Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI BAP

«Patyşalygyň gelsin»

«Patyşalygyň gelsin»

BABYŇ TEMASY

Isa Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýär

1, 2. Isanyň üç resuly Ýehowanyň haýsy sözlerini eşitdi we olar muňa nähili seslendi?

 EGER Ýehowa Hudaý sizden bir zady haýyş etse, siz muňa nähili garardyňyz? Elbetde, siz onuň islendik haýyşyny höwes bilen ýerine ýetirerdiňiz.

2 B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramyndan birnäçe wagt geçensoň, Isanyň Petrus, Ýakup we Ýahýa atly üç resuly hem şeýle ýagdaýa düşdi (Matta 17:1—5-nji aýatlary okaň). Olar Mugallymy bilen «bir beýik daga» çykanlarynda, görnüş arkaly Isany gökdäki şöhratly Patyşa hökmünde görýärler. Görnüş hakykatdanam bolýan ýaly görünýär welin, hatda Petrus oňa gatnaşmagam isleýär. Ol entek gepläp durka, olaryň üstünde bir bulut peýda bolýar. Şonda Petrus we onuň ýoldaşlary Ýehowanyň hut öz sesini eşidýärler. Bütin taryhyň dowamynda diňe käbir adamlar şeýle hormata mynasyp bolupdylar. Ýehowa Isanyň öz Ogludygyny aýdyp, resullara: «Oňa gulak asyň» diýip tabşyryk berýär. Olar Hudaýyň bu görkezmesine eýerip, Isanyň öwreden zatlaryna gulak asýarlar we başga adamlary hem şeýle etmäge höweslendirýärler (Res. iş. 3:19—23; 4:18—20).

Isa, esasan, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýärdi

3. Ýehowa näme üçin Ogluny diňlemegimizi isleýär we biz nämäni çuňňur öwrenmeli?

3 Mukaddes Ýazgylardaky «Oňa gulak asyň» diýen sözler biziň peýdamyz üçin ýazylan (Rim. 15:4). Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Isa Ýehowanyň wekilidi we hemişe Atasynyň bize aýtmak isleýän zadyny öwredýärdi (Ýahýa 1:1, 14). Isa, esasan, Hudaýyň Patyşalygy, ýagny Isa Mesihden we onuň bilen höküm sürjek 144 müň mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan gökdäki Mesihi Patyşalyk barada gürrüň berýärdi. Şol sebäpli biz hem bu Patyşalyk bilen bagly hakykatlary çuňňur öwrenmeli (Ylh. 5:9, 10; 14:1—3; 20:6). Geliň, ilki bilen, Isanyň näme üçin Hudaýyň Patyşalygy barada has köp gürrüň berendigine seredeliň.

«Ýüreginde näme bar bolsa...»

4. Isa Patyşalygy ýürekden gymmat saýýandygyny nädip görkezdi?

4 Isa Patyşalyk bilen ýürekden gyzyklanýardy. Biz näme üçin şeýle diýip bileris? Sebäbi adamyň aýdýan sözlerinden onuň ýüregindäkini, ýagny nämäni wajyp hasaplaýandygyny bilse bolýar. Isa: «Adam ýüreginde näme bar bolsa, şony-da aýdýandyr» diýdi (Mat. 12:34). Isa her bir mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşalyk barada gürrüň berýärdi. Injiliň dört Hoş habarynda Patyşalyk barada 100 gezekden gowrak agzalýar. Olaryň köpüsi Isanyň aýdan sözlerinde duş gelýär. Isa: «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlere-de yglan etmeli, sebäbi men şonuň üçin iberildim» diýmek bilen, adamlara, esasan, Patyşalyk barada wagyz etmäge gelendigini görkezdi (Luka 4:43). Ol direlenden soň hem, şägirtlerine Patyşalyk barada öwredýärdi (Res. iş. 1:3). Dogrudan-da, Isa Patyşalygy ýürekden gymmat saýyp, ol barada höwes bilen gürrüň berýärdi.

5—7. a) Ýehowanyň Patyşalygy örän gymmat saýýandygyny nireden bilýäris? Mysal getiriň. b) Biz Patyşalygy ýürekden gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

5 Ýehowa-da Patyşalygy örän gymmat saýýar. Biz muny nireden bilýäris? Ýadyňyzda bolsa, Ýehowa ýalňyz Ogluny ýer ýüzüne iberdi we Isa adamlara Hudaýyň sözlerini ýetirdi (Ýahýa 7:16; 12:49, 50). Isanyň durmuşy we gullugy baradaky dört Hoş habar hem Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Geliň, bu barada giňişleýin bileliň.

