Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI SORAG

Mekdepde maňa azar berseler näme?

Mekdepde maňa azar berseler näme?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Seniň garaýşyň ýagdaýy ýa gowulandyryp, ýa-da erbetleşdirip biler.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Tomasyň mekdebe gidesi gelmeýär. Ol diňe şu gün däl, ertirem, asla hiç haçan gitmek islemeýär. Bar zat üç aý mundan öň başlapdy. Klasdaşlary ol hakda ýalan zatlary ýaýratdylar, soňra her zat diýip, ony kemsidip başladylar. Käte biri onuň elinden kitaplaryny gaçyryp, soňra hiç zat bolmadyk ýaly geçip gidýärdi. Käte bolsa oglanlar onuň arkasyndan itýärdi, Tomas muny kimiň edendigini bilmeýärdi. Düýnüň özünde bolsa Tomasa «ertir mekdebe geldigiň işiň gaýtdygy biläý» diýip, SMS ýazypdyrlar.

Sen Tomasyň ýerine bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

Ýagdaý çykalgasyzdyr öýtme! Sen klasdaşlaryň bilen uruşmanam, munuň hötdesinden gelip bilersiň. Nädip?

  • ÜNS BERME. Süleýmanyň tymsallary 29:11-de: «Akylsyz bütin gaharyny daşyna çykarýandyr; akyldar adam bolsa saklap oňa basalyk edýändir» diýilýär. Sen tolgunsaň-da, muny olara bildirme, özüňi rahat alyp bar. Şonda olar seni öz günüňe goýar.

  • AR ALJAK BOLMA. Rimliler 12:17-de: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň» diýilýär. Eger sen ar aljak bolsaň, ýagdaýy öňküdenem beterleşdirersiň.

  • HOWPLY ÝAGDAÝLARDAN DAŞDA DUR. Süleýmanyň tymsallary 22:3-de: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilýär. Mümkin boldugyndan, azar berýän adamlardan we kynçylyk döredip biljek ýagdaýlardan gaça dur.

  • ÝUMŞAK JOGAP BERMÄGE ÇALYŞ. Süleýmanyň tymsallary 15:1-de: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr» diýilýär. Sen oýna salyp, jogap berip bilersiň. Meselem, saňa «çişik» diýýän bolsalar, «pökgüje bolsaň, näme armanyň bar» diýip bilersiň.

  • HIÇ ZAT DIÝME. 19 ýaşly Nora şeýle diýýär: «Hiç zat diýmeseň, bu seniň olara garanyňda, akylly-başlydygyňy, güýçlüdigiňi we özüňe erk edip bilýändigiňi görkezýär» (2 Timoteos 2:24).

  • ÖZÜŇE BOLAN YNAMYŇY ARTDYR. Köplenç özüni gowşak hasaplaýan we ýuwaş oglanlara azar berýärler. Tersine, olar seniň özüňe ynamlydygyňy görseler, saňa degmezler.

  • BIRINE GÜRRÜŇ BER. Öň mugallym bolup işlän bir aýal şeýle diýýär: «Biri size azar berýän bolsa, muny başgalara aýdyň. Şonda siz şeýle ýagdaýa uçraýan beýleki okuwçylara hem kömek edersiňiz».

Özüňe bolan ynamyňy artdyrsaň, azar berýänlere garşy durup bilersiň