Ýahýa 7:1—52

  • Isa Çatma baýramynda (1—13)

  • Isa baýramçylykda öwredýär (14—24)

  • Mesih hakdaky dürli pikirler (25—52)

7  Isa Ýahuda barman, Jelilede wagyz edýärdi, sebäbi ýehudylar ony öldürjek bolýardylar+. 2  Ýehudylaryň Çadyr baýramy*+ ýetip gelýärdi. 3  Doganlary+ Isa: «Şägirtleriň hem gudratlaryňy görer ýaly Ýahuda git. 4  Özüni tanatmak isleýän adam hiç zady gizlin edýän däldir. Seniň hem gudratlaryňy hemmeler* görsün» diýdiler. 5  Aslynda, doganlary oňa iman etmeýärdi+. 6  Isa olara: «Meniň gitmeli wagtym gelmedi+, ýöne siz islän wagtyňyz gidip bilersiňiz. 7  Dünýäniň sizi ýigrenmegine hiç hili sebäp ýok. Ol meni ýigrenýär, sebäbi men dünýäniň erbet işlerini paş edýärin+. 8  Siz baýramçylyga gidiberiň, men entek gitjek däl. Meniň wagtym entek gelmedi»+ diýdi. 9  Şeýlelikde, ol Jelilede galdy. 10  Doganlary baýramçylyga gidensoň, Isa-da hiç kime aýtman, gizlinlikde ýola düşdi. 11  Baýramçylyga gelen ýehudylar Isany gözläp: «Hany ol?» diýýärdiler. 12  Il arasynda Isa hakda her hili gep-gürrüň edilýärdi. Käbirleri: «Ol gowy adam» diýse, beýlekiler: «Ol erbet adam, halky azdyrýar»+ diýýärdi. 13  Ýöne adamlar ýehudylardan gorkup, Isa hakda aç-açan gürrüň edip bilmeýärdiler+. 14  Baýramçylygyň takmynan dördünji güni Isa ybadathanada adamlara öwredip başlady. 15  Ýehudylar geň galyp: «Ol dini mekdepde okamasa-da+, mukaddes kitaplary nireden bilýär?»+ diýişdiler. 16  Isa olara: «Öwredýän zatlarym özümiňki däl, meni iberen Hudaýyňkydyr+. 17  Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän adam öwredýänlerimiň Hudaýdanmy+ ýa-da öz pikirimi aýdýandygymy bilýändir. 18  Öz pikirini öňe sürýän adam şan-şöhrat gözleýändir. Kim özüni ibereni şöhratlandyrsa+, ol hakykaty sözleýändir, dogruçyl adamdyr. 19  Musa size Töwrat kitabyny berdi+. Siz näme üçin oňa eýermeýäňiz? Meni näme üçin öldürjek bolýaňyz?»+ diýdi. 20  Adamlar: «Içiňe jyn girdimi? Kim seni öldürjek bolýar?» diýdi. 21  Isa olara: «Size birje gudrat görkezdim, muňa hemmäňiz geň galdyňyz. 22  Oýlanyp görüň, Musa pygamber size sünnetlenmegi tabşyrdy+. Ýöne siz Sabat gününde-de çagalary sünnetleýärsiňiz. Musadan öň ýaşan ata-babalaryňyz hem sünnetlenýärdi+. 23  Siz Musanyň kanuny bozulmaýar diýip, Sabat güni çagaňyzy sünnetleýärsiňiz. Onda Sabat güni bir bendäni sagaldanyma näme üçin gaharlanýarsyňyz?+ 24  Adamyň daş keşbine seredip höküm çykarmaň, adalatly höküm çykaryň»+ diýdi. 25  Iýerusalimde ýaşaýanlaryň käbiri: «Adamlar şuny öldürjek bolýarlar dälmi?+ 26  Ol halkyň öňünde gepläp dur welin, hiç kim zat diýenok. Belki, baştutanlar onuň Mesihdigine ynanandyrlar. 27  Biz onuň niredendigini bilýäris+, ýöne Mesih gelende, onuň niredendigini hiç kim bilmez» diýdiler. 