Her birimiz özümize: «Men Hudaýyň Patyşalygyny ýürekden gymmat saýýarynmy?» diýen soragy bermeli

6 Aýdaly, siz maşgala suratlaryňyzy bir alboma salmakçy bolýarsyňyz. Siziň suratlaryňyz köp, alboma bolsa olaryň hemmesi sygmaýar. Şonda siz näme edersiňiz? Belki-de, siz suratlaryň içinden has gowusyny saýlap goýarsyňyz. Injiliň dört Hoş habaryny hem Isany aýdyň suratlandyrýan alboma meňzetse bolýar. Ýehowa Hoş habary ýazan adamlary Isanyň ýer ýüzünde ýaşanda aýdan we eden işleriniň ählisini ýazmaga höweslendirmedi (Ýahýa 20:30; 21:25). Olar Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen diňe Isanyň gullugynyň maksadyna we Ýehowanyň nämäni has wajyp saýýandygyna düşünmäge kömek edýän sözleri hem-de işleri barada ýazdylar (2 Tim. 3:16, 17; 2 Pet. 1:21). Dört Hoş habarda Isanyň, esasan, Hudaýyň Patyşalygy barada öwreden zatlarynyň beýan edilmegi, Ýehowanyň bu Patyşalygy örän gymmat saýýandygyny görkezýär. Ýehowa biziň hem Patyşalyk barada köpräk bilmegimizi isleýär.

7 Şol sebäpli her birimiz özümize: «Men Hudaýyň Patyşalygyny ýürekden gymmat saýýarynmy?» diýen soragy bermeli. Eger biz muňa «hawa» diýip jogap berýän bolsak, onda şol Patyşalygyň biziň üçin nähili ähmiýetiniň bardygy, onuň nädip we haçan geljekdigi barada Isanyň aýdan sözlerini höwes bilen diňläris.

«Patyşalygyň gelsin» — haýsy manyda?

8. Isa Patyşalygyň ähmiýetlidigini nädip düşündirdi?

8 Isa nusgalyk dogasynda Patyşalygyň nämeleri etjekdigini görkezip, onuň ähmiýetlidigini nygtap geçdi. Bu ýönekeý we manyly dogada ýedi sany dileg barada aýdylýar. Olaryň ilkinji üçüsi Ýehowanyň niýetine, ýagny Hudaýyň adynyň mukaddes edilmegine, Patyşalygynyň gelmegine we gökde bolşy ýaly, ýerde-de isleginiň amala aşmagyna degişli (Matta 6:9, 10-njy aýatlary okaň). Bu dilegleriň üçüsi hem bir-biri bilen berk baglanyşykly. Sebäbi Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly adyny mukaddes eder we islegini amala aşyrar.

9, 10. a) Hudaýyň Patyşalygy haýsy manyda geler? b) Siz Hudaýyň haýsy wadasynyň ýerine ýetişini görmek isleýärsiňiz?

9 Hudaýyň Patyşalygy haýsy manyda geler? Biz «Patyşalygyň gelsin» diýip doga edenimizde, bu Patyşalygyň aýgytly hereket etmegi barada dileýäris. Patyşalyk gelende, ýeriň üstünden höküm sürmäge ygtyýarynyň bardygyny doly aýan eder. Ol bu zalym dünýäni, şol sanda ähli ynsan hökümetlerini ýok edip, adalatly täze dünýäni dikelder (Dan. 2:44; 2 Pet. 3:13). Soňra Patyşalygyň hökümdarlygy astynda bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler (Luka 23:43). Hudaýyň ýadyndaky ölen adamlar direlip, ýakynlaryna gowşar (Ýahýa 5:28, 29). Hudaýa gulak asýan adamlar kämil bolup, ebedi ýaşarlar (Ylh. 21:3—5). Şonda gökde-de, ýerde-de hemmeler Ýehowanyň islegini amala aşyrar! Siz hem Hudaýyň bu wadalarynyň berjaý bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarmysyňyz? Onda her gezek Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga edeniňizde, şol ajaýyp wadalaryň ýerine ýetmegini dileýändigiňizi unutmaň.

10 Biz nusgalyk doganyň entek ýerine ýetmändigini we Patyşalygyň gelmändigini bilýäris. Ynsan hökümetleri henizem höküm sürýär we häzir adalatly täze dünýäde ýaşamaýarys. Emma gowy täzelik bar. Hudaýyň Patyşalygy eýýäm berkarar edildi! Biz bu barada indiki bapda bileris. Häzir bolsa, Patyşalygyň haçan berkarar edilmelidigi we gelmelidigi barada Isanyň aýdan sözlerine seredeliň.

Hudaýyň Patyşalygy haçan berkarar edilmelidi?

11. Isa Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilmegi babatda nämäni aýan etdi?

11 Şägirtleriň käbiri Patyşalyk I asyrda berkarar bolar öýtse-de, Isa onuň şol döwürde dikeldilmejekdigini aýan etdi (Res. iş. 1:6). Ol şägirtlerine ilki bir mysaly, soňra iki ýyl geçip-geçmänkä, başgasyny gürrüň berdi. Geliň, şol mysallara seredeliň.

