Isa Pygamber ​— ýol, hakykat we ýaşaýyş

Bu kitapda Isa pygamberiň ýaşaýşy we gullugy hakda gürrüň berilýär.

GIRIŞ

Ýol, hakykat we ýaşaýyş

Injiliň dört hoş habarynda gürrüň berilýän Isanyň taglymatlary we eden işleri seniň durmuşyňy özgerdip biler.

1-NJI BAP

Hudaýdan gelen iki habar

Jebraýyl perişde ynanmasy kyn bolan habary aýdýar.

2-NJI BAP

Isa pygamber dogulmanka, oňa hormat goýulýar

Elizabet we onuň göwresindäki çagasy nädip Isa hormat goýdy?

3-NJI BAP

Ýol taýýarlajak adam dünýä inýär

Zekeriýa gudrat bilen gepläp başlandan wajyp pygamberligi.

4-NJI BAP

Durmuşa çykmadyk Merýem göwreli bolýar

Merýem başga birinden dälde, mukaddes ruh arkaly göwreli bolandygyny aýdanda, Ýusup ynandymy?

5-NJI BAP

Isa pygamber haçan we nirede dogulýar?

Isanyň 25-nji dekabrda dogulmandygyny nireden bilýäris?

6-NJY BAP

Wada edilen çaga

Ýusup bilen Merýem kiçijik Isany ybadathana getirende, iki sany ysraýylly Isanyň gelejegi barada pygamberlik edýärler.

7-NJI BAP

Müneçjimler Isany görmäge gelýärler

Gündogarda gören ýyldyzy näme üçin olary Isanyň ýanyna dälde, ganhor patyşa Hirodesyň ýanyna getirýär?

8-NJI BAP

Olar zalym hökümdardan gaçýar

Isa çaga wagty, Mukaddes Ýazgylardaky Mesihe degişli üç sany pygamberlik ýerine ýetýär.

9-NJY BAP

Isa Nazaretde önüp-ösýär

Isanyň näçe dogan-uýasy bardy?

10-NJY BAP

Isa dogan-garyndaşlary bilen Iýerusalime gidýär

Ýusup bilen Merýem Isany tapyp bilmändigine alada edýär, ol bolsa ony nireden gözlemelidigini olaryň bilmeýändigine geň galýar.

11-NJI BAP

Suwa çümdürýän Ýahýa ýol taýýarlaýar

Käbir fariseýler bilen saddukeýler Ýahýanyň ýanyna baranda, ol olary ýazgarýar. Näme üçin?

12-NJI BAP

Isa suwa çümdürilýär

Isa kämil bolup-da näme üçin suwa çümdürilmegi haýyş edýär?

13-NJI BAP

Isadan synaglara garşy durmagy öwrenýäris

Isanyň synalmagy Iblis babatda iki zady subut edýär.

14-NJI BAP

Isa şägirt taýýarlaýar

Isanyň ilkinji alty şägirdi onuň Mesihdigine nädip ynandylar?

15-NJI BAP

Isanyň görkezen ilkinji gudraty

Isa ejesine görkezmäni ondan däl-de, gökdäki Atasyndan garaşýandygyny görkezýär.

16-NJY BAP

Isanyň hakyky seždä bolan yhlasy

Hudaýyň kanunynda gurban getirmek üçin, Iýerusalimde mallary satyn almaga rugsat berilýärdi. Onda näme üçin Isa ybadathanadan söwdagärleri kowýar?

17-NJI BAP

Isa Nikodime tälim berýär

«Gaýtadan dogulmak» nämäni aňladýar?

18-NJI BAP

Ýahýa peselýär, Isa bolsa beýgelýär

Suwa çümdürýän Ýahýanyň şägirtleri gabanýar, emma ol gabanmaýar.

19-NJY BAP

Isa samariýaly aýala wagyz edýär

Isa oňa heniz hiç kime aýtmadyk zadyny aýdýar.

20-NJI BAP

Isanyň Kana şäherinde görkezen ikinji gudraty

Isa bir çagany 26 km uzaklykdan sagaldýar.

21-NJI BAP

Nazaretiň sinagogasynda

Obadaşlary Isanyň haýsy sözleri üçin ony öldürmek isleýärler?

