Ýuşa 11:1—23

  • Demirgazykda basylyp alnan şäherler (1—15)

  • Ýuşanyň basyp alan ýerleri (16—23)

11  Hasoryň hany Ýabin bolan zatlary eşidip, Madonyň hany+ Ýobaba, Şimronyň we Akşabyň hanlaryna+, 2  demirgazykdaky daglarda ýaşaýan hanlara, Kinneretiň günortasyndaky düzlüklerde* ýaşaýan hanlara, Şepelada we günbatardaky Doruň+ baýyrlarynda ýaşaýan hanlara, 3  gündogardaky we günbatardaky kenganlara+, daglardaky amorlara+, hetlere, perizlere, ýabuslara we Mispadaky Hermon+ dagynyň eteginde ýaşaýan hiwilere+ habar ýollady. 4  Şeýlelikde, hanlar söweşe çykdy, olaryň goşuny deňiz çägesi deý köpdi, atlarynyň we söweş arabalarynyň hetdi-hasaby ýokdy. 5  Hanlaryň ählisi üýşüp, Merom çeşmesiniň boýunda düşelge gurdular-da, ysraýyllar bilen söweşmäge taýýarlandylar. 6  Ýehowa Ýuşa: «Gorkma+, ertir şu wagtlar olary ysraýyllaryň eline bererin. Duşmanlaryň atlaryny maýyp edip+, arabalaryny ýakyň» diýdi. 7  Ýuşa esgerleri bilen Merom çeşmesine baryp, duşmana duýdansyz hüjüm etdi. 8  Ýehowa olary ysraýyllaryň eline berdi+. Ysraýyllar olary derbi-dagyn edip, Beýik Sidona+, Misrepot-maýyma+ we gündogardaky Mispa jülgesine çenli kowalap, ählisini gyrdylar+. 9  Ýuşa Ýehowanyň aýdyşy ýaly, olaryň atlaryny maýyp edip, arabalaryny ýakdy+. 10  Soňra Ýuşa yzyna gelip, Hasor şäherini basyp aldy, hanyny bolsa gylyçdan geçirdi+. Hasor şol wagtlar ady belli* şäherdi. 11  Olar şäherde ýekeje adamy hem goýman+ gylyçdan geçirdiler-de+, şäheri otladylar. 12  Ýuşa şol hanlaryň şäherlerini basyp aldy, hanlary bolsa gylyçdan geçirdi+. Ýehowanyň guly Musanyň tabşyryşy ýaly, Ýuşa olary ýok etdi+. 13  Emma ysraýyllar baýyrlarda ýerleşýän şäherleri otlamadylar. Ýuşa diňe Hasory otlady. 14  Ysraýyllar şol şäherlerdäki zatlary we mallary olja alyp+, ilatyny gylyçdan geçirdiler+. Şäherlerde janly-jemende galmady+. 15  Musa Ýehowanyň ähli tabşyryklaryny Ýuşa düşündiripdi+. Ýuşa hem Musanyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň ähli tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirdi+. 16  Ýuşa tutuş ýurdy: daglygy, Negebi+, tutuş Goşeni, Şepelany+, Arabany+, Ysraýyl daglaryny we baýyrlaryny*, 17  Segiriň golaýyndaky Halak dagyndan tä Hermon dagynyň+ etegindäki Liwan jülgesinde ýerleşýän Bagal-gada+ çenli aralygy basyp aldy. Hanlaryny bolsa tutup öldürdi. 18  Ýuşa şol hanlar bilen birnäçe wagtlap söweşdi. 19  Gibgonda ýaşaýan hiwilerden başga hiç kim ysraýyllar bilen ylalaşyk baglaşmady+. Ysraýyllar beýleki şäherleriň hemmesini söweş bilen basyp aldylar+. 20  Ýehowa şol halklaryň boýnuýogyn bolmagyna+ we ysraýyllar bilen söweşmegine ýol berdi, sebäbi olara rehim etmän, bütinleý ýok etjek bolýardy+. Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, olar ýok edilmelidi+. 21  Ýuşa daglykda, Hebronda, Debirde, Anapda, Ýahudanyň we Ysraýylyň daglarynda ýaşaýan anaklaryň+ ýoguna ýandy. Olary bütinleý ýok edip, şäherlerini ýer bilen ýegsan etdi+. 22  Ysraýyl ýurdunda anaklaryň ýekejesi-de galmady+, olar diňe Gazada+, Getde+ we Aşdotda+ bardy. 23  Ýehowanyň Musa wada berişi ýaly, Ýuşa tutuş ýurdy basyp aldy+. Ol ysraýyl taýpalarynyň hersine bijesine düşen paýy mülk edip berdi+. Şeýlelikde, uruş tamamlanyp, ýurtda parahatlyk boldy+.

Çykgytlar

Ýa-da: Arabada.
Ýa-da: esasy.
Ýa-da: Şepelasyny.