79-NJY SAPAK
Isa köp gudrat görkezýär
Isa ýer ýüzüne hoş habary wagyz etmek üçin geldi. Ýehowa oňa gudrat görkezmek üçin güýç berdi. Isa Patyşa bolanda-da köp gudratlary eder. Isanyň ýanyna dürli keselli adamlar gelýärdi. Isa olaryň ählisini sagaldýardy. Ol körleriň gözüni, kerleriň gulagyny açýardy we maýyp adamlary sagaldýardy. Isanyň ýanyna jynly adamlar hem gelýärdi. Isa olaryň içinden jynlary çykarýardy. Hatda Isanyň eşigine elini degren adamlar hem sagalýardy. Bir gezek Isanyň ýeke galasy gelýär. Ýöne adamlar onuň yzyndan barýar. Isa şonda-da olary kowmaýar.
Bir gün Isanyň ýanyna ysmaz adamy getirýärler. Ýöne Isanyň oturan öýi adamdan doludy. Şonuň üçin olar öýe girip bilmediler. Olar jaýyň üstüne çykyp, ýokarsyny açdylar we ysmaz adamy aşak düşürdiler. Isa ysmaz adama: «Tur, düşegiňi alyp ýöre!» diýdi. Ol ýerinden turup ýöredi. Hemmeler haýran galdy.
Başga bir gezek Isa bir oba barýar. Öňünden on sany heýwere keselli adam çykýar. Olar uzagrakda durup: «Isa, bize kömek et!» diýip gygyrdylar. Heýwere keseli ýokuşýardy. Şonuň üçin olar adamlaryň ýanyna barmaly däldi. Isa heýwere keselli on adama: «Ybadathana gidiň» diýdi. Ýehowa heýwere keselinden sagalan adama ybadathana barmagy tabşyrypdy. Ýaňky on adam ýolda barýarka sagalýar. Ýöne olaryň
diňe biri yzyna gaýdýar. Ol Isanyň ýanyna gelip sag bolsun aýdýar we Hudaýy şöhratlandyrýar.Bir aýal agyr keseldi. Ol 12 ýyl bäri kösenýärdi. Onuň sagalasy gelýärdi. Bir gün ol Isany görýär. Isanyň daş-töweregi adamdan doludy. Aýal onuň arkasyndan baryp, donunyň etegine elini degirýär. Ol şol bada sagalýar. Şonda Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýýär. Aýal gorksa-da, Isanyň ýanyna barýar. Oňa dogrusyny aýdýar. Isa-da: «Gyzym, gorkma! Arkaýyn gidiber» diýýär.
Şol döwürde Ýaýrus atly bir adam bardy. Ol sinagoganyň ýolbaşçysydy. Ol Isa: «Gyzym keselläp ýatyr. Bize gidip, oňa kömek edäý!» diýip ýalbarýar. Isa Ýaýrusyň öýüne barmanka, gyzjagaz ölýär. Ol Ýaýrusyň öýüne gelende adamlar aglap otyrdy. Isa: «Aglamaň, gyzjagaz ölenok, ol uklap ýatyr» diýýär. Soňra gyzjagazyň elinden tutup: «Gyzjagaz, tur ýeriňden!» diýýär. Ol şol bada direlýär. Isa gyzjagazyň ene-atasyna: «Oňa iýer-içer ýaly zat beriň» diýýär. Ene-atasy gyzynyň direlendigine örän begenýär.
«Hudaý mukaddes ruhy arkaly... Isany saýlap, oňa güýç berdi. Isa ähli ýerlere aýlanyp, ýagşy işleri etdi, Iblisden ejir çekýän adamlary sagaltdy, sebäbi Hudaý ony goldaýardy» (Resullar 10:38).