28-NJI BAP
Isa pygamberiň şägirtleri näme üçin agyz beklemeýär?
MATTA 9:14—17; MARKUS 2:18—22; LUKA 5:33—39
-
SUWA ÇÜMDÜRÝÄN ÝAHÝANYŇ ŞÄGIRTLERI ISADAN AGYZ BEKLEMEK BARADA SORAÝAR
Suwa çümdürýän Ýahýanyň tussag edilenine birnäçe aý bolupdy. Isa Mesih b. e. 30-njy ýylynda Pasha baýramyna baryp gelende-de, ol türmededi. Ýahýa öz şägirtleriniň Isa pygamberiň şägirdi bolmaklaryny isleýärdi. Emma olar henizem Isanyň yzyna eýermeýärdiler.
B. e. 31-nji ýylydy we Pasha baýramy golaýlaşýardy. Ýahýanyň käbir şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Bizem, fariseýlerem agyz bekleýäris, emma seniň şägirtleriň näme üçin agyz beklemeýärler?» diýip soraýar (Matta 9:14). Fariseýler dini däbe görä agyz bekleýärdiler. Isa bu babatda özüni dogruçyl saýýan fariseýiň dogasyny mysal getirip: «Eý Hudaý, men başgalar ýaly... däldigime saňa şükür edýärin. Men hepdede iki gezek agzymy bekleýärin» diýýär (Luka 18: 11, 12). Ýahýanyň şägirtleri hem däbe görä agyz bekleýän bolmaly. Belki-de, olar Ýahýanyň türmä basylandygyna gynanyp, agyz bekländirler. Isanyň şägirtleri näme üçin agyz beklemeýärler? Olar Ýahýanyň türmede oturanyna gynanmaýarmyka?
Isa bir mysal getirip: «Öýlenýän ýigit ýanlaryndaka, heý-de, onuň dostlary ýas tutarmy? Emma öýlenýän ýigidiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler» diýýär (Matta 9:15).
Suwa çümdürýän Ýahýanyň özi-de Isa pygamberi öýlenýän ýigide meňzedipdi (Ýahýa 3:28, 29). Şol sebäpli Isa Mesih şägirtleriniň ýanyndaka, olar agyz beklemeýärdiler. Emma Isa ölenden soň, onuň şägirtleri ýas tutup, agyz beklärler. Ol direlensoň şägirtleri agyz beklärmikä? Elbetde, ýok!
Isa ýene-de iki mysal getirip, olara şeýle diýýär: «Hiç kim köne dona täze matadan ýama salmaýar. Sebäbi täze mata girip, dony ýyrtar we onuň ýyrtygy has-da ulalar. Şeýle-de hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaýar. Eger guýsa, onda meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Emma adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar» (Matta 9:16, 17). Isa näme diýjek bolduka?
Ýahýanyň şägirtleri Isanyň şägirtleriniň ýehudy dininiň agyz beklemek ýaly köne däplerini berjaý etmejekdigine düşünmelidiler. Isa ýer ýüzüne täze matany köne mata ýamamak üçin, ýagny köne we Hudaýyň tizden inkär etjek dinini ýöretmek üçin gelmändi. Aslynda, Isa pygamberiň öňe sürýän seždesiniň ynsan däplerinden ybarat bolan ýehudy dini bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol köne mata täze ýama saljak ýa-da täze şeraby köne meşige guýjak bolmady.