14-nji bölüm
I asyrdaky mesihçiler Hudaýyň Patyşalygy barada dünýäniň dürli künjeginde wagyz edýärdiler. Isa olara nirede wagyz etmelidigini aýdýardy. Şeýle-de olara dürli dilde geplemäge ukyp berdi. Şägirtler her kime öz ene dilinde wagyz edýärdiler. Ýehowa şägirtlere yzarlamalarda berk durar ýaly batyrgaýlyk hem güýç berdi.
Isa Ýahýa görnüş görkezýär. Görnüşde Ýahýa Ýehowanyň şöhratyny görýär. Başga bir gezek bolsa Hudaýyň Patyşalygynyň Şeýtany ýeňip, ebedilik ýok edýändigini görýär. Soňra Isanyň Patyşa bolýandygyny, onuň ýanynda 144 000 saýlananlaryň höküm sürýändigini görýär. Şeýle-de ýer ýüzüniň Jennet bolýandygyny, adamlaryň Ýehowa agzybir sežde edýändigini we parahat ýaşaýandygyny görýär.
ŞU BÖLÜMDE:
95-NJI SAPAK
Şägirtler wagyz etmegini goýmady
Isany öldüren dini ýolbaşçylar şägirtlere wagyz etmegi gadagan etdiler. Ýöne şägirtler batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler.
97-NJI SAPAK
Hudaý Korneliýe mukaddes ruhuny berýär
Hudaý näme üçin Petrusy başga milletli adamyň öýüne iberýär?
99-NJY SAPAK
Türmäniň gözegçisi Isa iman edýär
Şu wakada jynlar, ýer titreme we gylyç hakda näme diýilýär?
101-NJI SAPAK
Pawlusy Rime äkidýärler
Ýolda köp kynçylyk bolsa-da, Pawlus resul Rime sag-aman barýar.
103-NJI SAPAK
«Patyşalygyň gelsin»
Ýahýa görnüşde Hudaýyň Patyşalygynyň gelejekde ýer ýüzünde etjek işlerini görýär.