Birinji Musa 21:1—34

  • Yshak dogulýar (1—7)

  • Ysmaýyl Yshagy kemsidýär (8, 9)

  • Hajar bilen Ysmaýyl kowulýar (10—21)

  • Ybraýym bilen Abymälik äht baglaşýar (22—34)

21  Ýehowa aýdyşy ýaly, Bibisara nazar saldy. Ýehowa oňa beren wadasyny berjaý etdi+. 2  Bibisara göwreli bolup+, garry Ybraýyma ogul dogrup berdi. Çaga edil Hudaýyň aýdan wagtynda dünýä indi+. 3  Ybraýym Bibisaradan bolan oglunyň adyna Yshak+ dakdy. 4  Hudaýyň tabşyryşy ýaly, Ybraýym ogly Yshagy sekiz günlükkä sünnetledi+. 5  Yshak doglanda, Ybraýym 100 ýaşyndady. 6  Bibisara: «Hudaý meni güldürdi. Eşidenlerem meniň bilen gülşer*» diýdi. 7  Soňra ol: «Ybraýymyň aýaly Bibisaranyň çagasy bolar* diýseň kim ynanardy?! Men welin, garry ärime ogul dogrup berdim» diýdi. 8  Çaga ulalyp, süýtden aýryldy. Şol gün Ybraýym uludan toý tutdy. 9  Ybraýymyň müsürli Hajardan+ bolan ogly Ysmaýyl Yshagy+ kemsidýärdi. Muny gören Bibisara 10  Ybraýyma: «Gyrnak bilen ogluny kow. Ogly meniň oglum Yshak bilen mirasdüşer bolmasyn!»+ diýdi. 11  Emma ogly hakda aýdylan zatlar Ybraýyma agyr degdi+. 12  Şonda Hudaý Ybraýyma: «Gyrnagyň we ogluň hakda Bibisaranyň aýdanlaryny göwnüňe alma. Bibisara gulak as, sebäbi saňa wada beren neslim Yshakdan+ dörär. 13  Gyrnakdan bolan ogluňy⁠-⁠da+ uly millet ederin+. Ol hem seniň perzendiň» diýdi. 14  Ybraýym daň bilen turup, Hajara çörek bilen bir meşik suw berdi⁠-⁠de*, ogly ikisini ýola saldy+. Hajar Beýer⁠-⁠şeba çölüniň+ içi bilen ýöräp⁠-⁠ýöräp azaşdy. 15  Meşikdäki suwam gutardy. Şonda ol ogluny ýandagyň aşagynda goýdy⁠-⁠da: 16  «Çagamyň ölümini bir görmäýin» diýip, biraz beýleräge geçip oturdy. Hajar oturan ýerinde ses edip aglap başlady. 17  Soňra Hudaý oglanyň zaryn sesini eşitdi+. Gökden Hudaýyň perişdesi Hajara+: «Näme üçin aglaýaň? Gorkma, Hudaý ogluň ahy⁠-⁠nalasyny eşitdi. 18  Bar, ogluňy aýak üstüne galdyr. Men ondan uly millet dörederin»+ diýdi. 19  Soňra Hudaý Hajara bir guýyny görkezdi. Ol hem meşigi suwdan dolduryp geldi⁠-⁠de, ogluna içirdi. 20  Ysmaýyl ösüp ulalýardy, Hudaý hem ony goldaýardy+. Ol çölde ýaşap, awçy* bolup ýetişdi. 21  Şeýlelikde, Ysmaýyl Paran çölünde+ mesgen tutdy. Ejesi oňa müsürli gyz alyp berdi. 22  Şol wagtlar Abymälik goşunbaşysy Pikal bilen Ybraýymyň ýanyna gelip: «Alla seniň ähli işiňi ugruna edýär+. 23  Sen baglaşan ähtimizi bozmajakdygyňy, maňa, çagalaryma we neslime hiç hili ýamanlyk etmejekdigiňi söz ber. Saňa ýagşylyk edişim* ýaly, maňa we ýaşaýan ýurduňdaky halka ýagşylyk etjekdigiňe Hudaýyň öňünde ant iç»+ diýdi. 24  Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi. 25  Abymäligiň hyzmatkärleri Ybraýymyň guýusyny zor bilen elinden alypdy+. Ybraýym şoňa nägiledigini aýtdy. 26  Şonda Abymälik: «Men⁠-⁠ä muny kimiň edenini bilemok. Senem hiç zat aýtmadyň. Şu wagt eşidip otyryn» diýdi. 27  Ybraýym Abymälige ownukly⁠-⁠irili mal berdi we olaryň ikisi äht baglaşdy. 28  Ybraýym ýedi guzyny sürüden aýryp goýdy. 29  Abymälik: «Ýedi guzyny näme üçin aýry goýduň?» diýip sorady. 30  Ybraýym: «Ýedi guzyny saňa berýärin. Olar guýyny meniň gazandygyma subutnama bolsun» diýdi. 31  Ol şol ýere Beýer⁠-⁠şeba*+ diýip at goýdy, sebäbi olaryň ikisem ant içipdi. 32  Şeýdip, olar Beýer⁠-⁠şebada äht baglaşdylar+. Soňra Abymälik goşunbaşysy Pikal bilen ýola düşüp, piliştlileriň+ ýurduna dolandy. 33  Ybraýym bolsa Beýer⁠-⁠şebada ýylgyn ekip, baky Hudaý+ Ýehowany şöhratlandyrdy+. 34  Ybraýym uzak wagtlap piliştlileriň ýurdunda ýaşady+.

Çykgytlar

Başga manysy: üstümden güler.
Sözme-söz: Bibisara çaga emdirer.
Sözme-söz: egnine goýdy-da.
Ýa-da: ýaýçy.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirişim.
Manysy: Ant guýusy; ýedileriň guýusy.