Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

24-NJI BAP

Isa tutuş Jelile welaýatynda wagyz edýär

Isa tutuş Jelile welaýatynda wagyz edýär

MATTA 4:23—25; MARKUS 1:35—39; LUKA 4:42, 43

  • ISA DÖRT ŞÄGIRDI BILEN JELILÄ AÝLANÝAR

  • ISANYŇ WAGZY WE EDÝÄN IŞLERI ÄHLI ÝERE ÝAÝRAÝAR

Isanyň dört şägirdi bilen Kapernaumda bolan güni başagaýlykda geçýär. Agşam düşende, adamlar Isanyň ýanyna syrkawlary getirýärler, Isa hem olary sagaldýar. Görşümiz ýaly, Isanyň dynç almaga-da eli degmeýär.

Isa ir bilen heniz jahan ýagtylmanka turýar. Ol gökdäki Atasyna doga etmek üçin bir çola ýer tapýar. Emma bu ümsümlik uzaga çekmeýär. «Simun we beýleki şägirtler» Isanyň ýokdugyny bilenlerinde, ony gözlemäge çykýarlar. Emma Petrus has-da alada eden bolmaly, sebäbi Isa onuň öýünde bolýardy (Markus 1:36; Luka 4:38).

Olar Isany tapanlarynda, Petrus: «Hemmeler seni gözläp ýör» diýýär (Markus 1:37). Hawa, Kapernaumyň ýaşaýjylary Isanyň öz ýanlarynda galmagyny isleýärdiler. Olar Isanyň eden işlerine diýseň minnetdardylar, şonuň üçin hem ondan «gitmezligi haýyş edýärler» (Luka 4:42). Eýsem, Isa ýer ýüzüne diňe kesel adamlary sagaltmak üçin geldimi? Ol diňe şu jelegaýda wagyz etmelimi? Isanyň özi bu hakda näme pikir edýär?

Isa şägirtlerine: «Ýörüň, başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň. Men ol ýerlerde-de wagyz etmeli, sebäbi men şonuň üçin geldim» diýýär. Ol hatda özüni galdyrmak isleýän adamlara: «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlere-de yglan etmeli, sebäbi men şonuň üçin iberildim» diýýär (Markus 1:38; Luka 4:43).

Dogrudan-da, Isa ýer ýüzüne, esasan-da, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge gelýär. Bu Patyşalyk onuň Atasynyň adyny mukaddes eder, keselçiligi-de hemişelik aýrar. Isa syrkawlary sagaldyp, Hudaý tarapyn iberilendigini subut edýär. Şonuň ýaly-da ençeme ýyl mundan ozal Musa pygamber hem Hudaý tarapyn iberilendigini subut etmek üçin täsin gudratlary görkezipdi (Müsürden çykyş 4:1—9, 30, 31).

Şeýlelikde, Isa dört şägirdi, ýagny Petrus we onuň dogany Andreas, Ýahýa hem-de onuň dogany Ýakup bilen bile başga şäherlerde wagyz etmek üçin Kapernaumdan gaýdýar. Bir hepde mundan öň Isa olary özüne kömekçi edip saýlapdy.

Isanyň we onuň dört şägirdiniň Jeliledäki wagzy gowy netije berýär. Dogrudan-da, Isanyň at-owazasy il içine dolupdy. Hawa, «Isanyň ady bütin Siriýa ýaýraýar». Şeýle-de Iordan derýasynyň aňry tarapyndaky on şäher diýmegi aňladýan Dekapolis welaýatyna hem belli bolýar (Matta 4:24, 25). Şol ýerlerden we Ýahudadan Isanyň we şägirtleriň yzyna ençeme adamlar düşýärler. Olaryň köpüsi ýanlarynda syrkawlary hem getirýärler. Isa olaryň tamasyny ödeýär, sebäbi syrkawlary sagaldyp, jynly adamlary hem azat etmek üçin, olardan jynlary kowup çykarýar.