25-NJI BÖLÜM
Iman, edim-gylym we söýgi barada öwütler
Ýakubyň, Petrusyň, Ýahýanyň we Ýahudanyň ýazan hatlary imandaşlaryny ruhlandyrýar
ÝAKUP we Ýahuda Isanyň enebir doganlary, Petrus bilen Ýahýa bolsa onuň resullarydy. Bu dört adam Injildäki ýedi sany haty ýazýar. Hatlaryň hersi ony ýazan adamyň adyny göterýär. Olaryň ylhamly öwüt-ündewleri mesihçilere Ýehowa we onuň Patyşalygyna wepaly galmaga kömek edýär.
Iman. Hudaýa iman edýäris diýmek ýeterlikli däl. Hakyky iman iş ýüzünde görkezilmeli. Ýakup: «Iman hem amallar bolmasa ölüdir» diýdi (Ýakup 2:26). Iman kynçylyklarda çydamlylyk döredýär. Çydamly bolmak üçin, mesihçi ynam bilen Hudaýdan akyldarlyk dilemeli. Çydamlylyk görkezýän mesihçiler Hudaýy razy edýär (Ýakup 1:2—6, 12). Eger biz hiç hili şübhe etmän wepaly galsak, onda Ýehowa biziň ýanymyzda bolar. Ýakup: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýdi (Ýakup 4:8).
Biziň imanymyz güýçli bolsa, onda synaglara döz gelip, ahlaksyz zatlary ret edip bileris. Dünýädäki zatlaryň mesihçilere örän erbet täsir etjekdigine düşünip, Ýahuda olary iman ugrunda göreşmäge çagyrýar (Ýahuda 3).
Mukaddes ýaşaýyş. Ýehowa gullukçylarynyň mukaddes ýaşamagyny, ýagny ähli zatda arassa bolmagyny isleýär. Petrus şeýle ýazdy: «Ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň. Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýip ýazylgydyr» (1 Petrus 1:15, 16). Isa mesihçilere gowy görelde galdyrdy. Petrus: «Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy» diýdi (1 Petrus 2:21). Mesihçiler Hudaýyň kadalary boýunça ýaşaýandygy üçin horluk çekip biler, emma olaryň «ynsaby päkdir» (1 Petrus 3:16, 17). Mesihçiler Hudaýyň höküm gününe we «dogrulyk höküm sürjek» täze dünýäsine garaşýarlar. Şol sebäpli Petrus olara mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmegi maslahat berýär (2 Petrus 3:11—13).
«Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» (Ýakup 4:8)
Söýgi. Ýahýa: «Hudaý söýgüdir» diýip ýazdy. Ýahýa resulyň aýtmagyna görä, Hudaý Isany «günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberip», bize öz beýik söýgüsini bildirdi. Hudaýyň söýgüsi mesihçilere nähili täsir etmeli? Ýahýa şeýle düşündirýär: «Eý söýgüli doganlar, Hudaý bizi şeýle söýen bolsa, onda biz-de bir-birimizi şeýle söýmäge borçludyrys» (1 Ýahýa 4:8—11). Meselem: biz myhmansöýer bolsak, imandaşlarymyzy söýýändigimizi görkezeris (3 Ýahýa 5—8).
Emma Ýehowa bolan söýgini nädip bildirip bolar? Ýahýa şeýle diýýär: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3; 2 Ýahýa 6). Hudaýa gulak asýan adamlar özüni onuň söýgüsinde saklap, «ebedi ýaşaýşa» gowşup bilerler (Ýahuda 21).
Ýakup, 1 we 2 Petrus, 1, 2 we 3 Ýahýa, Ýahuda kitaplaryna esaslanýar.