Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BÖLÜM

Hudaýyň akyldarlygy görkezme berýär

Hudaýyň akyldarlygy görkezme berýär

Süleýmanyň tymsallary kitabynda Hudaýyň ylhamly maslahatlary berlen. Olaryň köp bölegini Süleýman ýazýar

ÝEHOWA akyldar Hökümdarmy? Bu soragyň jogabyny onuň berýän maslahatyndan bilse bolýar. Onuň maslahatlary nähili derejede täsirli? Olary ulansak, bagtly bolarysmy? Akyldar Süleýman patyşa durmuşyň ähli pudaklaryna degişli ýüzlerçe tymsallary ýazýar. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

Hudaýa bil baglaň. Ýehowa bilen dostlaşsak, oňa bil baglap bileris. Süleýman şeýle ýazdy: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6). Hudaýa bil baglap, onuň berýän görkezmesine eýersek we gulak assak, bagtly durmuşda ýaşarys. Şeýdip, biz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys, Ol hem duşmanyň, ýagny Şeýtanyň aýyplamasyna jogap berer (Süleýmanyň tymsallary 27:11).

Adamlar bilen özüňizi paýhasly alyp baryň. Hudaýyň ärlere, aýallara we çagalara berýän maslahaty şu günler has-da peýdaly. Hudaý ärleriň aýalyna wepaly bolmalydygyny nygtap, olara: «Ýaşlygyň aýaly bilen şatlan» diýýär (Süleýmanyň tymsallary 5:18—20). Süleýmanyň tymsallary kitabynda başarjaň aýalyň äriniň we çagalarynyň öwgüsini gazanýandygy täsirli beýan edilýär (Süleýmanyň tymsallary 31-nji bap). Çagalara-da ata-enesine gulak asmak barada öwüt-ündew berilýär (Süleýmanyň tymsallary 6:20). Şeýle-de bu kitapda dostlaşmagyň wajyplygy, özüni çetde tutýan adamyň bolsa, diňe özüni bilýändigi görkezilýär (Süleýmanyň tymsallary 18:1). Dostlar bize güýçli täsir edýär, şol sebäpli olary paýhasly saýlamaly (Süleýmanyň tymsallary 13:20; 17:17).

Paýhasly ýaşaň. Süleýmanyň tymsallary kitabynda spirtli içgileri köp içmezlik, zyýan ýetirýän däl-de, abatlaýan zatlara ünsli bolmaklyk we zähmetsöýerlik barada gymmatly maslahatlar berilýär (Süleýmanyň tymsallary 6:6; 14:30; 20:1). Olar bize Hudaýyň akyldarlygyna däl-de, öz düşünjämize bil baglasak betbagtçylyga uçrajakdygymyzy duýdurýar (Süleýmanyň tymsallary 14:12). Bu kitap bize ýüregimiziň erbet täsirden goramagy maslahat berýär, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekdedir (Süleýmanyň tymsallary 4:23).

Bütin dünýäde millionlarça adamlar şu maslahatlar boýunça ýaşap, durmuşynyň gowulanandygyna göz ýetirdiler. Şeýlelikde, olar Ýehowany Hökümdar hökmünde kabul edip, köp bereket aldylar.

Süleýmanyň tymsallary kitabyna esaslanýar.