1-NJI BÖLÜM
Ýaradyjy adama Jennet berýär
Hudaý älem-jahany, ýer ýüzüni ýaradýar; soňra kämil erkek adam bilen aýaly ýaradyp, owadan bagda ýerleşdirýär we olara tabşyryk berýär
MUKADDES ÝAZGYLAR şeýle sözler bilen başlanýar: «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» (Gelip çykyş 1:1). Bu sözler köp adamlara mälimdir. Şeýle sada, ünsüňi çekiji sözler bizi Mukaddes Ýazgylardaky esasy şahsyýet bolan Gudratygüýçli Ýehowa Hudaý bilen tanyşdyrýar. Biz bu sözlerden älem-jahany we Ýer şaryny Hudaýyň ýaradandygyny bilýäris. Indiki aýatlarda Hudaýyň ýaşaýyş üçin ýer ýüzüni we ajaýyp tebigaty ýaradyşy barada aýdylýar. Ol ähli zady birnäçe «günüň», ýagny uzak döwrüň dowamynda ýaratdy.
Hudaýyň ýerde ýaradanlarynyň arasynda iň täsini adamdy. Adam Hudaýa meňzeş ýaradylyp, onda Ýehowanyň söýgi we akyldarlyk ýaly häsiýetleri bardy. Hudaý ynsany toprakdan ýaratdy. Hudaý oňa Adam diýip at dakdy we ony Jennetde — Erem bagynda ýerleşdirdi. Hudaýyň beren bagynda owadan we miweli agaçlar köpdi.
Adam ata ýanýoldaş gerekdi. Hudaý Adam atanyň gapyrgasyndan oňa aýal ýaratdy. Soňra oňa How ene diýip at dakyldy. Şonda Adam ata begenjinden ýaňa joşup: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir» diýdi. Bu sözleri Hudaý şeýle düşündirýär: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar» (Gelip çykyş 2:22—24; 3:20).
Hudaý Adam ata bilen How enä iki tabşyryk berýär. Birinji tabşyryk: olar ýer ýüzüni bejerip, onuň aladasyny edip, ynsan neslini köpeltmelidi. Ikinjisi: Hudaý olara uly bagyň içinde diňe bir agajyň — «ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden» iýmezligi tabşyrdy (Gelip çykyş 2:17). Eger olar bu tabşyryga gulak asmasalar, ölerdiler. Hudaýyň Adam ata bilen How enä beren bu tabşyryklary Hudaýy Hökümdar hökmünde kabul etmäge mümkinçilik berýärdi. Şeýle-de olar Hudaýa gulak asyp, söýgüsini we minnetdarlygyny görkezip bilerdiler. Hudaýyň häkimiýetine boýun bolmaga olarda ähli sebäp bardy, galyberse-de, bu olaryň bagtly bolmagyna ýardam ederdi. Kämil adamlarda hiç bir kemçilik ýokdy. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi» diýilýär (Gelip çykyş 2:17).
Gelip çykyş kitabynyň 1, 2-nji baplaryna esaslanýar.