Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

37-NJI SAPAK

Ýehowa Şamuwel bilen gepleşdi

Ýehowa Şamuwel bilen gepleşdi

Baş ruhany Alynyň iki ogly bardy. Olaryň ady Hopny bilen Pinehas. Olar çadyrda ruhany bolup gulluk edýärdi. Ýöne Ýehowa gulak asmaýardy, adamlara ýamanlyk edýärdi. Halk Ýehowa gurbanlyk getirende, malyň iň gowy ýerini özlerine alýardy. Aly ogullarynyň edýän işini görýärdi. Olara hiç zat diýmeýärdi. Ýöne Ýehowa olaryň erbet işlerine göz ýummady.

Şamuwel çaga bolsa-da, Ýehowa gulak asýardy. Ony begendirip ýaşaýardy. Ol Hopny bilen Pinehas ýaly erbet işleri etmeýärdi. Bir gezek Şamuwel uklap ýatyrdy. Ol biriniň sesini eşidýär. Ol Aly ruhany çagyrýandyr öýdýär. Ylgap onuň ýanyna barýar-da: «Atam, meni çagyrdyňmy?» diýýär. Aly ruhany: «Ýok, oglum, men seni çagyrmadym. Bar, ýatyber» diýýär. Şamuwel hem geçip ýatýar. Ol ikinji gezek şol sesi eşidýär. Ýöne ýene ony Aly çagyrmandyr. Şamuwel üçünji gezek hem şol sesi eşidýär. Şonda Aly ony Ýehowanyň çagyrandygyna düşünýär. Aly Şamuwele şeýle diýýär: «Ol seni ýene çagyrsa: „Ýehowa aýdyber. Guluň seni diňleýär“ diý».

Şamuwel ýene ýerine geçip ýatýar. Şonda Ýehowa: «Şamuwel, Şamuwel» diýip, ony çagyrýar. Ol: «Ýehowa aýdyber, guluň seni diňleýär» diýýär. Ýehowa: «Aly ruhana aýt, men oňa, maşgalasyna temmi bererin. Onuň ogullary çadyrymda erbet işleri edýär. Ýöne Aly olara temmi bermedi» diýýär. Şamuwel ir bilen turýar. Ol hemişekisi ýaly çadyryň gapylaryny açýar. Şamuwel Ýehowaň aýdan zatlaryny Ala aýtmaga gorkýardy. Ýöne Aly: «Oglum, Ýehowa saňa näme diýdi? Hemmesini bolşy ýaly aýt» diýýär. Şamuwel hem ähli zady gürrüň berýär.

Şamuwel ösüp ulalýardy. Ýehowa ony gowy görýärdi. Hemişe oňa kömek edýärdi. Ýehowa Şamuweli pygamber we serdar edip belledi. Muny Ysraýylda hemmeler eşitdi.

«Ýaşlyk günleriňde Beýik Ýaradany ýatla» (Nesihat 12:1).