Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

36-NJY BAP

Ýüzbaşynyň berk imany

Ýüzbaşynyň berk imany

MATTA 8:5—13; LUKA 7:1—10

  • GOŞUN SERKERDESINIŇ HYZMATKÄRINIŇ SAGALYŞY

  • IMAN EDÝÄN ADAMLAR PATA ALAR

Isa Dagdaky wagzyny tamamlansoň, Kapernaum şäherine gidýär. Şonda onuň ýanyna ýehudy ýaşululary barýar. Olary ýehudy milletinden bolmadyk adam, ýagny Rim goşunynyň ýüzbaşysy iberýär.

Goşun serkerdesiniň gowy görýän hyzmatkäri agyr syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ýüzbaşy özge milletden bolsa-da, Isadan kömek soraýar. Ýehudylar Isanyň ýanyna gelende, onuň hyzmatkäriniň ysmaz bolup ýatandygyny we gaty ejir çekýändigini aýdýarlar (Matta 8:6). Ýehudy ýaşululary Isa ýalbaryp: «Ol seniň kömek etmegiňe mynasypdyr. Sebäbi ol biziň halkymyzy söýýär, sinagogamyzy hem şol gurup berdi» diýýärler (Luka 7:4, 5).

Şonda Isa ýaşulular bilen goşun serkerdesiniň öýüne gidýär. Öýüne ýetiberende, ýüzbaşy eýýäm dostlaryny iberip, olara şeýle diýmegi tabşyrypdy: «Jenabym, alada galma, sen öýüme girer ýaly, men mynasyp däldirin. Şonuň üçin özümi hem ýanyňa barmaga mynasyp görmedim» (Luka 7:6, 7). Şeýle ygtyýarly adamyň pesgöwünliligi diýseň haýran galdyrýar! Bu serkerde hyzmatkärlerine ýowuz daraşýan rimlilerden gök bilen ýer ýaly tapawutlanýardy (Matta 8:9).

Rim serkerdesi ýehudylaryň başga halklar bilen gatnaşyk etmeýändigini bilýärdi (Resullaryň işleri 10:28). Mümkin, şol pikir bilen hem ol dostlary arkaly Isadan: «Ýekeje söz aýtsaň-da, hyzmatkärim sagalar» diýip, haýyş eden bolmaly (Luka 7:7).

Isa muny eşidip, haýran galýar we ol hakda şeýle öwgüli sözleri aýdýar: «Size diýýärin, men şeýle güýçli imanly adamy hatda Ysraýylda-da tapmadym» (Luka 7:9). Dostlary serkerdäniň öýüne dolanyp baranlarynda, ölüm ýassygynda ýatan hyzmatkäriň sagalandygyny görýärler.

Bir gezek Isa syrkawlary sagaldanda, mümkinçilikden peýdalanyp, iman edýän özge milletli adamlaryň gelejekde Hudaýyň patasyny aljakdyklaryny aýdýar. Şonda ol: «Gündogardan we günbatardan ençeme adamlar gelip, gökdäki Patyşalykda Ybraýym, Yshak hem-de Ýakup bilen bir saçagyň başynda oturarlar» diýýär. Onda iman etmedik ýehudylara näme bolar? Isa olar hakda: «Patyşalygy miras almaly ogullar garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjarlar» diýýär (Matta 8:11, 12).

Dogrudan-da, ýehudy bolup doglan adamlar Mesih bilen bile Patyşalykda höküm sürmäge berlen mümkinçiligi elden gidirendikleri üçin inkär ediler. Emma başga halklar Isa bilen bir saçagyň başynda oturmaga, ýagny gökdäki Patyşalyga çagyrylar.