Ýermeýa 50:1—46

  • Wawilona garşy pygamberlik (1—46)

    • Wawilondan gaçyň (8)

    • Ysraýyl yzyna dolanar (17—19)

    • Wawilonyň suwlary gurar (38)

    • Wawilonda hiç kim ýaşamaz (39, 40)

50  Ýehowa Wawilon+ hakda, haldeýleriň ýurdy barada Ýermeýa pygambere şeýle diýdi:   «Milletleriň arasynda jar çekiň, yglan ediň. Tug dikip, jar çekiň. Hiç zady gizlemäň! Şeýle diýiň: „Wawilon basylyp alyndy+, Bel taňrysy utanja galdy+. Merdek taňrysy gorkdy. Butlary masgara edildi. Nejis butlary* elhenç hala düşdi“.   Onuň üstüne demirgazykdan bir halk geldi+. Ýurdy gorkunç hala saldy.Ol ýerde hiç kim ýaşamaz. Ynsan⁠-⁠da, haýwan⁠-⁠daOl ýerden gaçyp gitdi.  Şol döwürde, şol günlerde ysraýyl we ýahuda halky bir ýere ýygnanar+. Olar ýolboýy aglaý⁠-⁠aglaý gelerler+ we bilelikde Ýehowa Hudaýyny çagyrarlar+ — muny Ýehowa aýdýar.  — Olar Siona gidýän ýoly sorarlar+ we ol tarapa bakyp: „Geliň, ebedilik äht baglaşyp, Ýehowa ýakynlaşalyň. Ol äht hiç haçan unudylmaz“+ diýerler.  Meniň halkym ýiten goýun sürüsi ýalydyr+. Çopanlar olary dargatdylar+. Olar sürini daglara sürdüler, depeden depä entetdiler, olar hem öz agylyny* unutdylar.  Olary kim tapsa, ýalmap ýuwudardy+. Duşmanlary şeýle diýerdi: „Biz günäkär däl. Olaryň özleri Ýehowa garşy günä etdiler. Dogrulygyň gözbaşyna, ata⁠-⁠babalarynyň umydy bolan Ýehowa garşy günä etdiler“».   «Wawilondan gaçyň,Haldeýleriň ýurdundan çykyň+.Süriniň başyny çekýän teke ýaly boluň.   Wawilonyň üstüne demirgazyk ýurdundanBirleşen beýik milletleri getirerin+. Olar nyzama düzülip, hüjüm ederler.Ony basyp alarlar. Esgerleriň atýan oklarynyňHiç biri sowa geçmez.Ene⁠-⁠atalary perzendinden mahrum eder+. 10  Haldeý ýurdy talanar+. Olja alanyň göwni hoş bolar+ — muny Ýehowa aýdýar. 11  Meniň mirasymy talanyňyzda+,Şatlandyňyz+, heşelle kakdyňyz. Göle kimin otluk meýdanda bökjeklediňiz,Bedew at kimin kişňediňiz. 12  Ejeňiz masgara boldy+. Sizi dünýä indereniň tamasy puja çykdy. Ol milletleriň arasynda peseldildi,Gurap ýatan çöle öwrüldi+. 13  Ýehowanyň gazabyndan ýaňa ol ýerde hiç kim ýaşamaz+,Bütinleý haraba öwrüler+. Wawilonyň deňinden geçen her kes aňk⁠-⁠taňk bolar,Düşen gorkunç ýagdaýyny görüp, sykylyk çalar*+. 14  Eli ýaýly adamlar,Nyzama düzüliň, çar tarapdan Wawilona hüjüm ediň. Okuňyzy gaýgyrman atyň+,Sebäbi ol Ýehowa garşy günä etdi+. 15  Çar tarapdan gygyryşyp hüjüm ediň! Ol boýun egdi, Sütünleri, diwarlary ýykyldy+.Sebäbi Ýehowa ar alýar+. Sizem ar alyň. Edenlerini başyna inderiň+. 16  Daýhany, orak döwri orakçyny,Wawilonda ýok ediň+. Zalym gylyçdan gaçyp,Her kim öz halkyna dolanar, öz ýurduna gider+. 17  Ysraýyl halky dargan süri ýaly boldy+. Ýolbarslar olary pytratdy+. Başda olary Assiriýa patyşasy ýalmap ýuwutdy+, soňra Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* olaryň süňküni gemirdi+. 18  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Assiriýa patyşasyna nähili jeza beren bolsam+, Wawilon patyşasyna, onuň ýurduna şeýle jeza bererin. 19  Ysraýyly öri meýdanlaryna gaýtaryp getirerin+. Ol Efraýym+ bilen Gilead+ daglarynda, Karmelde we Başanda+ otlap doýar“. 20  Şol döwürde, şol günlerde,Ysraýylyň ýazygyny agtararlar,Ýöne tapmazlar.Ýahudadan hem ýazyk tapmazlar.Sebäbi diri galdyran adamlarymy bagyşlaryn»+.Muny Ýehowa aýdýar. 21  «Merataýym ýurduna, Pekotyň+ ýaşaýjylaryna hüjüm ediň. Olar gyrylsyn, bütinleý ýok edilsin — muny Ýehowa aýdýar. Tabşyran ähli zatlarymy berjaý ediň. 22  Ýurtda uruş sesi eşidiler,Weýrançylyk bolar. 23  Serediň! Dünýäniň milletlerini mynjyradan tokmagyň özi kül⁠-⁠owram boldy+. Wawilony gören milletler ör⁠-⁠gökden geldi+. 24  Eý Wawilon, sen guran duzagyma düşdüň.Muny özüň hem bilmän galdyň. Seni tutup, ýesir aldylar+.Sebäbi Ýehowa garşy çykdyň. 