22-NJI BAP

Isa dört şägirdini çagyrýar

Ol şägirtlerini balykçylygy taşlap, ynsanlary tutýan balykçy bolmaga çagyrýar.

23-NJI BAP

Isa Kapernaumda uly işleri edýär

Isa adamlardan jynlary kowanda, olara özüniň Hudaýyň Ogludygy barada aýtmazlygy tabşyrýardy. Näme üçin?

24-NJI BAP

Isa tutuş Jelile welaýatynda wagyz edýär

Adamlar sagalmak üçin Isanyň ýanyna gelýärler, emma ol, ilki bilen, wagyz etmek üçin gelendigini düşündirýär.

25-NJI BAP

Heýwere keselli adamyň sagalyşy

Isa ýönekeý, ýöne täsirli söz bilen ýarawsyz adamlar hakda ýürekden alada edýändigini görkezýär.

26-NJY BAP

«Seniň günäleriň bagyşlandy»

Isa günä hem-de keselçiligiň biri-biri bilen baglanyşyklydygyny nädip görkezýär?

27-NJI BAP

Matta Isa pygamberiň şägirdi bolýar

Isa näme üçin günäkärler bilen bir saçagyň başynda oturýar?

28-NJI BAP

Isa pygamberiň şägirtleri näme üçin agyz beklemeýär?

Isa şerap guýulýan meşikleri mysal getirip, jogap berýär.

29-NJY BAP

Sabat güni ýagşylyk etmek bolýarmy?

Isanyň 38 ýyl bäri ýarawsyzlykdan ejir çekýän adamy sagaldanyna ýehudylar nähili garaýar?

30-NJY BAP

Isa pygamber — Hudaýyň ogly

Ýehudylaryň pikirine görä, Isa özüni Hudaý bilen deňeýär. Emma Isa Hudaýyň ondan beýikdigini aýdyň görkezýär.

31-NJI BAP

Sabat güni bugdaý başlaryny ýolsa bolýarmy?

Isa näme üçin özüne «Sabat gününiň Hojaýyny» diýýär?

32-NJI BAP

Sabat güni näme etse bolýar?

Saddukeýler we fariseýler agzyny birikdirip, Isa garşy çykýarlar.

33-NJI BAP

Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär

Näme üçin Isa sagaldan adamlaryna özüniň kimdigini ýa-da näme edendigini aýtmazlygy tabşyrýardy?

34-NJI BAP

Isa on iki resulyny saýlaýar

Resullar bilen şägirtleriň näme tapawudy bar?

35-NJI BAP

Iň görnükli wagyz

Isa diňleýjilerine peýdaly boljak zatlary gürrüň berýär.

36-NJY BAP

Ýüzbaşynyň berk imany

Goşun serkerdesiniň haýsy hereketi Isany haýran galdyrýar?

37-NJI BAP

Isa dul aýalyň ogluny direldýär

Bu täsin wakalary gören adamlar onuň düýp manysyna düşündiler.

38-NJI BAP

Ýahýa Isanyň özünden eşitmek isleýär

Suwa çümdürýän Ýahýa näme üçin Isadan sen Mesihmi diýip soraýar? Ýahýa şübhelendimikä?

39-NJY BAP

Gulak asmaz nesliň waý gününe!

Isa höküm gününde Kapernauma garanyňda Sodomyň ýaşaýjylaryna has aňsat boljakdygyny aýdýar. Ol köplenç Kapernaumda bolýardy.

40-NJY BAP

Bagyşlamak baradaky mysal

Isa ahlaksyz aýalyň günäsini bagyşlanda, Hudaýyň Kanunyny bozmaga rugsat berdimi?

41-NJI BAP

Gudratlar kimiň güýji bilen edilýär

Isanyň doganlary ol akylyndan azaşypdyr öýdýärler.

42-NJI BAP

Isa fariseýleri ýazgarýar

Ýunus pygamber bilen bolan waka nämäni aňladýar?

43-NJI BAP

Hudaýyň Patyşalygy baradaky mysallar

Isa gökdäki Patyşalygyň dürli aýratynlyklaryny düşündirmek üçin sekiz mysaly gürrüň berýär.