12. Bugdaý we haşal ot mysaly Patyşalygyň I asyrda berkarar bolmandygyny nädip görkezýär?

12 Bugdaý we haşal ot mysaly (Matta 13:24—30-njy aýatlary okaň). Isa bu mysaly b. e. 31-nji ýylynyň ýaz aýlarynda adamlara gürrüň berip, şägirtlerine onuň manysyny düşündiren bolmaly (Mat. 13:36—43). Mysalyň manysy şundan ybarat: Resullaryň ölüminden soň, Iblis bugdaýyň («Patyşalygyň ogullarynyň», ýagny mesh edilen mesihçileriň) arasyna haşal oty (ýalan mesihçileri) ekmelidi. Bugdaý bilen haşal ot hasyl ýygymyna, ýagny bu zalym dünýäniň soňuna çenli bile ösmelidi. Hasyl ýygymy başlanda, ilki haşal ot, soňra bugdaý ýygnalmalydy. Şeýlelikde, bu mysal Hudaýyň Patyşalygynyň I asyrda däl-de, bugdaýyň we haşal otuň ösüş döwri tamamlanandan soň berkarar edilmelidigini görkezýär. Wakalardan görnüşi ýaly, 1914-nji ýylda şol ösüş döwri tamamlanyp, hasyl ýygymy başlandy.

13. Isa göge baran badyna Patyşa bolmajakdygyny haýsy mysal arkaly düşündirdi?

13 Kümüş pul mysaly (Luka 19:11—13-nji aýatlary okaň). Isa bu mysaly b. e. 33-nji ýylynda soňky gezek Iýerusalime barýarka gürrüň berdi. Isany diňlän adamlaryň käbiri ol Iýerusalime baran badyna Patyşalygyny berkarar eder diýip pikir edýärdiler. Isa olaryň bu garaýşyny düzedip, Patyşalygyň berkarar edilmegine entek köp wagtyň bardygyny görkezmek üçin, özüni «patyşalyk ygtyýaryny almak üçin, uzak ýurda gidýän» «abraýly maşgaladan bir adama» meňzedýär a. Isa üçin «uzak ýurt» gökleri, ýagny Atasyndan Patyşalyk ygtyýaryny aljak ýerini aňladýardy. Emma Isa göge baran badyna Patyşa bolmajakdygyny we Hudaýyň sagynda oturyp, bellenen wagta çenli garaşjakdygyny bilýärdi. Taryhdan görnüşi ýaly, ol muňa asyrlar boýy garaşmaly boldy (Zeb. 110:1, 2; Mat. 22:43, 44; Ýewr. 10:12, 13).

Hudaýyň Patyşalygy haçan geler?

14. a) Isa dört resulyna nähili jogap berdi? b) Isanyň pygamberliginiň berjaý bolmagy nämäni görkezýär?

14 Isanyň ölümine birnäçe gün galanda, dört resuly ondan: «Seniň gelendigiňi we şu dünýäniň soňuny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip sorady (Mat. 24:3; Mar. 13:4). Isa olara jogap berip, Matta kitabynyň 24, 25-nji baplaryndaky giňden ýaýran pygamberlikleri aýtdy. Isa dünýädäki haýsy wakalaryň onuň «gelendiginiň» alamaty boljakdygyny jikme-jik beýan etdi. Isanyň gelmeginiň başlangyjy Patyşalygyň berkarar edilmegi bilen gabat gelip, onuň gelmeginiň ahyry Patyşalygyň gelmegi bolmalydy. Isanyň pygamberliginiň 1914-nji ýyldan bäri berjaý bolýandygyny görkezýän aýdyň subutnamalar bar b. Diýmek, 1914-nji ýyl Isanyň «gelmeginiň» başlangyjy boldy we şonda Patyşalyk berkarar edildi.

15, 16. «Şu nesil» diýen jümle kimlere degişli?

15 Hudaýyň Patyşalygy haçan geler? Isa munuň wagtyny anyk aýtmady (Mat. 24:36). Emma onuň aýdan käbir sözleri Patyşalygyň örän tizden geljekdigine ynandyrýar. Isa pygamberlik alamatynyň ýerine ýetişini «şu nesil» göreninden soň Patyşalygyň geljekdigini aýtdy (Matta 24:32—34-nji aýatlary okaň). «Şu nesil» diýen jümle kimlere degişli? Geliň, Isanyň sözlerine has ünsli seredeliň.

