Ýewreýler 3:1—19
3 Göge çagyrylan mukaddes doganlar+, Isa hakda oýlanyň. Siz Isany resul we baş ruhany hökmünde kabul etdiňiz+.
2 Musanyň Hudaýyň bütin öýüne wepaly bolşy ýaly+, Isa hem Hudaýa wepalydy+.
3 Öýi guranyň öýden has köp abraýa eýe bolşy ýaly, Isa hem Musadan has köp şan-şöhrata mynasyp boldy+.
4 Elbetde, öýi ussa gurýar, ýöne ähli zady Hudaý ýaratdy.
5 Musa Hudaýyň tutuş öýüne wepaly hyzmat edip, gelejekde mälim ediljek zatlary suratlandyrdy*.
6 Mesih hem Atasynyň öýünde wepaly oguldyr+. Eger biz hem soňuna çenli umydymyza berk ýapyşyp, oňa şatlansak, ol hakda çekinmän* gürrüň bersek, Hudaýyň öýi bolarys+.
7 Mukaddes ruh şeýle diýýär+: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz,
8 onda ýüregiňizi gatadyp, ata-babalaryňyz ýaly gaharyny getirmäň, çöldäki ýaly synamaň+.
9 Ata-babalaryňyz 40 ýyllap çölde eden işlerimi görseler-de, meni synapdylar+.
10 Şonuň üçin men tutuş nesli ýigrenip: „Olar hemişe öz bilenini edýär, ýollarymdan ýöremek islemeýär“ diýdim.
11 Şonda men gaharlanyp: „Olar meniň bilen dynç almaz“ diýip ant içipdim»+.
12 Doganlar, seresap boluň! Ýüregiňizde zalymlyk we imansyzlyk ornaşyp, Biribardan daşlaşaýmaň+.
13 Häzir «şu gün»+ diýilýän wagt, şonuň üçin her gün biri-biriňizi ruhlandyryň. Günäniň aldawyna düşüp, ýüregiňizi gatatmaň.
14 Eger biz başdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen bile bolarys+.
15 Sebäbi Hudaý: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz, onda ýüregiňizi gatadyp, ata-babalaryňyz ýaly gaharyny getirmäň»+ diýipdi.
16 Hudaýyň sesini eşidip, gaharyny getiren kim? Eýsem Musa bilen Müsürden çykanlaryň ählisi Hudaýyň gaharyny getirmedimi?+
17 Onsoňam, Hudaý 40 ýyllap kimi ýigrendi?+ Eýsem jesetleri çölde galan günäkärleri dälmi?+
18 «Meniň bilen dynç almaz» diýip, Hudaý kim hakda ant içipdi? Eýsem gulak asmadyk adamlar hakda dälmi?
19 Görşümiz ýaly, olar imansyzlygy üçin Hudaý bilen dynç alyp bilmediler+.