44-NJI BAP

Isa güýçli tupany ýatyrýar

Isa tupany we tolkunlary ýatyranda, gelejekde Patyşalygyň astynda nähili ýaşaýşyň boljakdygyny görkezdi.

45-NJI BAP

Isanyň jynlaryň üstünden ygtyýary bar

Adamy bir jyndan artyk jyn eýeläp bilermi?

46-NJY BAP

Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar

Isa ýarawsyz aýal bilen bolan wakada güýjüni görkezip, duýgudaşlyk bildirýär.

47-NJI BAP

Gyzjagazyň direlişi

Isa gyzjagaz ölenok, ol uklap ýatyr diýende, üstünden gülýärler. Isa olaryň düşünmeýändigini nireden bilýärdi?

48-NJI BAP

Isa gudrat görkezse-de, ony öz şäherinde kabul etmeýärler

Nazaretiň ýaşaýjylary Isanyň tälim berşi ýa-da gudratlary üçin däl-de, başga sebäbe görä ondan ýüz öwürýärler.

49-NJY BAP

Isa Jelilede wagyz edýär we resullaryna tälim berýär

«Gökdäki Patyşalyk golaýlady» diýmek nämäni aňladýar?

50-NJI BAP

Yzarlamalara garamazdan wagyz etmäge taýyn

Resullar ölümden gorkmasalar, onda näme üçin Isa adamlar yzarlasa, halas bolmak üçin gaçyň diýýär?

51-NJI BAP

Doglan günde bolan pajygaly waka

Salominiň tans edişi Hirodesiň göwnünden turýär we ol oňa islän zadyny bermäge söz berýär. Ol näme soraýar?

52-NJI BAP

Birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adam doýýar

Isanyň görkezen gudratlarynyň çuň manysy bar, şol sebäpli-de olar hakda Injiliň hatynda gürrüň berilýär.

53-NJI BAP

Tebigy betbagtçylygyň hötdesinden gelýän hökümdar

Resullar Isanyň suwuň ýüzünden ýöremeginden we ýeli ýatyrmagyndan nämä düşündiler?

54-NJI BAP

Isa — «ýaşaýyş çöregidir»

Adamlar onuňňýanyna gelmek üçin köp tagalla etseler-de, Isa olary näme üçin ýazgarýar?

55-NJI BAP

Isanyň sözleri köpleriň gaharyny getirýär

Isanyň taglymaty köp şägirtleriň gaharyny getirýär we olar ondan ýüz öwürýärler.

56-NJY BAP

Adamy näme hapa edýär?

Haýsy manyda adamy iýýän zady däl-de, agzyndan çykýan zady hapa edýär?

57-NJI BAP

Isa gyzjagazy we ker adamy sagaldýar

Isa özge milletleri güjüjekler bilen deňeşdirende, aýal näme üçin gaty görmeýär?

58-NJI BAP

Isa çöregi köpeldýär we hamyrmaýa babatda duýduryş berýär

Isanyň şägirtleri ahyrsoňy hamyrmaýa babatdaky duýduryşa düşünmeýärler.

59-NJY BAP

Ynsan Ogly kim

Patyşalygyň açarlary näme? Olar kim ulanýar we nädip?

60-NJY BAP

Mesihiň şöhraty baradaky görnüş

Isanyň daş görnüşi nädip özgerdi? Onuň daş görnüşiniň özgermegi nämäni aňladýardy?

61-NJI BAP

Isa jynly oglany sagaldýar

Kimiň imanynyň azlygy sebäpli oglany sagaldyp bilmeýärler: oglanyňmy, kakasynyň ýa-da şägirtleriň?

62-NJI BAP

Pesgöwünlilik baradaky sapak

Uly adamlar kiçi çagadan wajyp zady öwrenip bilýärler.

63-NJI BAP

Isa resullaryna örän wajyp maslahat berýär

Ol doganlaryň arasyndaky düşünişmezligi çözmegiň üç ädimini görktezýär.

64-NJI BAP

Bagyşlamak wajypdyr

Isa zalym gul hakdaky mysaly gürrüň berende, adamlary ýürekden bagyşlamalydygymyzy görkezdi.

65-NJI BAP

Iýerusalime barýan ýolda...

