Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

22-NJI BÖLÜM

Resullar batyrgaý wagyz edýärler

Resullar batyrgaý wagyz edýärler

Mesihçiler ýygnagy yzarlamalara garamazdan çalt ösýär

ISANYŇ göge galanyna takmynan on gün geçipdi. B. e. 33-nji ýylynda onuň 120 şägirdi ýehudylaryň Pentikost baýramyny bellemek üçin Iýerusalimde ýygnanýar. Birden zarply ýeliň öwsüşi ýaly, bir şuwwuldy turup, olaryň oturan öýüni doldurdy. Şonda şägirtler başga dillerde gepläp başladylar. Bu geň waka nämäni aňladýar? Hudaý şägirtlere mukaddes ruhuny berdi.

Baýramçylygy bellemäge ähli künjekden adamlar gelipdi. Olar Isanyň şägirtleriniň öz dillerinde gepleýändigini eşidip, haýran galýar. Petrus Ýowel pygamberiň sözlerine salgylanyp, bu bolýan wakany düşündirýär. Onuň pygamberligine görä, Hudaýyň mukaddes ruhuny alan adamlar täsin gudratlar eder (Ýowel 2:28, 29). Bu mukaddes ruh wajyp özgerişligiň bolandygyny aýdyň görkezýär: indi Hudaý ysraýyl halkyny däl-de, täze dörän mesihçiler ýygnagyny kabul edýär. Hudaýyň göwnünden turmak isleýän adamlar Mesihiň şägirdi bolmaly.

Şondan soň yzarlamalar başlanýar. Dini ýolbaşçylar Isanyň şägirtlerini türmä basýarlar. Emma şol gije Ýehowanyň perişdesi türmäniň gapysyny açýar we şägirtlere wagyz etmegi tabşyrýar. Şägirtler ir bilen ybadathana baryp, Isa barada öwredip başlaýarlar. Muňa duşmanlaryň gahary gelip, wagyz etmegi gadagan edýärler. Resullar bolsa gorkman: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr» diýip jogap berýärler (Resullaryň işleri 5:28, 29).

Yzarlamalar güýjeýär. Käbir ýehudylar Stefanusy Hudaýa dil ýetirmekde aýyplap, ony daşlap öldürýärler. Tarsusly Saul atly ýaş ýigit Stefanusyň öldürilmegini goldaýar. Bu ýaş ýigit Mesihiň yzyna eýerýänleri tussag etmek üçin, Şama gidýär. Saul ýolda gidip barýarka, gökden bir nur onuň daş-töweregini ýagtyldýar we ol şeýle ses eşidýär: «Saul! Saul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» Ýiti yşyga gözi gamaşyp, Saul: «Sen kimsiň?» diýip soraýar. Ses hem jogap berip: «Men... Isa» diýýär (Resullaryň işleri 9:3—5).

Üç günden soň, Isa Saulyň gözüni açmak üçin Hananýa atly şägirdi iberýär. Saul suwda çokundyrylyp, mesihçiler ýygnagynyň yhlasly şägirdi bolup ýetişýär. Ol Isa barada batyrgaýlyk bilen wagyz edip, Pawlus ady bilen tanalýar.

Isanyň şägirtleri, ilki başda, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary diňe ýehudylara we samariýalylara wagyz edýärdiler. Emma bir güni Kornelius atly Hudaýdan gorkýan Rim serkerdesiniň ýanyna perişde gelýär. Ol Petrus resuly çagyrtmagy maslahat berýär. Petrus bilen beýleki şägirtler Korneliusa we onuň öý-içerisine wagyz edýär. Petrus heniz gürrüň berip durka, ony diňläp duran adamlaryň üstüne mukaddes ruh inýär we resul olara Isanyň ady bilen suwda çokundyrylmagy tabşyrýar. Olar ýehudy däldi. Diýmek, ebedi ýaşaýşa bolan ýol ähli milletlere açylýar. Indi ýygnagyň agzalary hoş habary ähli ýerde wagyz etmäge taýyndy.

Resullaryň işleri 1:1—11:21-nji aýatlara esaslanýar.