16 «Şu nesil». Isa «şu nesil» diýende, iman etmeýän adamlary göz öňünde tutdumy? Ýok. Isanyň bu sözleri kimlere ýüzlenip aýdandygyny ýada salalyň. Ol bu pygamberligi käbir resullary onuň ýanyna ýekelikde baranda aýtdy (Mat. 24:3). Tizden resullar mukaddes ruh bilen mesh edilmelidi. Geliň, Isanyň «şu nesil» barada aýtmanka näme diýenine seredeliň. Ol: «Injir agajyndan sapak ediniň: onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. Şonuň ýaly-da bu zatlary göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny bilersiňiz» diýdi. Iman etmeýän adamlar däl-de, Isanyň mesh edilen şägirtleri onuň öňünden aýdan zatlaryny görmelidi we olaryň manysyna, ýagny Isanyň «gapynyň agzyndadygyna» düşünmelidi. Diýmek, Isa «şu nesil» diýende, mesh edilen şägirtlerini göz öňünde tutdy.

17. «Nesil» we «bu zatlaryň ählisi» diýen jümleler nämäni aňladýar?

17 «Şu nesil dünýäden ötmänkä, bu zatlaryň ählisi bolar». Bu sözler nädip ýerine ýeter? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, «nesliň» we «bu zatlaryň ählisiniň» nämäni aňladýandygyna düşünmeli. Mukaddes Ýazgylarda «nesil» diýlende, köplenç belli bir döwürde ýaşan dürli ýaşdaky adamlar göz öňünde tutulýar. Nesliň ýaşaýan döwri gaty uzak bolmaýar we onuň soňy bar (Müs. çyk. 1:6). «Bu zatlaryň ählisi» diýen jümle 1914-nji ýylda Isanyň gelmegi bilen başlanan we «agyr muşakgatda» tamamlanjak wakalaryň ählisini öz içine alýar (Mat. 24:21).

18, 19. Isanyň «şu nesil» diýen sözlerine nähili düşünmeli we nähili netijä gelse bolýar?

18 Onda Isanyň «şu nesil» diýen sözlerine nähili düşünmeli? Bu nesil mesh edilenleriň iki toparyndan ybarat bolup, birinji topar 1914-nji ýylda alamatyň ýerine ýetip başlandygyny gören mesh edilen mesihçileri, ikinji topar bolsa, biraz wagt birinji toparyň döwürdeşi bolan mesh edilen mesihçileri aňladýar. Ikinji toparyň käbir agzalary heniz ölmänkä, agyr muşakgat başlanar. Bu iki topara bir nesil diýilýär, sebäbi olar mesh edilen mesihçiler hökmünde belli bir wagtda döwürdeş bolup ýaşadylar c.

19 Onda biz nähili netijä gelip bileris? Dünýädäki wakalar Isanyň Patyşalyk tagtynda «gelendigini» görkezýän alamatyň ýerine ýetýändigini subut edýär. Ýer ýüzünde ýaşaýan «şu nesle» degişli mesh edilen mesihçileriň ýaşy bir çene barsa-da, olaryň hemmesi ölmänkä, agyr muşakgat başlanar. Bu bolsa Patyşalygyň örän tizden geljekdigini we bütin ýeriň üstünden höküm sürüp başlajakdygyny görkezýär. Isanyň bize «Patyşalygyň gelsin» diýip doga etmegi öwreden sözleriniň ýerine ýetişini görmek nähili tolgundyryjy bolar!

20. Bu kitapda nähili wajyp tema serediler we indiki bapdan nämäni bileris?

20 Geliň, Ýehowanyň gökden Ogly barada «Ony diňläň» diýen sözlerini hiç haçan unutmalyň. Biz, mesihçiler, Hudaýyň bu görkezmesine ýürekden gulak asmak isleýäris. Biz Isanyň Hudaýyň Patyşalygy barada aýdan we öwreden zatlary bilen örän gyzyklanýarys. Hudaýyň Patyşalygy häzire çenli nämeler etdi we gelejekde nämeleri eder? Şu kitap bize bu wajyp temany çuňňur özleşdirmäge kömek eder. Biz indiki bapda gökde Patyşalyk berkarar edileninden öň we soň bolan ähmiýetli wakalar barada gürrüň ederis.

a Isanyň bu mysaly diňleýjilerine Beýik Hirodesiň ogly Arhelaýy ýatladan bolmaly. Hirodes ölmezinden öň, Arhelaýy Ýahuda we başga welaýatlara hökümdar edip belledi. Emma Arhelaý höküm sürüp başlamazyndan öň, sezar Awgustyň razylygyny almak üçin, uzak ýol söküp, Rime gitmeli boldy.

c 1914-nji ýylda «betbagtçylygyň başlangyjyny» gören mesh edilen mesihçiler birinji topara girýär. Olaryň iň soňkusy ölenden soň mesh edilip bellenenler «şu nesle» degişli bolmaýar (Mat. 24:8).