Isa üç adam bilen gürrüňdeş bolanda, öz yzyna eýermäge päsgel berýän zatlar hakda aýdýar.

66-NJY BAP

Çatma baýramynda bolan waka

Isany diňleýän adamlar näme üçin oňa «Sen jynly» diýýärler?

67-NJI BAP

«Hiç kim hiç haçan bu adamyňky ýaly geplemändi»

Tutuş Sinedrion Isa garşy çyksa-da, onuň bir agzasy Isanyň tarapyny tutýar.

68-NJI BAP

«Hudaýyň Ogly — «dünýä üçin ýagtylykdyr»

Isa «hakykat sizi azat eder» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

69-NJY BAP

Olaryň atasy Ybraýymmy ýa-da Iblis?

Isa Ybraýymyň neslini nädip tanamalydygy we Atasynyň hakykatdan kimdigi hakda gürrüň edýär

70-NJI BAP

Isa dogabitdi kör adamy sagaldýar

Şägirtler adamyň näme üçin kör bolup doglanyny soraýarlar. Ol günä etdimi? Onuň ata-enesi günä etdimi? Isa onuň gözüni açanda, adamlaryň arasynda agzalalyk döreýär.

71-NJI BAP

Fariseýler öň kör bolan adamy soraga tutýarlar

Öň kör bolan adamyň getiren delili sebäpli, fariseýler gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardy. Onuň ata-enesiniň gorkuşy ýaly, fariseýler ony sinagogadan kowýarlar.

72-NJI BAP

Isa 70 şägirdini wagyz etmäge iberýär

Ýahudada Isa 70 şägirdini Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde iki-ikiden iberýär. Şägirtler adamlara nirede wagyz edýärdi? Sinagogadamy ýa-da adamlaryň öýlerine barýardymy?

73-NJI BAP

Samariýaly ýagşy adam

Isa öwredende, Samariýaly ýagşy adam ýa-da «rehimdar Samariýaly» hakdaky hekaýany nädip ulanýar?

74-NJI BAP

Myhmansöýerlik we doga etmek barada berlen maslahat

Isa Merýem bilen Martanyň öýüne barýar. Ol myhmansöýerlik babatda näme öwredýär? Şeýle-de şägirtlerine doga etmegi nädip öwredýär?

75-NJI BAP

Isa hakyky bagtyň nämedigini düşündirýär

Isa özüni tankytlaýanlara Hudaýyň güýji hakda we onuň Patyşalygynyň «gelip ýetişini» aýdýar. Şeýle-de halka hakyky bagta nädip ýetip bolýandygyny düşündirýär.

76-NJY BAP

Fariseýiň öýünde myhmançylykda

Isa fariseýleriň we kanunçylaryň dini ikiýüzlüligini paş edýär. Olar adamlaryň gerdenine nähili agyr ýük ýüklediler?

77-NJI BAP

Isanyň baýlyk hakda beren maslahaty

Isa uly ammarlary guran baý adam hakda gürrüň berýär. Ol baýlyga kowalaşmagyň howpludygy barada nähili maslahat berýär?

78-NJI BAP

Wepaly iş dolandyryjy taýyn bolmaly

Isa şägirtleriniň ruhy taýdan aladasyny edýär. Bu babatda hyzmatkäriň roly nähili? Näme üçin taýyn bolmak baradaky maslahata eýermek örän wajyp?

79-NJY BAP

Imansyz ýehudylar heläk bolar

Isa kömek edýän adamlaryna toba etmeseler, heläkçilige uçrajakdyklaryny aýdýar. Isa olary Hudaýyň öňünde edýän işleri hakda oýlanmaga çagyrýar. Olar mundan özlerine sapak edindilermi?

80-NJI BAP

Gowy Çopan we goýun agyllary

Goýunlar bilen çopanyň arasyndaky gatnaşyk Isanyň şägirtlerine bolan garaýşyny gowy suratlandyrýar. Olar Isanyň taglymatlaryna düşünip, oňa eýererlermi?

81-NJI BAP

Haýsy manyda Isa we onuň Atasy bir?

Isany tankytlaýan adamlaryň käbiri ol özüni Hudaýa deňeýär diýip ýazgarýarlar. Isa özüni ýazgarýan adamlary nädip ökdelik bilen paş edýär?

