Birinji Musa 22:1—24

  • Ybraýyma Yshagy gurban bermek tabşyrylýar (1—19)

    • Ybraýymyň nesli arkaly bereket (15—18)

  • Rebekanyň maşgalasy (20—24)

22  Soňra hak Hudaý Ybraýymyň imanyny synap+ görjek boldy. Hudaý: «Ybraýym!» diýip çagyrdy. Ol hem: «Guluň diňleýär!» diýdi. 2  Hudaý: «Janyňdan eziz görýän ýalňyz ogluň+ Yshagy+ al⁠-⁠da, Moryýa ýurduna+ git. Görkezjek dagymda ogluňy maňa gurban ber*» diýdi. 3  Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady⁠-⁠da, iki hyzmatkärini we ogly Yshagy alyp, ýola düşdi. Ýakma gurbanlygy üçin odun hem aldy. Şeýdip, olar hak Hudaýyň aýdan ýurduna gitdiler. 4  Üçünji gün diýlende, Ybraýym şol ýeri uzakdan gördi. 5  Ol hyzmatkärlerine: «Eşegi alyň⁠-⁠da, bärde galyň. Oglum ikimiz hol ýere baryp, Hudaýa sežde edip gaýdaly» diýdi. 6  Ybraýym ýakma gurbanlygy üçin alyp gaýdan odunlaryny ogly Yshagyň arkasyna atdy, özi bolsa ot* bilen pyçagy aldy. Şeýdip, olaryň ikisi ýola düşdi. 7  Ýöräp barýarkalar, Yshak: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ol hem: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Odun bar, ot bar, ýöne gurbanlyk berere mal ýog⁠-⁠a» diýdi. 8  Ybraýym bolsa: «Ýakma gurbanlygy üçin maly Hudaýyň özi ýetirer+, oglum» diýip jogap berdi. Şeýlelikde, olar ýoluny dowam etdiler. 9  Ahyry olar hak Hudaýyň aýdan ýerine ýetdiler. Ybraýym şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, odunlary ördi. Soňra ogly Yshagyň el⁠-⁠aýagyny daňyp, odunlaryň üstünde ýatyrdy+. 10  Ybraýym eline pyçagyny alyp, ogluny öldürjek bolup durka+, 11  gökden Ýehowanyň perişdesi: «Ybraýym, Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym: «Diňleýärin!» diýdi. 12  Perişde: «Ogluňa degme, hiç zat etme. Seniň Hudaýdan gorkýan adamdygyňa doly göz ýetirdim, sebäbi ogluňy, ýalňyz perzendiňi menden gaýgyrmadyň»+ diýdi. 13  Ybraýym başyny galdyranda, aňyrrakda bir goçy gördi. Onuň şahy agaja çolaşan eken. Ybraýym goçy aldy⁠-⁠da, oglunyň deregine ýakma gurbanlygy edip hödürledi. 14  Ybraýym şol ýere Ýehowa⁠-⁠ýire* diýip at goýdy. Şonuň üçin il arasynda: «Ýehowanyň dagynda gerek zadyň berler»+ diýen gürrüň galdy. 15  Ýehowanyň perişdesi gökden ýene⁠-⁠de Ybraýyma ýüzlenip: 16  «Ýehowa şeýle diýýär: „Ogluňy, ýalňyz perzendiňi menden gaýgyrmadyň+, şonuň üçin öz adymdan ant içýärin+, 17  saňa ak pata berip, nesliňi* asman ýyldyzlary we deňiz çägesi deý köpelderin+. Seniň nesliň duşmanlarynyň şäherlerini* eýelär+. 18  Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly+ bereket alar, sebäbi sen maňa gulak asdyň“»+ diýdi. 19  Soňra Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna baryp, olar bilen Beýer⁠-⁠şeba dolandy. Ybraýym öňküsi ýaly Beýer⁠-⁠şebada+ ýaşaberdi. 20  Aradan birnäçe wagt geçensoň, Ybraýyma: «Doganyň Nahuryň+ Milkadan ogullary boldy. 21  Ulusynyň ady Uz, beýleki ogullary Buz, Aramyň atasy Kemuwel, 22  Keset, Haza, Peldaş, Ýydlap we Betuwel»+ diýip habar berdiler. 23  Betuweliň Rebeka+ atly gyzy bardy. Ybraýymyň dogany Nahuryň Milkadan sekiz ogly boldy. 24  Nahuryň gyrnagy Rewumdan hem ogullary boldy. Olaryň ady Tebah, Gaham, Tahaş we Magak.

Çykgytlar

Sözme-söz: ýakma gurbanlygy edip ber.
Köz göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Manysy: Ýehowa ýetirer; Ýehowa aladasyny eder.
Sözme-söz: tohumyňy.
Sözme-söz: derwezesini.