1 Patyşalar 9:1—28

  • Ýehowa ýene Süleýmanyň düýşüne girýär (1—9)

  • Süleýmanyň Huram patyşa sowgady (10—14)

  • Süleýmanyň gurluşyk işleri (15—28)

9  Süleýman Ýehowanyň öýüni, köşgüni+ we islän ähli zadyny gurup boldy+.  Şonda Ýehowa Gibgondaky ýaly ýene⁠-⁠de Süleýmanyň düýşüne girdi+.  Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Doga⁠-⁠dilegiňi eşitdim. Meniň üçin guran öýüňi mukaddes etdim, ol hemişe adymy göterer+. Öýi hiç wagt gözden salmaryn, aladasyny ederin+.  Eger sen kakaň Dawut ýaly+, ähli tabşyryklarymy berjaý edip+, halal ýaşasaň+, maňa bütin ýüregiň* bilen gulluk edip+, kanunlaryma we hökümlerime gulak assaň+,  kakaň Dawuda: „Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“ diýip beren wadamy berjaý ederin, Ysraýylda seniň tagtyňy ebedilik goýaryn+.  Emma siz ogullaryňyz bilen ýolumdan ýöremän, tabşyryklarymy, kanunlarymy ýerine ýetirmän, başga taňrylara tagzym edip, sežde edip başlasaňyz+,  ysraýyllary mülk edip beren ýurdumdan ýok ederin+, adym üçin mukaddes eden öýümi gözümiň alnyndan aýraryn+. Şonda Ysraýyl başga halklaryň gepine galyp*, ile gülki bolar+.  Meniň üçin guran öýüň harabaçylyga öwrüler+, deňinden geçenler aňk⁠-⁠taňk bolar, içini çekip*: „Ýehowa ýurdy, öýüni näme üçin beýtdikä?“ diýer+.  Şonda: „Ysraýyl halky ata⁠-⁠babalaryny Müsürden çykaran Ýehowa Hudaýyny taşlap, başga taňrylara sygyndy, olara tagzym edip, sežde etdi. Şonuň üçin Ýehowa olaryň başyna betbagtçylyk getirdi“+ diýerler». 10  Süleýman iki öýi, ýagny Ýehowanyň öýi bilen köşgüni 20 ýylda gurup gutardy+. 11  Tir patyşasy Huram+ Süleýmana kedr bilen arça agaçlaryny, şeýle⁠-⁠de näçe gerek bolsa altyn iberipdi+. Süleýman patyşa hem Hurama Jelileden 20 şäher berdi. 12  Huram Tirden çykyp, Süleýmanyň beren şäherlerini görmäge geldi. Ýöne Huramyň olara göwni ýetmedi. 13  Şonda ol: «Dogan jan, beren şäherleriňi halamadym» diýdi. Şol şäherlere häli⁠-⁠häzire çenli Kabul ýurdy* diýilýär. 14  Huram Süleýman patyşa 120 batman* altyn iberdi+. 15  Süleýman patyşa işçi ýygnap+, Ýehowanyň öýüni+, köşgüni, Millony*+, Iýerusalimiň diwaryny, Hasory+, Megiddony+ we Gezeri+ gurdurypdy. 16  Müsür faraony öň Gezeri basyp alyp, şäheri otlapdy, içinde ýaşaýan kenganlary+ bolsa öldüripdi. Faraon şol şäheri Süleýmana durmuşa çykan gyzyna+ toý sowgady edip beripdi. 17  Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony+, 18  Bagalaty+, çöldäki Tamary, 19  ammarly şäherleri, söweş arabalary+ üçin we atly esgerleri üçin şäherleri gurdy*. Ol Iýerusalimde, Liwanda we golastyndaky ýerlerde islän zadyny gurdy. 20  Amorlar, hetler, perizler, hiwiler we ýabuslar+ ysraýyl halkyndan däldi+. Süleýman şol halklardan diri galan adamlary, 21  ysraýyllaryň elinden ölmän galan nesillerini gul edip, agyr işde işletdi. Olar häzire çenli hem gul bolup ýaşaýarlar+. 22  Emma Süleýman ysraýyllaryň hiç birini gul etmedi+. Olar Süleýmanyň nökerleri, emeldarlary, han⁠-⁠begleri, serkerdeleri, söweş arabaly hem⁠-⁠de atly esgerleriniň baştutanlary bolup hyzmat etdiler. 23  Süleýmanyň işlerine seredýän, işçileriniň üstünden goýlan 550 sany gözegçisi bardy+. 24  Faraonyň gyzy+ bolsa Dawudyň şäherinden+ çykyp, Süleýmanyň gurup beren öýüne göçdi. Şonda Süleýman Millony*+ hem gurdy. 25  Süleýman Ýehowa üçin ýasan gurbanlyk ojagynda* ýylda üç gezek+ ýakma hem⁠-⁠de parahatlyk gurbanlyklary berip+, Ýehowanyň öňündäki gurbanlyk ojagynda gurbanlyk ýakardy. Şeýlelikde, ol öýi doly gurup gutardy+. 26  Süleýman patyşa Esýon⁠-⁠geberde+ birgiden gämi ýasatdy. Şol ýer Edom topragynda, Gyzyl deňziň kenarynda, Elotyň+ golaýynda ýerleşýär. 27  Huram şol gämilerde ökde deňizçilerini Süleýmanyň hyzmatkärleri bilen ibererdi+. 28  Olar Ofere+ gidip, Süleýmana 420 batman altyn getirip berdiler.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: aýypsyz ýüregiň.
Sözme⁠-⁠söz: dilinde nakyl bolup.
Sözme⁠-⁠söz: sykylyk çalyp.
Başga manysy: Derde ýaramaýan ýurt.
Sözme⁠-⁠söz: baýry. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: dikeltdi.
Sözme⁠-⁠söz: baýry. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.