82-NJI BAP

Isa Pereýada wagyz edýär

Isa diňleýjilerine gutulmak üçin näme etmelidigini we näme üçin köpleriň halas bolup bilmejekdigini düşündirýär. Onuň maslahaty şu günler nämäni aňladýar?

83-NJI BAP

Myhmançylyga çagyrylmak

Isa fariseýiň öýünde myhmançylykdakda agşamlyk nahary hakda mysal getirýär. Ondan Hudaýyň ähli gullukçylary sapak edinmeli. Bu nämäni aňladýar?

84-NJI BAP

Şägirt bolmak üçin näme etmeli?

Mesihiň şägirdi bolmak uly jogapkärçilik hasaplanýar. Munuň näme aňladýandygyny Isa gowy düşündirdi. Käbiri onuň sözlerini eşidip, haýran galýarlar.

85-NJI BAP

Toba eden bir günäkär üçin bolýan şatlyk

Fariseýler we kanunçylar Isany ýönekeý adamlar bilen gatnaşýandygy üçin ýazgarýarlar. Isa olara mysal arkaly Hudaýyň günäkärlere nähili garaýandygyny görkezýär.

86-NJY BAP

Ýiten ogul dolanyp gelýär

Biz Isanyň ýiten ogul mysalyndan nähili sapak edinip bileris?

87-NJI BAP

Gelejegiňiz hakda oýlanyp, paýhasly hereket ediň

Isa hojaýynyň emlägini sowran iş dolandyryjy hakda gürrüň berip, wajyp hakykaty öwredýär.

88-NJI BAP

Baý adam bilen Lazaryň ýagdaýy özgerýär

Isanyň mysalyna düşünmek üçin ondaky iki adamyň kimi suratlandyrýandygyny bilmeli.

89-NJY BAP

Isa Pereýada we Ýahuda barýan ýolda tälim berýär

Ol bize garşy gaýta-gaýta günä eden adamy bagyşlamaga kömek etjek häsiýeti belleýär.

90-NJY BAP

Isa — direliş we ýaşaýyş

Isanyň «maňa iman eden ölse-de, ýene-de ýaşar» diýmegi nämäni aňladýar?

91-NJI BAP

Lazar direlýär

Isanyň duşmanlary iki sebäbe görä, gudratyň bolandygyny inkär edip bilmeýärler.

92-NJI BAP

Heýwere keselli on adamyň diňe biri minnetdar bolýar

Heýwere keselinden sagalan adam diňe Isa däl-de, başga birine hem minnetdarlyk bildirýär.

93-NJI BAP

Ynsan ogly aýan bolar

Isanyň gelmegi haýsy manyda ýyldyrym çakandaky ýaly bolar?

94-NJI BAP

Doga etmek we pesgöwünli bolmak örän wajypdyr

Isa adalatsyz kazy we dul aýal mysaly arkaly wajyp häsiýeti ösdürmelidigini nygtaýar.

95-NJI BAP

Aýrylyşmak we çagalary söýmek babatda berlen tälim

Isanyň çagalara bolan garaýşy şägirtlerinden tapawutlanýar. Näme üçin?

96-NJY BAP

Isanyň baý ýolbaşça beren jogaby

Isa näme üçin baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden düýäniň iňňäniň gözünden girmegi aňsat bolar diýdi?

97-NJI BAP

Üzümçilikde işlän adamlar hakdaky mysal

Nädip soňkular ilkinji, ilkinjiler hem soňky bolar?

98-NJI BAP

Resullar ýene-de wezipä kowalaşýarlar

Ýakup bilen Ýahýa Patyşalykda aýratyn orun bermegini haýyş edýärdiler. Emma başgalar hem şuny isleýärdi.

99-NJY BAP

Isa iki kör adamy sagaldýar we Zakkaýa kömek edýär

Injildäki Isanyň Erihanyň golaýynda kör adamlary sagaldyşy haýsy manyda bir-birine gapma-garşy ýaly bolup görünýär?

100-NJI BAP

Kümüş pul baradaky mysal

Isanyň «Size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa has köp berler, kimde ýok bolsa, onuň barja zady hem elinden alnar» diýen sözleri nämäni aňladýar?

