Ýermeýa 20:1—18

  • Paşhur Ýermeýany urýar (1—6)

  • Ýermeýa wagyz etmegini goýmaýar (7—13)

    • Hudaýyň habary ot bolup tutaşýar (9)

    • Ýehowa — batyr pälwan (11)

  • Ýermeýa nalaýar (14—18)

20  Imeriň ogly Paşhur ruhany Ýermeýa pygamberiň sözlerini diňläp durdy. Ol Ýehowanyň öýüniň baş gözegçisidi. 2  Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Ýehowanyň öýüniň ýanyndaky Benýaminiň ýokarky derwezesinde gandallady*+. 3  Ertesi gün Paşhur Ýermeýany gandaldan boşatdy. Şonda Ýermeýa şeýle diýdi: «Ýehowa saňa Paşhur* däl⁠-⁠de, Magormissabib* diýip at dakdy+. 4  Ýehowa şeýle diýýär: „Seni we ähli dost⁠-⁠ýarlaryňy gorkuzaryn. Olar seniň gözüň alnynda duşman gylyjyndan öler+. Men tutuş Ýahudany Wawilon patyşasynyň eline bererin. Olary Wawilona sürgün edip äkiderler we gylyçdan geçirerler+. 5  Şäheriň baýlygyny, mal⁠-⁠mülküni, gymmatly zatlaryny we Ýahuda patyşalarynyň hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin+. Olary talarlar we ähli zatlaryny Wawilona äkiderler+. 6  Eý Paşhur, seni we öý⁠-⁠içeriňi sürgün ederler. Sen Wawilona gidip, dostlaryň bilen şol ýurtda jaýlanarsyň. Sebäbi sen olara ýalan pygamberlik etdiň“»+.  7  Eý Ýehowa, meni geň galdyrdyň, men gözüme ynanmadym. Sen menden güýçli çykdyň, meni ýeňdiň+. Uzakly gün üstümden gülýärler,Hemmesi meni ýaňsylaýarlar+.  8  Men: «Zulum we heläkçilik ýetip gelýär!» diýip jar çekýärin. Ýehowanyň sözi üçinUzakly gün kemsidýärler, ýaňsylaýarlar+.  9  Şonda men: «Alla hakda dil ýarmaryn,Onuň adyndan geplemerin» diýdim+. Emma Allanyň sözi süňkümi eretdi,Ýüregimde ot bolup tutaşdy,Içimde saklamakdan ýadadym,Mundan artyk dymyp bilmerin+. 10  Meniň gybatymy etdiler.Meni gorky basdy+. «Ýermeýanyň aýybyny açalyň! Paş edeliň!» diýýärler. Maňa dostsyraýan adamlar ýykylmagyma garaşýarlar+. Olar: «Belki, ol akmaklyk eder.Şonda üstün çykyp, arymyzy alarys» diýýärler. 11  Ýehowa batyr pälwan ýaly hemişe ýanymdady+. Şonuň üçin duşmanlarym ýykylar, üstün çykmaz+. Olar utanja galar, üstünlik gazanmaz. Olaryň masgaraçylygy hiç wagt ýatdan çykmaz+. 12  Serkerdebaşy Ýehowa, sen dogruçyl adamy barlaýarsyň.Sen adamyň oý⁠-⁠pikirlerini*, ýüregini görýärsiň+. Olardan ar alşyňy göreýin+,Men arz⁠-⁠şikaýatymy saňa aýtdym+. 13  Ýehowa aýdym aýdyň! Ýehowa alkyş aýdyň! Ol garyby zalymlaryň elinden halas etdi. 14  Doglan günüme nälet bolsun! Ejemiň meni dünýä inderen güni gursun!+ 15  «Ogluň boldy! Ogluň boldy!» diýip, Kakamy begendiren Buşlukça nälet bolsun. 16  Goý, ol Ýehowanyň weýran eden şäheri kimin bolsun. Ol irden agy sesini, günortan söweş surnaýyny eşitsin. 17  Men näme üçin ejemiň göwresindekäm ölmändirin?Şonda ejemiň göwresi meniň mazarym bolardy,Ýagty jahana hiç haçan inmezdim+. 18  Men näme üçin dünýä indim?Gaýgy⁠-⁠hasrat çekmek üçinmi?Ömürboýy masgara bolmak üçinmi?+

Çykgytlar

Ýagny ele, aýaga we boýna salynýan gandal.
Manysy: Daş⁠-⁠töwerekdäki galyndy.
Manysy: Daş⁠-⁠töwerek gorkunç.
Ýa⁠-⁠da: duýgularyny. Sözme⁠-⁠söz: böwreklerini.