egdiler»+ diýdi. 8  Şonda doganlary: «Näme, üstümizden patyşa bolup, agalyk etjek bolýaňmy?»+ diýdiler. Gören düýşi we aýdan zatlary üçin, olar Ýusuby has⁠-⁠da ýigrendiler. 9  Ýusup ýene bir düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berip: «Men ýene düýş gördüm. Bu gezek maňa Gün, Aý hem 11 ýyldyz baş egdi»+ diýdi. 10  Soňra Ýusup düýşüni doganlarynyň ýanynda kakasyna⁠-⁠da gürrüň berdi. Şonda kakasy oňa käýäp: «Düýşüňe nähili düşünmeli? Näme, indi menem, ejeňem, doganlaryňam öňüňde iki bükülip, tagzym etmeli bolarysmy?» diýdi. 11  Şondan soň agalary Ýusuba has⁠-⁠da göriplik edip başladylar+, kakasy bolsa oglunyň aýdanlaryny ýüreginde saklady. 12  Bir gün Ýusubyň agalary Şekemiň+ golaýyna kakalarynyň sürüsini bakmaga gitdiler. 13  Ysraýyl Ýusuba: «Agalaryň Şekemiň golaýynda mal bakyp ýör. Gidip, olardan habar tutup gaýt» diýdi. Ýusup: «Bolýar, kaka» diýdi. 14  Şonda kakasy: «Bar, onda doganlaryň ýagdaýy nähili, mallar nähili, hemme zat gowulykmy, bilip gel» diýip, Ýusuby Hebron jülgesinden+ Şekeme iberdi. 15  Ýusup öri meýdanda iki ýana aýlanyp ýörkä, biri ony görüp: «Inim, kimi gözleýäň?» diýip sorady. 16  Ýusup: «Doganlarymy gözläp ýörün. Sürülerini nirede bakýanlaryny bilýän⁠-⁠ä dälsiň?» diýdi. 17  Ýaňky adam: «Olar bärden gitdiler. „Dotana gideliň“ diýenler⁠-⁠ä gulagyma ildi» diýdi. Şonda Ýusup Dotana gidip, agalaryny tapdy. 18  Doganlary Ýusuby uzakdan gördüler. Ýusup heniz gelmänkä, doganlary ony öldürmek hakda dil düwşüp başladylar. 19  Olar bir⁠-⁠birine: «Serediň, düýşleriň soltany+ gelýär! 20  Geliň, Ýusuby öldürip, jesedini gurruk guýa taşlalyň⁠-⁠da, ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Hany onsoň göreli, ojagaz düýşleri çyn bolarmyka?!» diýişdiler. 21  Muny eşiden Ruben+: «Ýok, öldürmäliň!»+ diýdi. Ol Ýusuby doganlarynyň elinden halas etjek bolýardy. 22  Ruben olara: «Ýusubyň ganyna galmaň+, çölüň içinde şu guýa taşlasaňyz taşlaň, ýöne öldürmäň»+ diýdi. Ol Ýusuby halas edip, kakasyna sag⁠-⁠aman gowşurjak bolýardy. 23  Ýusup agalarynyň ýanyna baran badyna, olar onuň egninden owadan donuny+ sypyryp aldylar. 24  Özüni bolsa tutup, guýa taşladylar. Şol wagt guýy boşdy, içinde suw ýokdy. 25  Soňra olar iýip⁠-⁠içmäge oturdylar. Bir seretseler, Gileaddan ysmaýyllaryň+ kerweni gelýän eken. Düýelere ladan* şiresini, melhem we şireli agaç gabygyny+ ýükläp, Müsüre äkidip barýardylar. 26  Şonda Ýahuda doganlaryna: «Inimizi öldürip, etmişimizi gizlänimiziň näme peýdasy bar?+ 27  Gowusy, Ýusuby ysmaýyllara satalyň+. Ol biziň elimizden bir ölmesin, näme⁠-⁠de bolsa, ganybir doganymyz» diýdi. Olar Ýahudanyň aýdyşy ýaly etdiler. 28  Midýan+ täjirleri golaýa gelende, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ysmaýyllara 20 şekel kümşe satdylar+. Olaram Ýusuby Müsüre alyp gitdiler. 29  Biraz wagtdan Ruben dolanyp geldi. Ol guýuda Ýusubyň ýokdugyny görende, dady⁠-⁠perýat edip, ýakasyny ýyrtdy. 30  Soňra doganlarynyň ýanyna baryp: «Inimiz ýok! Işim gaýtdy, indi nätsemkäm?!» diýip gygyrdy. 31  Olar bir tekäni soýup, Ýusubyň donuny gana buladylar. 32  Soňra dony kakalaryna iberip: «Şu dony tapdyk welin, gör hany, ogluňky dälmi?»+ diýip habar ýolladylar. 33  Ýakup donuň eýlesine⁠-⁠beýlesine seredişdirip: «Oglumyň dony! Wah, balam wagşy haýwanyň penjesine düşüp, tike⁠-⁠tike bolupdyr!» diýip perýat etdi. 34  Ol ýakasyny ýyrtyp, biline jul orap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 35  Ogul⁠-⁠gyzlary Ýakuba göwünlik berjek bolýardy, ýöne ol çagalaryny diňlemän: «Indi ölýänçäm*+, oglumyň ýasyny tutaryn!» diýdi. Kakasy Ýusup üçin köp wagtlap hasrat çekdi. 36  Midýanlar bolsa Ýusuby Müsüre eltip, faraonyň köşk emeldary, garawullaryň baştutany+ Potifara+ satdylar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: mazara inýänçäm. Sözlüge serediň: Mazar.