101-NJI BAP

Betaniýada Simunyň öýünde

Lazaryň uýasy Merýemiň eden işi dawa turuzýar, emma Isa onuň tarapyny tutýar.

102-NJI BAP

Patyşa taýharly Iýerusalime girýär

Ol bäş ýüz ýyl mundan ozal aýdylan pygamberligi ýerine ýetirýär.

103-NJI BAP

Isa ýene-de ybadathanany arassalaýar

Iýerusalimdäki satyjylaryň söwdasy kanuna laýyk ýaly görünýärdi, onda Isa näme üçin olara garakçy diýýär?

104-NJI BAP

Ýehudylar Hudaýyň sesini eşidýär. Olar iman edermikä?

Isa iman etmek bilen imanyňa görä hereket etmegiň tapawudy barmy?

105-NJI BAP

Guran injir agajy arkaly berlen öwüt

Isa şägirtlerine iman etmegiň wajypdygy hakda öwredýär we Hudaýyň ysraýyl halkyndan ýüz öwürmeginiň sebäbini düşündirýär.

106-NJY BAP

Üzümçilik baradaky mysallar

Ogullaryndan üzümçilikde işlemegi haýyş eden we üzümçiligi zalym bagbanlara kärendesine beren adam baradaky mysalyň manysyny düşündiriň.

107-NJI BAP

Patyşa çagyrylan myhmanlara toýa gelmegi haýyş edýär

Isanyň mysaly aslynda pygamberlikdi.

108-NJI BAP

Dini ýolbaşçylaryň synanyşygy başa barmaýar

Ol ilki fariseýleri, soňra saddukeýleri we ahyrynda, birgiden duşmanlaryny geplemez ýaly edýär.

109-NJY BAP

Isa dini duşmanlary ýazgarýar

Isa näme üçin dini ýolbaşçylaryň taglymatyna sabyrly däldi?

110-NJY BAP

Isanyň ybadathanadaky iň soňky güni

Ol garyp dul aýaly mysal getirip, wajyp sapak berýär.

111-NJI BAP

Resullar alamat hakda soraýar

Onuň pygamberligi ilkinji sapar I asyrda berjaý boldy. Ol ýene-de bir gezek uly möçberde ýerine ýetermi?

112-NJI BAP

Isa on gyz mysaly arkaly oýa bolmagy öwredýär

Isa käbir şägirtleriniň akylsyz, käbiriniň bolsa paýhaslydygyny aýtjak boldumy?

113-NJI BAP

Isa talantlar baradaky mysal arkaly yhlasly bolmagy öwredýär

Isa bu mysaly arkaly «Kimde bar bolsa, oňa has köp berler» diýen sözleriň manysyny düşündirýär.

114-NJI BAP

Mesih gelende, goýunlary geçilerden saýlar

Isa täsirli mysal arkaly netijesi üýtgewsiz boljak hökümi suratlandyrýar.

115-NJI BAP

Isanyň bellejek soňky Pasha baýramy golaýlaýar

Dini ýolbaşçylaryň Iuda Isany satmak üçin 30 kümüş teňňe teklip etmegi näme üçin geňdi?

116-NJY BAP

Isa soňky Pasha baýramynda pesgöwünlilik barada öwredýär

Ol hyzmatkäriň işini edip, resullaryny geň galdyrýar.

117-NJI BAP

Halypamyzyň agşam nahary

Isa şägirtlerine her ýylyň 14-nji nisan güni Ýatlama agşamyny bellemegi tabşyrýar.

118-NJI BAP

Kimiň uludygy hakda turan dawa

Resullar Isanyň ýaňyja beren maslahatyny ýatdan çykarýarlar.

119-NJY BAP

Isa — ýol, hakykat we ýaşaýyş

Isa Hudaýa nädip ýakynlaşmalydy hakdaky hakykaty öwredýär

120-NJI BAP

Isanyň dosty bolup, miwe getirer ýaly näme etmeli?

Isanyň şägirtleri nädip miwe getirmeli?

121-NJI BAP

«Mert boluň! Men dünýäni ýeňendirin»

Dünýä Isany jezalandyran bolsa, ol nädip ony ýeňdi?