28  Isa ybadathanada öwredip durka, batly ses bilen: «Siz meni tanaýarsyňyz, meniň niredendigimi bilýärsiňiz. Meniň özüm gelmedim+, meni iberen hakykatdanam bar, ýöne siz ony tanamaýarsyňyz+. 29  Ony men tanaýaryn+, men onuň wekili, meni ol iberdi» diýdi. 30  Şonda olar Isany tussag etjek boldular+, ýöne başarmadylar, sebäbi onuň wagty entek gelmändi+. 31  Emma köp adamlar Isa iman edip+: «Mesih gelse-de, şundan köp gudrat görkezermi?» diýýärdiler. 32  Fariseýler halkyň arasynda Isa hakda aýdylýan gürrüňleri eşidenlerinde, uly ruhanylar bilen dilleşip, Isany tussag etmek üçin ybadathananyň garawullaryny iberdiler. 33  Isa: «Meni ibereniň ýanyna gidýänçäm+, biraz wagt siziň bilen bolaryn. 34  Siz meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, meniň barjak ýerime-de baryp bilmersiňiz»+ diýdi. 35  Ýehudylar biri-birine: «Tapylmaz ýaly nirä gitjek bolýarka? Grekleriň arasynda ýaşaýan ýehudylaryň ýanyna baryp, greklere-de öwretjek bolýarmyka? 36  „Siz meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, meniň barjak ýerime-de baryp bilmersiňiz“ diýip, näme aýtjak bolduka?» diýişdiler. 37  Baýramçylygyň soňky, iň wajyp güni+ Isa ýerinden turup, batly ses bilen: «Kim suwsaýan bolsa, ýanyma gelip, suw içsin+. 38  Kim maňa iman etse, ýazylyşy ýaly: „Içinde ýaşaýyş suwy akar“»+ diýdi. 39  Isa iman eden adamlara beriljek mukaddes ruh hakda aýdýardy. Olara entek mukaddes ruh berilmändi+, sebäbi Isa heniz şöhratlanmandy+. 40  Isany diňläp duranlaryň käbiri: «Dogrudanam, ol gelmeli Pygamber!»+ diýişdiler. 41  Beýlekiler: «Ol Mesih!»+ diýişdiler. Başgalary bolsa: «Mesih Jelileden gelmeli däl ahyry+. 42  Ýazylmagyna görä, Mesih Dawudyň neslinden+ we onuň dogduk mekany+ Beýtullahamdan+ gelmeli dälmi?» diýdiler. 43  Şeýlelikde, märekäniň arasynda agzalalyk döredi. 44  Olaryň käbiri Isany tussag etmek isledi, ýöne başarmadylar. 45  Garawullar uly ruhanylar bilen fariseýleriň ýanyna gelende, fariseýler: «Ony näme üçin tutup getirmediňiz?» diýdiler. 46  Garawullar: «Biz şeýle gepleýän adamy ömrümizde görmändik»+ diýdiler. 47  Fariseýler olara: «Ol sizi-de aldadymy? 48  Oňa baştutanlardan ýa-da fariseýlerden ynanan barmy?+ 49  Wah, Musanyň kanunyny bilmeýän halka nälet bolsun!» diýdiler. 50  Öň Isanyň ýanyna baran Nikodim atly fariseý: 51  «Kanunymyza görä adama höküm çykarylmanka, ilki ony diňläp, işini derňemeli dälmi näme?»+ diýdi. 52  Olar Nikodime: «Senem jelilelimi? Okap göräý, Jelilede hiç haçan pygamber dörän däldir» diýdiler*.

Çykgytlar

Ýa-da: Çatma baýramy.
Sözme-söz: dünýä.
Käbir gadymy we ynama mynasyp golýazmalarda şu babyň 53-nji aýadyndan 8-nji babyň 11-nji aýadyna çenli ýok.