Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY BAP

Isa dogan-garyndaşlary bilen Iýerusalime gidýär

Isa dogan-garyndaşlary bilen Iýerusalime gidýär

LUKA 2:40—52

  • ON IKI ÝAŞLY ISA MUGALLYMLARA SORAG BERÝÄR

  • ISA ÝEHOWA «ATAM» DIÝÝÄR

Bahar aýlarydy. Ýusup hemişekisi ýaly, maşgalasyny alyp, dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary bilen Iýerusalime gidýär. Olar Kanuna görä, her ýyl Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime barýardylar (Kanun taglymaty 16:16). Nazaretden Iýerusalima gitmek üçin takmynan 120 km ýol geçmelidi. Her kim ýola höwes bilen taýýarlyk görýärdi. Isa 12 ýaşlaryndady, ol baýramçylyga we ybadathana ýene-de baryp biljekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.

Isa we onuň maşgalasy üçin Pasha diňe bir günlük baýramçylyk däldi. Pasha baýramyndan soň ýedi gün dowam edýän Petir baýramy başlaýardy (Markus 14:1). Şol günlere Pasha döwri diýilýär. Nazaretden Iýerusalime baryp, yzyňa dolanmak üçin iki hepde wagt gerek bolýardy. Emma şu gezek Isa bilen bolan waka zerarly syýahat has uzaga çekýär. Bu waka olar Iýerusalimden öýüne gaýdyp gelýärkäler bolýar.

Ýusup bilen Merýem, olaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, hemmesi bile demirgazyga tarap öýüne barýardylar. Olar Isa ýanlarynda gelýän adamlaryň arasyndadyr öýdýärler. Emma gije düşlänlerinde, Isanyň ýokdugyny görýärler. Ony näçe gözleseler-de, tapyp bilmeýärler. Şonuň üçin Ýusup bilen Merýem yzyna Iýerusalime gaýdyp, ony şol ýerde gözläp başlaýarlar.

Olar Isany iki günläp gözleýärler, emma tapyp bilmeýärler. Ahyry, üçünji gün diýlende, olar ogluny ybadathanadaky uly otaglaryň birinden tapýarlar. Isa ýehudy mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňleýärdi we sorag berýärdi. Olar bolsa Isanyň düşünjesine haýran galýardylar.

Şonda Merýem: «Oglum, sen näme üçin bizi alada goýduň? Kakaň ikimiziň seni gözlemedik ýerimiz galmady?» diýýär (Luka 2:48).

Isa ata-enesiniň onuň nirededigini bilmeýändigine geň galyp: «Siz näme üçin meni gözlediňiz? Eýsem, meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýýär (Luka 2:49).

Soňra olaryň hemmesi bile Nazarete dolanýarlar. Isa öňküsi ýaly Ýusup bilen Merýemiň tabynlygynda galýar. Ol ulalyp, kemala gelýärdi we akyldarlykda barha artýardy. Isa ýaşlygyna garamazdan, hem Hudaýyň, hem adamlaryň razylygyny gazanýar. Hawa, Isa çagalygyndan diňe bir ruhy taýdan däl-de, eýsem, ata-enesine hormat goýup, gowy görelde galdyrdy.