Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI BÖLÜM

Ysraýyl halky Kengana girýär

Ysraýyl halky Kengana girýär

Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda ysraýyl halky Kengan ýurduny basyp alýar. Ýehowa kazylary belläp, halkyny ezijilerden gutarýar

YSRAÝYL halky heniz Kengan ýurduna girmänkä, Ýehowa bu ýurdy Ybraýymyň nesillerine berjekdigini ençeme ýyl öňünden wada edipdi. Indi, Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda ysraýyllylar Wada edilen diýary eýelemäge taýyndy.

Hudaý Kengany ýok etmekçidi, sebäbi onuň ýaşaýjylary jynsy ahlaksyzlyk we gandöküşlik bilen meşgullanýardylar. Şonuň üçin hem Kenganyň şäherleri ysraýyllylar tarapyndan doly weýran edilmelidi.

Ýeşuw Kengan ýurduna girmezinden öň, ol ýere iki sany içalyny iberýär. Olar Erihe şäherinde ýaşaýan Rahaw atly aýalyň öýüne barýarlar. Aýal olaryň ysraýyllydygyny bilse-de, myhman alyp, öýünde gizleýär. Rahaw ysraýyllylaryň Hudaýyna iman edýärdi, sebäbi Ýehowanyň öz halkyny halas edendigi barada eşidipdi. Ol özüniň we maşgalasynyň öldürilmezligi üçin içalylardan ant içmeklerini soraýar.

Soňra ysraýyllylar Kenganyň Eriha şäherine gelýärler. Şonda Ýehowa şäheriň diwarlaryny gudrat bilen ýumurýar. Şäher weýran edilende, Ýeşuwyň goşuny Rahaw bilen onuň maşgalasyny halas edýär. Bary-ýogy alty ýylyň içinde Ýeşuw Wada edilen diýaryň köp bölegini basyp alýar. Soňra ol ýerler Ysraýyl taýpalaryna bölünip berilýär.

Ýeşuw garranda, bütin ysraýyl halkyny bir ýere ýygnaýar we Ýehowanyň olaryň ata-babalary üçin eden işlerini ýatladýar. Soňra olary Ýehowa gulluk etmäge höweslendirýär. Emma Ýeşuw we başga-da Hudaýa wepaly gulluk eden ýaşulular ölenden soň, ysraýyllylar Ýehowadan ýüz öwrüp, ýalan taňrylara sežde edip başlaýarlar. Halk 300 ýyla golaý Ýehowanyň kanunlaryna eýermeýär. Şol döwürde Ýehowa ysraýyllylaryň duşmanlaryna, meselem, filistililere olary ezmäge ýol berýär. Emma ysraýyllylar Ýehowany kömege çagyranlarynda, ol bellän on iki kazysy arkaly halky halas edýär.

Kazylaryň ýaşan döwri barada Mukaddes Ýazgylaryň Kazylar kitabynda gürrüň berilýär. Olaryň ilkinjisi Otniýel, iň soňkusy bolsa güýçli adam Şimşondy. Mukaddes Ýazgylaryň Kazylar kitabynda Ýehowa gulak asmagyň bereket getirýändigi, gulak asmazlygyň bolsa heläkçilige eltýändigi baradaky wajyp hakykat ençeme gezek nygtalyp geçilýär.

Ýeşuw; Kazylar kitabyna we Lewiler 18:24, 25-nji aýatlaryna esaslanýar.