25  Ýehowa ammaryny açyp,Gahar ýaraglaryny çykarýar+. Sebäbi Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy ÝehowanyňHaldeýleriň ýurdunda etmeli işi bar. 26  Uzak ýerlerden gelip, hüjüm ediň!+ Ammarlaryny açyň+. Harman kimin üýşüriň. Bütinleý ýok ediň+. Hiç kim diri galmasyn. 27  Öküzçeleriniň damagyny çalyň+.Ählisini soýuň. Olaryň halyna waý! Olaryň höküm güni,Hasabat bermeli güni geldi! 28  Wawilondan gaçanlaryň,Halas bolanlaryň sesi eşidilýär.Olar Sionda Ýehowanyň öjüni,Ybadathanasy üçin alýan aryny+ jar edýärler. 29  Wawilona garşy ýaýçylary,Ýaý atyp bilýän adamlary toplaň+. Daş⁠-⁠töwereginde düşelge guruň, hiç kim gaçmasyn. Eden etmişine görä almytyny beriň+. Edenlerini başyna getiriň+. Sebäbi ol tekepbirlik bilen Ýehowa garşy çykdy,Ysraýylyň Mukaddesine garşy gitdi+. 30  Şol gün goç ýigitleri köçelerde läş bolup ýatar+,Ähli esgerleri gyrlar* — muny Ýehowa aýdýar. 31  Eý gopbamsy Wawilon+, men saňa jeza bererin»+.Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.«Seniň günüň, hasabat bermeli günüň hökman geler. 32  Eý gopbamsy Wawilon, sen büdräp ýykylarsyň.Seni hiç kim ýeriňden galdyrmaz+. Şäherleriňi otlaryn,Daş⁠-⁠töweregiňi ot ýalmap ýuwudar». 33  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl we ýahuda halkyny ezýärler,Olary sürgün edenler halkymy goýbermeýärler+, Azat etmek islemeýärler+. 34  Emma olaryň Halasgäri* güýçlüdir+. Ady Serkerdebaşy Ýehowadyr+. Ol halkynyň hakyny alar+.Şeýdip, ýurda parahatlyk berer+,Wawilonyň ýaşaýjylaryny howsala salar“+. 35  Haldeýleriň üstünden gylyç iner — muny Ýehowa aýdýar.Wawilonyň ýaşaýjylarynyň,Han⁠-⁠begleriniň, akyldarlarynyň başyna hem gylyç iner+. 36  Ýalan pygamberleriniň üstüne gylyç iner, olar aljyrar. Esgerleriniň üstünden hem gylyç iner,Olar gorkudan ýaňa sandyrar+. 37  Olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň,Ol ýerdäki ähli milletleriň üstünden gylyç iner.Olar aýal ýaly ejizlärler+. Duşman gylyçly gelip, hazynalaryny talar+. 38  Onuň suwlary gurap, çöllüge öwrüler+. Ol ýurt oýma butlaryň mekanydyr+,Olar gorkunç görnüşleri* görüp, dälireýärler. 39  Şonuň üçin ol çöl haýwanlarynyň, uwlaýan haýwanlaryň,Düýeguşlaryň mekany bolar+. Indi ol ýerde hiç kim ýaşamaz.Asyrlarboýy hiç kim mesgen tutmaz+. 40  Hudaýyň weýran eden Sodom, Gomorra+ we olaryň daş⁠-⁠töweregindäki galalary+ ýaly, ol ýerde hem hiç kim ýaşamaz, janly⁠-⁠jemende bolmaz+ — muny Ýehowa aýdýar. 41  Ine, demirgazykdan bir halk geler.Ýeriň aňry ujundan+ beýik halk,Şan⁠-⁠şöhratly patyşalar+ aýaga galar. 42  Olaryň elinde ýaý hem naýza bardyr+. Olar rehimsizdir, zalymdyr+. Atlarynyň toýnak sesi,Deňziň güwwüldisi ýalydyr+. Eý Wawilon gyzy, olar nyzama düzülip,Bir adam kimin saňa hüjüm ederler+. 43  Wawilon patyşasy olar hakda eşidende+,Eliniň ysgyny gaçdy+. Çaga dogurýan aýal kimin,Dert hem azap çekdi. 44  Duşman Iordanyň jeňňeliniň içinden çykan ýolbars kimin öri meýdandaky sürä topular. Men ony ýurtdan kowup çykararyn. Saýlan kişimi ýurduň üstünden hökümdar edip goýaryn+. Maňa taý geljek barmy? Maňa garşy çykmaga kim milt eder? Haýsy çopan garşyma çykyp biler?+ 45  Şonuň üçin, eý halaýyk, Ýehowanyň Wawilon hakdaky kararyny*+, haldeýler baradaky niýetini eşidiň: „Owlak⁠-⁠guzularyny sürüp äkiderler, Halkyň günäsi sebäpli ýurt çolaryp galar+. 46  Wawilonyň ýykylandygyny eşidip, ýer ýüzi sarsar,Milletleriň arasynda ahy⁠-⁠nala eşidiler“»+.

Çykgytlar

Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa⁠-⁠da: dynç alýan ýerini.
Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.
Sözme⁠-⁠söz: dymdyrylar.
Ýa⁠-⁠da: olary satyn alan.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: islegini.