Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI SAPAK

Wawilon diňi

Wawilon diňi

Tupandan soň Nuhuň ogullarynyň köp çagalary boldy. Olaryň çagalarynyň hem köp çagalary boldy. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, olar dürli ýerlerde ýaşap başladylar.

Şol döwür käbir adamlar Hudaýa gulak asmandyr. Olar: «Geliň, bir şäher guralyň, hiç ýere gitmän şonda ýaşalyň. Asmana ýetip duran beýik bina hem guralyň. Şonda hemmeler bizi tanar» diýdi. Olar diň gurmak isleýärdiler.

Ýehowa olaryň eden işini halamady. Şonuň üçin olaryň işini saklady. Bilýäňmi, ol näme etdi? Ýehowa olaryň dilini üýtgetdi. Adamlar dürli dilde gepläp başladylar. Olar bir-biriniň diline düşünmänsoň, diňi gurup bilmediler. Olaryň guran şäheriniň adyna Wawilon diýilýär. Wawilon «garyşyk» diýmegi aňladýar. Şondan soň adamlar başga ýere göçüp başladylar. Olar baran ýerinde-de erbet işleri edýärdiler. Olaryň arasynda Ýehowany gowy görýän adamlar hem boldumy? Ony indiki sapakdan bileris.

«Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» (Luka 18:14).​