60-NJY SAPAK
Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar
Bir gün agşam Nawuhodonosor patyşa gorkunç düýş görýär. Ol alada edip ýatyp bilmeýär. Şonuň üçin ýanyna akyldarlary çagyryp: «Düýşümiň manysyny düşündiriň» diýýär. Akyldarlar: «Patyşahym, düýşüňizi gürrüň beriň» diýýär. Ýöne Nawuhodonosor patyşa: «Näme düýş görenimi özüňiz aýdyň, ýogsam öldürerin» diýýär. Olar patyşa ýalbaryp: «Düýşüňizi aýtsaňyz, manysyny düşündirip bereli» diýýär. Patyşa: «Siz meni aldajak bolmaň. Näme düýş görenimi aýdyň» diýýär. Akyldarlar: «Ol aýdýanyňyz bolmaýar. Muny hiç kim edip bilmeýär» diýýär.
Nawuhodonosor patyşanyň ýaman gahary gelýär. Ol: «Ýurtdaky ähli akyldarlary öldüriň» diýýär. Olaryň arasynda Danyýar, Sedrah, Meşah we Abdynag bardy. Danyýar patyşadan: «Bize biraz wagt beräý» diýip haýyş edýär. Soňra dostlary bilen Ýehowa doga edip, kömek soraýar. Ýehowa olara kömek etdimi?
Ýehowa Danyýara patyşanyň düýşüni görkezýär. Onuň manysyny hem düşündirýär. Ertesi gün Danyýar garawullaryň baştutanynyň ýanyna baryp: «Akyldarlaryň hiç birini öldürmäň. Men patyşanyň düýşüni düşündireýin» diýýär. Hyzmatkär Danyýary patyşanyň ýanyna eltýär. Danyýar patyşa şeýle diýýär: «Hudaý size gelejekde boljak zatlary görkezdi. Siz düýşüňizde beýik heýkeli gördüňiz. Onuň kellesi altyndan, döşi we elleri kümüşden, garny hem butlary misden, aýaklary demirden, topukdan aşagy bolsa demir bilen toýun garylan. Soňra dagdan bir daş gopýar. Ol heýkeliň aýagyna degýär. Heýkel çym-pytrak bolýar. Şemal hem döwlen zatlary aýyrýar. Heýkeli pytradan daş beýik daga öwrülýär. Bütin ýer ýüzüni eýeleýär».
Soňra Danyýar düýşüň manysyny düşündirýär. Ol patyşa şeýle diýýär: «Heýkeliň altyn kellesi siz. Sizden soň kümşe meňzedilýän patyşalyk dörär. Ondan soň mise meňzedilýän patyşalyk dörär. Ol bütin ýer ýüzünde höküm sürer. Dördünji patyşalyk demir ýaly berk bolar. Iň soňunda bolsa bölünen patyşalyk dörär. Ol bir tarapdan demir ýaly güýçli, beýleki tarapdan toýun ýaly ejiz bolar. Daga öwrülen daş bolsa Hudaýyň Patyşalygyny aňladýar. Hudaýyň Patyşalygy şol patyşalyklaryň ählisini ýok eder, özi bolsa ebedi galar».
Patyşa Danyýaryň öňünde dyza çöküp, baş egýär. Oňa: «Hudaý saňa düýşümi aýdyp berdi. Seniň Hudaýyň ýaly hudaý ýokdur» diýýär. Nawuhodonosor Danyýary öldürmän, gaýtam akyldarlaryň baştutany edýär. Wawilon welaýatynyň hem häkimi edip belleýär. Diýmek, Ýehowa Danyýaryň dogasyna nädip jogap beripdir?
«Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýere ýygnadylar» (Ylham 16:16).