Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

38-NJI SAPAK

Ýehowa Şimşona güýç berdi

Ýehowa Şimşona güýç berdi

Ysraýyllaryň köpüsi ýene-de butlara sežde edip başlady. Şonuň üçin Ýehowa olary piliştlileriň eline berdi. Ýöne Ysraýylda Ýehowa gulak asýan adamlaram bardy. Olaryň biri Manowa. Manowanyň çagasy ýokdy. Bir gün perişde onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Seniň ogluň bolar. Ol Ysraýyly piliştlilerden halas eder. Ol Hudaýyň neziri bolar» diýýär. Nezir diýmek näme? Ol Ýehowa gulluk etmek üçin saýlanan adam. Nezir bolan adam hiç haçan saçyny gyrkmaly däldi.

Birnäçe wagtdan Manowanyň ogly bolýar. Adyna Şimşon dakýar. Ol ulalanda güýçli adam bolýar. Oňa güýji Ýehowa berýär. Bir gezek Şimşon ýolbarsy öldürýär. Şonda onuň elinde hiç zat ýokdy. Başga bir gezek bolsa ýeke özi 30 sany piliştlini öldürýär. Piliştliler ony ýigrenýärdi, öldürjek bolýardy. Bir gün Şimşon Gaza şäherine barýar. Gije ýatyrka, piliştliler şäheriň derwezesine gelýär. Olar ir bilen Şimşony öldürmek üçin şol ýerde garaşýar. Ýöne ýarygije Şimşon turup, derwezäniň ýanyna barýar. Ol derwezäni goparyp, egnine alýar. Ony Hebronyň ýanyndaky dagyň depesine çenli göterip gidýär.

Şimşon Delile atly gyzy gowy görýärdi. Piliştlilerem ony bilýärdi. Olar Deliläniň ýanyna baryp: «Bize Şimşonyň näme üçin güýçlüdigini bilip ber. Bilseň, saňa köp kümüş pul bereris. Biz ony tutup, türmä basjak» diýýär. Delile puly gowy görýärdi. Şonuň üçin razylaşýar. Başda Şimşon näme üçin güýçlüdigini aýtmaýar. Ýöne Delile sorap, ýüregine düşýär. Ahyry Şimşon Delilä: «Men Hudaýyň neziri. Saçymy hiç haçan kesmediler. Eger saçymy gyrksalar, häzirkim ýaly güýçli bolmaryn» diýýär. Şimşon syryny aýtmaly däldi, ol örän ýalňyşdy.

Delile derrew piliştlileriň ýanyna baryp: «Men Şimşonyň näme üçin güýçlüdigini bildim» diýýär. Soňra ol Şimşony dyzynda ýatyrýar. Şimşon hem uklap galýar. Bir adamy çagyryp, onuň saçyny kesdirýär. Delile: «Şimşon, piliştliler gelýär!» diýip gygyrýar. Şimşon hem böküp turýar. Ýöne indi Şimşonyň öňki ýaly güýji ýokdy. Şonuň üçin hem piliştliler ony tutýar. Gözüni oýup, türmä basýar.

Bir gün müňlerçe piliştliler Dagon buthanasyna üýşýär. Olar: «Taňrymyz Şimşony tutup berdi. Şimşony getiriň! Hezil edip üstünden güleliň» diýip gygyryşýar. Şimşony getirip, sütünleriň arasynda duruzýarlar we onuň üstünden gülýärler. Şonda Şimşon: «Ýehowa, maňa ýene birje gezek güýç beräý» diýip ýalbarýar. Şol güne çenli Şimşonyň saçy ösüpdi. Ol bar güýji bilen buthananyň iki sütünini itekleýär, buthana hem ýumrulýar. Gelen adamlaryň hemmesi ölýär. Şimşon hem ölýär.

«Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» (Filipililer 4:13).