1 Patyşalar 10:1—29

  • Şeba ýurdunyň şa aýaly Süleýmanyň huzurynda (1—13)

  • Süleýmanyň ummasyz baýlygy (14—29)

10  Süleýmanyň Ýehowanyň ady bilen gazanan şan⁠-⁠şöhraty+ Şeba ýurdunyň şa aýalyna⁠-⁠da baryp ýetdi. Ol Süleýmany kyn soraglar bilen synamaga geldi+.  Şa aýaly birtopar emeldaryny ýanyna alyp, düýelere melhem ýag+, ummasyz köp altyn, gymmatbaha daş ýükläp+, Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň huzuryna baryp, bilmek isleýän zatlaryny sorady.  Süleýman şa aýalynyň ähli soraglaryna jogap berdi, patyşanyň oňa düşündirip bilmedik zady bolmady.  Şebanyň şa aýaly Süleýmanyň akyldarlygyny+, guran köşgüni+,  saçagyndaky näz⁠-⁠nygmatlaryny+, emeldarlarynyň saçak başynda oturyşyny, hyzmatkärleriniň hyzmat edişini, olaryň egin⁠-⁠eşigini, patyşanyň şerapçylaryny we Ýehowanyň öýünde yzygiderli berýän ýakma gurbanlyklaryny görüp, agzyny açdy.  Şonda ol patyşa ýüzlenip: «Seniň gazanan üstünlikleriň*, akyldarlygyň hakda öz ýurdumda eşidenlerim dogry eken.  Ýöne gelip, gözüm bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Görüp otursam, maňa ýarysyny⁠-⁠da aýtmandyrlar! Akyldarlygyň, baýlygyň eşidişimden has artyk eken.  Seniň parasatly sözleriňi diňleýän halkyň we huzuryňdaky hyzmatkärleriň nähili bagtly!+  Seni mynasyp görüp, Ysraýyl tagtyna çykaran Ýehowa Hudaýyňa şöhrat bolsun!+ Ýehowanyň Ysraýyla söýgüsi ebedidir. Adalatly we dogruçyl höküm sürersiň diýip, ol seni halkyna patyşa belledi» diýdi. 10  Soňra şa aýaly Süleýmana 120 batman* altyn, juda köp melhem ýag+ we gymmatbaha daş berdi+. Şondan soň hiç kim Süleýmana Şebanyň şa aýalynyňky ýaly köp melhem ýagyny getirmedi. 11  Huramyň Oferden altyn alyp gaýdýan gämilerinde+ ummasyz köp gyzyl agaç*+ we gymmatbaha daşlary⁠-⁠da getirerdiler+. 12  Patyşa şol gyzyl agaçlardan Ýehowanyň öýüne we şa köşgüne söýeleri, aýdymçylara arfa we kirişli saz gurallary+ ýasady. Şondan soň şeýle köp gyzyl agajy getiren hem, gören hem bolmady. 13  Süleýman patyşa Şebanyň şa aýalyna islän we soran ähli zadyny berdi. Süleýman jomartlyk bilen başga⁠-⁠da birgiden sowgatlary berdi. Soňra şa aýaly emeldarlary bilen ýurduna dolandy+. 14  Süleýmana her ýyl 666 batman altyn gelerdi+. 15  Täjirler bilen söwdagärlerden, araplaryň patyşalaryndan we ýurduň häkimlerinden hem girdeji girip durardy. 16  Süleýman patyşa altynyň ergininden 200 sany uly galkan ýasady+, her galkana 600 şekel* altyn gitdi+. 17  Ol altynyň ergininden 300 sany kiçi galkan* hem ýasady, olaryň hersine üç gadak* altyn gitdi. Patyşa olary Liwan tokaýy atly köşgünde+ goýdy. 18  Patyşa pil süňkünden ullakan tagt+ ýasap, tutuşlygyna sap altyna gaplady+. 19  Tagtyň alty basgançagy bardy, arkasy aýlawlydy. Kürsiniň tirsek goýar ýaly ýeri hem bardy, gapdalynda bolsa iki sany ýolbarsyň+ heýkeli goýlupdy. 20  Şol alty basgançakda⁠-⁠da 12 ýolbarsyň heýkeli bardy, olar her basgançagyň iki tarapynda goýlupdy. Şeýle tagt başga hiç bir patyşalykda ýokdy. 21  Süleýman patyşanyň ähli käseleri we bulgurlary altyndandy, Liwan tokaýy köşgündäki+ gap⁠-⁠gaçlary hem sap altyndandy. Kümüşden ýasalan ýekeje zadam ýokdy, sebäbi Süleýmanyň döwründe kümüş hiç zatça⁠-⁠da görülmeýärdi+. 22  Süleýman patyşanyň Tarşyş+ gämileri bardy. Olar Huramyň gämileri bilen giderdi. Şol gämiler üç ýyldan bir gezek gelip, altyn⁠-⁠kümüş, pil süňküni+, maýmynlary we tawus guşlary getirerdi. 23  Süleýman patyşa baýlykda+ we akyldarlykda+ ýer ýüzüniň ähli patyşalaryndan öňe geçdi. 24  Bütin dünýäniň halklary Hudaýyň Süleýmana beren* akyl⁠-⁠paýhasyny+ diňlemäge barmak isleýärdi*. 25  Süleýmanyň ýanyna gelen adamlar sowgat⁠-⁠serpaý edip, altyn⁠-⁠kümüşden ýasalan zatlary, egin⁠-⁠eşikleri, söweş ýaraglaryny, melhem ýagyny, atlary we gatyrlary getirerdi, her ýyl şeýle bolardy. 26  Süleýman söweş arabalaryny we atlaryny* has⁠-⁠da köpeldýärdi. Süleýmanyň 1 400 söweş arabasy, 12 000 aty* bardy+. Olary söweş arabalary üçin guran şäherlerinde we Iýerusalimde özüne golaý ýerde saklardy+. 27  Patyşa Iýerusalimde kümşi daş kimin, kedr agajyny bolsa Şepeladaky ýabany injir agajy kimin köpeltdi+. 28  Süleýmanyň atlary Müsürden getirilerdi. Patyşanyň täjirleri at sürüsini belli bir baha satyn alardylar*+. 29  Müsürden getirilen bir söweş araba 600 kümüş, bir at bolsa 150 kümüş teňňedi. Süleýmanyň täjirleri atlary we arabalary hetleriň+ patyşalaryna⁠-⁠da, Siriýanyň patyşalaryna⁠-⁠da satardylar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Seniň sözleriň.
Ýa⁠-⁠da: sandal agaç.
Ýaýçylaryň göterýän galkany göz öňünde tutulýar.
Töwratdaky gadak 570 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme⁠-⁠söz: ýüregine guýan.
Sözme⁠-⁠söz: didaryna zardy.
Ýa⁠-⁠da: atlylaryny.
Ýa⁠-⁠da: atlysy.
Başga manysy: Müsürden we Kuwdan alardylar; patyşanyň täjirleri olary Kuwdan alardylar. Kuw diýlende, Kilikiýa göz öňünde tutulýan bolmaly.