Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çepde: 1931-nji ýylda kitap paýlaýan uýa Koreýada wagyz edýär. Sagda: Şu günler Koreýada lallaryň dilinde wagyz edýärler

2-NJI BÖLÜM

Patyşalyk barada wagyz etmek — Hoş habaryň bütin dünýäde ýaýradylmagy

Patyşalyk barada wagyz etmek — Hoş habaryň bütin dünýäde ýaýradylmagy

SIZ işden dynç günüňiz irden wagza gitmekçi bolýarsyňyz. Emma özüňizi biraz ýadaw duýup, şu gün dynç alsam gowy bolardy diýip pikir edýärsiňiz. Soňra bu barada Ýehowa doga edýärsiňiz we wagza gitmegi ýüregiňize düwýärsiňiz. Siz Ýehowa wepaly bir gartaşan uýa bilen wagza çykýarsyňyz. Onuň çydamlylygy we mähribanlygy size güýçli täsir edýär. Öýden-öýe wagyz edeniňizde, bütin dünýädäki dogan-uýalaryň adamlara şol bir habary aýdýandygy, birmeňzeş edebiýatlary ulanýandygy we ähliňize bir tälim berilýändigi barada oýlanýarsyňyz. Öýüňize gaýdyp gelýärkäňiz, özüňizi gujur-gaýratly duýýarsyňyz. Şonda siz öýde galmandygyňyza diýseň begenýärsiňiz!

Şu günler Hudaýyň Patyşalygynyň işi, esasan, wagyz gullugyna gönükdirlendir. Isa soňky günlerde wagyz işiniň güýçli depginde alnyp baryljakdygyny öňünden aýtdy (Mat. 24:14). Onuň pygamberligi nädip ýerine ýetýär? Biz şu bölümde wagyz gullugynda wajyp orun eýeleýän we bütin dünýädäki adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdanam, höküm sürýändigine göz ýetirmäge kömek edýän hoş habarçylar hem-de olaryň ulanýan usullary we esbaplary barada gürrüň ederis.

ŞU BÖLÜMDE:

6-NJY BAP

Hoş habarçylar — Höwes bilen gulluk edýän wagyzçylar

Isa soňky günlerde höwes bilen gulluk edýän wagyzçylardan ybarat goşunynyň boljakdygyna näme üçin ynanýardy? Siz Patyşalygy birinji orunda goýýandygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz?

7-NJI BAP

Wagyz etmegiň usullary — Hoş habary dürli ýollar bilen wagyz edýäris

Bu dünýäniň ahyry gelmänkä, hoş habary, mümkin boldugyndan, has köp adamlara wagyz etmek üçin Hudaýyň halkynyň ulanýan üýtgeşik usullary barada öwreniň.

8-NJI BAP

Wagyz etmek üçin ulanylýan esbaplar — Bütin dünýädäki adamlar üçin çykarylýan edebiýatlar

Terjime işimiz Isanyň bizi goldaýandygyny nädip görkezýär? Edebiýatlarymyz babatda haýsy maglumatlar sizi Patyşalygyň höküm sürýändigine ynandyrýar?

9-NJY BAP

Wagyz gullugynyň netijeleri — «Ekin meýdanlary... hasyl ýygymyna ýetişipdir»

Isa şägirtlerine ruhy hasyl ýygymy babatda iki wajyp zady öwretdi. Munuň bize nähili degişli ýeri bar?