Ýowel 3:1—21

  • Ýehowa milletleri höküm eder (1—17)

    • Ýehoşapat jülgesi (2, 12)

    • Höküm jülgesi (14)

    • Ýehowa — Ysraýylyň galasy (16)

  • Ýehowa halkyna bereket berýär (18—21)

3  «Şol döwürde, şol günlerde,Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýesirlerini yzyna getirerin+.  2  Şonda ähli halklary hem ýygnap,Ýehoşapat* jülgesine getirerin. Halkymyň we mirasym Ysraýylyň hatyrasyna,Olara höküm çykararyn+.Sebäbi olar halkymy milletleriň arasyna dargatdylar,Olar meniň ýurdumy özara paýlaşdylar+.  3  Olar halkym üçin bije atdylar+,Ahlaksyz aýal bilen ýatmak üçin oglanlary satdylar,Gyzlary şeraba çalyşdylar.  4  Eý Tir, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary,Maňa garşy çykmaga neneň milt edip bildiňiz? Siz maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa,Derrew almytyňyzy bererin+.  5  Siz meniň altyn⁠-⁠kümşümi olja aldyňyz+,Hazynamy ybadathanalaryňyza eltip goýduňyz.  6  Siz Ýahuda we Iýerusalim halkynyÝurdundan uzaklara äkidip, greklere satdyňyz+.  7  Olary satan ýurduňyzdan yzyna getirerin+,Edenleriňizi öz başyňyzdan indererin.  8  Men ogul⁠-⁠gyzlaryňyzy ýahuda halkyna sataryn+,Halkym hem olary uzakda ýaşaýan şebalylara satar,Sebäbi muny Ýehowa aýtdy.  9  Halklaryň arasynda jar ediň+: „Söweşe taýýarlyk görüň, batyr ýigitler aýaga galsyn! Goý, ähli esgerler ýygnanyp, hüjüm etsin!+ 10  Azallaryňyzdan gylyçlar,Oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň. Goý, ejizler: „Men güýçli“ diýsin. 11  Goňşy milletler! Ýygnanyň+, biri⁠-⁠biriňize kömek ediň“». Eý Ýehowa, güýçli esgerleriňi şol ýere iber. 12  «Goý, halklar aýaga galyp, Ýehoşapat jülgesine gelsin,Sebäbi men ol ýere baryp, halklara höküm çykarjak+. 13  Hasyl ýetişdi, oraklaryňyzy alyň, Üzüm sykylýan çukurlar üzümden doldy+,Geliň, üzümi depeläň. Çelekler şerapdan dolup daşdy,Olaryň zalym işleri hetden aşdy. 14  Höküm jülgesine uly märeke ýygnandy,Sebäbi Ýehowanyň höküm çykarjak güni ýakyndyr+. 15  Günüň, Aýyň ýüzi tutular,Ýyldyzlar şöhle saçmaz. 16  Ýehowa Siondan arslan kimin arlar,Ol Iýerusalimden batly ses bilen gygyrar. Asman we ýer sarsar,Ýöne Ýehowa halkyna pena bolar+,Ysraýyl halkyna gala bolar. 17  Şonda meniň Ýehowa Hudaýyňyzdygymy bilersiňiz. Men Sionda, mukaddes dagymda+ bolaryn,Iýerusalim mukaddes mekan bolar+,Kesekiler ol ýere aýak basmaz+. 18  Şol gün daglardan täze şerap damar+,Baýyrlardan süýt akar,Ýahudanyň çeşmeleri dolup daşar. Ýehowanyň öýünden akýan çeşme+,Akasiýa jülgesini suwarar. 19  Emma Müsür harabaçylyga döner+,Edom çöllüge öwrüler+,Sebäbi olar ýahuda halkyna zalymlyk etdiler+,Bigünä adamlaryň ganyny dökdüler+. 20  Ýahuda hemişe ilatly bolar,Iýerusalimiň halky hiç haçan azalmaz+. 21  Olar näçe gan dökenem bolsa,Men olaryň günälerini geçerin+,Ýehowa Sionda mesgen tutar»+.

Çykgytlar

Manysy: Ýehowa Kazydyr.