122-NJI BAP

Isanyň ýokarky otagda eden iň soňky dogasy

Isa adamzady halas etmekden has wajyp zady amala aşyrýandygyny aýan edýär.

123-NJI BAP

Isanyň güýçli hasrat çekip doga edişi

Isa näme üçin «şu käsäni menden aýyr» diýip doga edýär?Ol janyny töleg hökmünde gurban etmekden el çekjek bolýarmy?

124-NJI BAP

Iuda Mesihi duşmanlaryň eline tabşyrýar

Ýary gije bolsa-da, Iuda Isany tapyp bilýär.

125-NJI BAP

Isany Hannanyň, soňra Kaýafanyň ýanyna eltýärler

Isany bikanun höküm edýärler.

126-NJY BAP

Petrus Isadan ýüz öwürýär

Petrus ýaly imany berk adam nädip Isadan ýüz öwrüp bildi?

127-NJI BAP

Isany Sinedrionyň, soňra Pilatusyň öňüne getirýärler

Ýehudy dini ýolbaşçylaryň niýeti aýan bolýar.

128-NJI BAP

Pilatus hem, Hirodes hem Isadan ýazyk tapmaýar

Pilatus näme üçin Isany Hirodesiň ýanyna iberýär? Eýsem, Pilatusyň Isany höküm etmäge ygtyýary ýokmy?

129-NJY BAP

«Pilatus: „Ine ol adam!“ diýýär»

Hatda Pilatus Isanyň gowy häsiýetlerini görýär.

130-NJY BAP

Isany ölüme höküm edýärler

Isanyň «agaç entek ýaşyl» we «gurasa näme bolar» diýen sözleri nämäni aňladýar?

131-NJI BAP

Bigünä patyşa pürse çüýlenýär

Isa özi bilen höküm edilen jenaýatça gelejege wada berýär.

132-NJI BAP

«Dogrudan-da, ol Hudaýyň Ogly eken»

Gündiziň güňi Günüň ýüzüniň tutulmagy, güçli ýertitremäniň bolmagy, ybadathanadaky tutynyň ýyrtylmagy diňe bir zady subut edýär

133-NJI BAP

Isany jaýlaýarlar

Isanyň jesedini näme üçin gün batmanka jaýlamaga howlukýarlar?

134-NJI BAP

Isanyň mazary boş. Ol direlipdir!

Isa direlende, ilki resullaryna däl-de, aýal şägirtlerine görünýär.

135-NJI BAP

Direlen Isa köplere görünýär

Isa direlendigini şägirtlerine nädip subut edýär?

136-NJY BAP

Jelile deňziniň kenarynda

Petrusa Isany söýýändigini subut etmäge üç gezek mümkinçilik berilýär.

137-NJI BAP

Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär

Isa direlip, göge galmazdan öň şägirtleriniň aljak zadyny we ony nädip ulanmalydygy hakda ýene-de aýdýar.

138-NJI BAP

Mesih Hudaýyň sagynda

Isa duşmanlary aýagynyň astyna zyňýança näme etmelidi?

139-NJY BAP

Isa Jenneti dikeldýär we özüne tabşyrylan ýumşy tamamlaýar

Ol Patyşalygy Hudaýa we Atasyna tabşyrýança, köp zatlary edýär hem-de eder.

Isanyň göreldesine eýermek üçin...

Isa sekiz häsieýeti bütin ömrüne görkezdi.

Aýatlaryň indeksi

Bu kitapdaky her bir aýadyň Injiliň hoş habarynda seredilýän ýerlerini tapmak üçin, şu indeksi ulan.

Mysallaryň (deňeşdirmeleriň) indeksi

Isanyň mysallaryny şu kitabyň babyna görä tapyp bolýar.

Mesih hakdaky käbir pygamberlikler

Isanyň durmuşyndaky wakalar bilen Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň gabat gelmegi we olary beýan edýän şu kitabyň baplary onuň Mesihdigini görkezýär.

Isanyň ýaşan we wagyz eden ýerleri

Bu kartada Jelile, Samariýa, Ýahuda we Isanyň başga-da wagyz eden ýerleri görkezilýär.