44-NJI BAP
Isa güýçli tupany ýatyrýar
MATTA 8:18, 23—27; MARKUS 4:35—41; LUKA 8:22—25
-
ISA JELILE DEŇZINDE TURAN TUPANY ÝATYRÝAR
Isa uzak gün gulluk edip, gaty ýadapdy. Agşam düşende, ol şägirtlerine: «Ýörüň, deňziň beýleki (Kapernaumyň garşysynda ýerleşýän) kenaryna geçeliň» diýýär (Markus 4:35).
Jelile deňziniň gündogar kenarynda Gerasena welaýaty ýerleşýärdi. Oňa başgaça Dekapolis hem diýilýärdi. Dekapolis grek medeniýetiniň merkezi bolsa-da, ol ýerde köp ýehudylar ýaşaýardy.
Adamlar Isanyň Kapernaumdan gaýdandygyna derrew üns berýärler. Olar hem gaýyklara münüp, Isanyň yzyndan gidýärler (Markus 4:36). Jelile deňziniň beýleki kenary uzak däldi. Aslynda, bu deňiz uzynlygy takmynan 21 km, ini bolsa 12 km bolan süýji suwly uly köl hasaplanýardy. Muňa garamazdan, ol çuňdy.
Isa kämil adam bolsa-da, uzak gün gulluk edensoň, ýadawdy. Şonuň üçin şägirtler ýüzüp ugrandan, ol gaýygyň yz tarapyna geçip, başyny ýassyga goýýar-da, uka gidýär.
Resullaryň käbiri gaýygy ökdelik bilen dolandyryp bilýän bolsalar-da, bu sapar ýol aňsat bolmaýar. Jelile deňziniň daş-töweregini dag gurşap alansoň, onuň suwy köplenç ýyly bolýardy. Käte dagyň sowuk howasy deňziň ýyly suwy bilen garyşýardy. Şonda deňiz güýçli tolkun atyp başlaýardy. Häzir hut şeýle-de bolýar. Deňziň tolkunlary gaýyga urup, ol «suwdan dolup başlaýar», şägirtler hem howply ýagdaýa düşýärler (Luka 8:23). Haýran galaýmaly, Isa entegem uklap ýatyrdy!
Deňizçiler gark bolmaz ýaly, elinde baryny edýärler, ýöne bu başartmaýar. Olar heläk bolmakdan gorkup, Isany turuzýarlar-da: «Agam, heläk bolup barýarys, bizi halas et!» diýýärler (Matta 8:25). Hawa, olar gark bolarys öýdüp gorkýardylar.
Isa turup, resullaryna: «Siz näme üçin beýle gorkýarsyňyz, eý imany azlar?» diýýär (Matta 8:26). Soňra Isa ýele we deňze: «Ýuwaş! Sem bol!» diýip buýurýar (Markus 4:39). Tolkun atyp duran deňiz şol bada ýatýar. (Markus bilen Lukanyň aýtmagyna görä, Isa başda gudrat bilen tupany ýatyrýar, soňra bolsa şägirtleriniň imanynyň gowşakdygyny aýdýar).
Göz öňüne getiriň, gören zatlary şägirtlerine nähili täsir edendir! Olar ýaňyja güýçli ýelden ýaňa däliräp duran deňziň köşeşendigini gördüler. Olar gorkudan ýaňa bir-birine: «Bu kimkä? Hatda ýelem, deňizem oňa gulak asýar» diýişýärdiler. Soňra olar sag-aman deňziň beýleki tarapyna geçýärler (Markus 4:41—5:1). Beýleki gaýykdakylar bolsa yzyna günbatar tarapdaky kenara dolanan bolmaly.
Hudaýyň Oglunyň tebigatyň üstünden güýjüniň bardygyny bilmek diýseň teselli berýär! Ol Patyşalygynda ýeriň üstünden höküm sürende, adamlar howpsuzlykda ýaşar, sebäbi tebigy betbagtçylyklar gaýdyp hiç haçan bolmaz!