95-NJI BAP
Aýrylyşmak we çagalary söýmek babatda berlen tälim
MATTA 19:1—15; MARKUS 10:1—16; LUKA 18:15—17
-
ISA HUDAÝYŇ AÝRYLYŞMAGA BOLAN GARAÝŞYNY GÖRKEZÝÄR
-
SALLAHLYGYŇ PEÝDASY
-
ÇAGALAR ÝALY BOLMAK WAJYPDYR
Isa şägirtleri bilen Jelileden çykyp, Iordan derýasyndan geçýär we Pereýanyň içi bilen günorta tarapa ýola düşýär. Ol soňky sapar Pereýada bolanda, fariseýlere Hudaýyň aýrylyşmaga nähili garaýandygyny düşündiripdi (Luka 16:18). Häzir olar Isany synamak üçin ýene-de şol meseläni gozgaýarlar.
Musa pygamberiň aýtmagyna görä, aýalyndan «kemçilik tapan» adama onuň bilen aýrylyşmaga rugsat berilýär (Kanun taglymaty 24:1). Erkek adam dürli sebäplere görä aýrylyşyp bilýärdi. Käbiri hatda ujypsyz zatlar üçin hem aýrylyşýardy. Şonuň üçin fariseýler Isadan: «Erkek adama her zat üçin aýalyndan aýrylyşmaga rugsat berilýärmi?» diýip soraýarlar (Matta 19:3).
Şonda Isa ynsanyň garaýşyny däl-de, Hudaýyň nika baradaky ilkinji niýetini ökdelik bilen düşündirip, şeýle diýýär: «Siz Ýaradyjynyň ilkibaşda ynsany erkek we aýal edip ýaradandygy barada okamadyňyzmy? Ýa-da: „Erkek adam ata-enesini goýup, aýalyna biriger we ikisi bir beden bolar“ diýlenini okamadyňyzmy? Hawa, olar iki däl-de, bir bedendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Matta 19:4—6). Görşümiz ýaly, Hudaý Adam ata bilen How enäni goşanda, aýrylyşmagy göz öňünde tutmandy.
Fariseýler Isanyň aýdanlary bilen ylalaşman: «Onda Musa näme üçin aýalyňa talak hatyny berip, onuň bilen aýrylyşmaga rugsat berdi?» diýip soraýarlar (Matta 19:7). Isa olara: «Musa siziň doňýürekdigiňiz üçin aýalyňyz bilen aýrylyşmaga rugsat berdi. Emma Hudaý ilkinji erkek adam bilen aýaly ýaradanda beýle däldi» diýip jogap berýär (Matta 19:8). Hawa, Isa Musanyň günlerine däl-de, Hudaýyň Erem bagynda ilkinji erkek adam bilen aýaly goşan wagtyna salgylanýar.
Soňra Isa wajyp hakykaty düşündirýär: «Şonuň üçin size diýýärin, biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna (grekçe porneýa) edýändir» (Matta 19:9). Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylarda diňe bir sebäbe görä, ýagny äri ýa-da aýaly ikilik etse, aýrylyşmaga rugsat berilýär.
Isanyň sözleri şägirtlerine täsir edýär, olar: «Eger är-aýal barada şeýle diýilýän bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýýärler (Matta 19:10). Hawa, maşgala gurýan adam nikany ömürlik hasaplamaly!
Isa sallahlyk barada aýdanda, käbiriniň dogabitdi maýyp bolýandygyny, ýagny maşgala gurmaga ukybynyň ýokdugyny düşündirýär. Başgalaryny adamlar maýyp edýärler. Emma käbiri maşgala gurmazlyk kararyna özleri gelýär, sebäbi olar bar ünsüni Patyşalygyň işlerine bermek isleýärler. Isa diňleýjilerini: «Kim öýlenmek islemese, goý, öýlenmesin» diýip höweslendirýär (Matta 19:12).
Şol wagt adamlar Isanyň ýanyna çagalaryny getirip başlaýarlar. Emma şägirtler Isany biynjalyk etmeklerini islemän, olara käýeýärler. Isa muny görende, şägirtlerine nägilelik bildirip: «Goý, çagalar ýanyma gelsin; olara päsgel bermäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şeýle adamlaryňkydyr. Size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygyny çaga ýaly kabul etmeseňiz, oňa asla girip bilmersiňiz» diýýär (Markus 10:14, 15; Luka 18:15).
Gör, nähili ajaýyp sapak! Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin, biz çagalar ýaly pesgöwünli we öwrenmäge taýyn bolmaly. Soňra Isa çagalary gujaklap, olaryň üstüne elini goýýar-da, söýýändigini görkezýär. Hawa, Isa «Hudaýyň Patyşalygyny çaga ýaly kabul edýän» adamlaryň ählisine şeýle söýgüni bildirýär (Luka 18:17).