Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI BAP

Ahlak taýdan arassalanmak — Hudaýyň mukaddesligini görkezýäris

Ahlak taýdan arassalanmak — Hudaýyň mukaddesligini görkezýäris

BABYŇ TEMASY

Patyşa raýatlaryna Hudaýyň ahlak kadalaryna hormat goýmagy öwredýär

Göz öňüne getiriň, siz Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasynyň derwezesiniň bosagasyndan ätleýärsiňiz

1. Ezekiýel pygamber nähili gorkunç görnüş gördi?

 ÖZÜŇIZI 25 asyr mundan ozal ýaşan Ezekiýel pygamberiň ýerine goýup görüň. Siz ýalkym saçýan ägirt uly ybadathana golaýlaşýarsyňyz. Bir güýçli perişde size bu üýtgeşik ýeri görkezmäge garaşyp dur! Siz ýedi basgançak ýokary çykyp, bir derwezä barýarsyňyz. Aslynda, şonuň ýaly jemi üç derweze bar. Bu görýän zatlaryňyzdan ýaňa siziň ýüregiňize gorky aralaşýar. Şol derwezeleriň beýikligi 30 metr bolup, olaryň girelgesiniň her tarapynda garawullaryň otagy bar. Sütünleri bolsa palma agajynyň şekilleri bilen bezelipdir (Ezek. 40:1—4, 10, 14, 16, 22; 41:20).

2. a) Ezekiýeliň görnüşindäki ybadathana nämäni aňladýar? (Şeýle-de çykgyda serediň). b) Ybadathananyň girelgesindäki zatlar nämäni aýan edýär?

2 Bu görnüşde ruhy ybadathana suratlandyrylýar. Ezekiýel pygamber ybadathananyň aýratynlyklaryny şeýle bir jikme-jik beýan edipdir welin, bu onuň kitabynyň 40—48-nji baplaryny öz içine alýar. Bu ybadathana Ýehowanyň arassa sežde üçin gurnan düzgünini aňladýar. Onuň her bir aýratynlygynyň şu soňky günlerde biziň Hudaýa edýän seždämiz bilen berk baglanyşygy bar a. Beýik derwezeler nämäni aňladýar? Olar Ýehowa arassa sežde etmek isleýän adamlaryň Hudaýyň dogry we ýokary kadalary boýunça ýaşamalydygyny aýan edýär. Palma agajynyň şekilleri hem şony suratlandyrýar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda palma köplenç dogrulygyň nyşany hökmünde ulanylýar (Zeb. 92:12). Onda garawullaryň otagy nämäni aňladýar? Bu Hudaýyň kadalaryna hormat goýmaýan adamlaryň ýaşaýşa eltýän arassa ýoldan ýöremegine ýol berilmeýändigini görkezýär (Ezek. 44:9).

3. Isanyň şägirtleri näme üçin hemişe arassalanmaly?

3 Ezekiýel pygamberiň gören görnüşi nädip ýerine ýetýär? Şu kitabyň 2-nji babynda belläp geçişimiz ýaly, Ýehowa halkyny Isa Mesih arkaly 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli gowy arassalady. Arassalanmak munuň bilen tamamlandymy? Ýok, tamamlanmady. Geçen asyrda Isa Ýehowanyň edim-gylym babatdaky mukaddes kadalaryna çuňňur hormat goýýandygyny görkezdi. Isanyň şägirtleri hemişe arassalanmalydy. Näme üçin? Isa şägirtlerini ahlak taýdan bozuk dünýäden ýygnaýar. Şeýtan bolsa olary ýene-de ahlaksyzlygyň batgasyna batyrmak üçin elinden gelenini aýamaýar (2 Petrus 2:20—22-nji aýatlary okaň). Geliň, mesihçileriň haýsy üç tarapdan hemişe arassalanyp durmalydygyna seredeliň. Biz, ilki, ahlak taýdan arassalanmak, soňra ýygnagy arassa saklamak üçin görülýän wajyp çäre we maşgala gatnaşyklary barada gürrüň ederis.

Ahlak taýdan arassalanmak

4, 5. Şeýtan köp wagtdan bäri haýsy usuly ulanýar we bu näme üçin üstünlikli diýse bolar?

4 Ýehowanyň halky hemişe ahlak taýdan arassa we dogruçyl ýaşamaga jan edýär. Şol sebäpli olar edim-gylym babatda berilýän aýdyň görkezmelere höwes bilen eýerýär. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

5 Ahlaksyzlyk. Ýehowanyň niýetine görä, är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk arassa bolmaly we şatlyk getirmeli. Şeýtan Hudaýyň beren bu gymmatly sowgadyny hapalamakdan lezzet alýar. Ol Ýehowanyň gullukçylaryny Hudaýyň merhemetinden mahrum etmek üçin, şol sowgady nädogry ulanmaga iterýär. Şeýtan heläkçilige eltýän bu tärini Balamyň günlerinde-de üstünlikli ulanypdy. Ol şu soňky günlerde ony has-da köp ulanýar (San. 25:1—3, 9; Ylh. 2:14).

6. «Garawul diňinde» nähili wada bermek barada aýdyldy, ol nädip ulanyldy we näme üçin bes edildi? (Şeýle-de çykgyda serediň).

6 Şeýtanyň hüjümlerine garşy durmak üçin, 1908-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda: «Men nirede bolsam-da, başga jynsdaky adam bilen ikiçäk galanymda, özümi onuň bilen adamlaryň ýanynda ýaly alyp bararyn» diýip wada bermek barada aýdyldy b. Bu wadany bermek talap edilmese-de, köpler ony kabul edip, öz atlarynyň «Sion garawul diňi» žurnalynda çap edilmegini islediler. Ilkibada, şol wada köplere peýda berse-de, wagtyň geçmegi bilen, onuň adaty bir zada öwrülendigi aýdyň boldy. Şol sebäpli bu wadany bermek bes edildi. Muňa garamazdan, Hudaýyň gullukçylary ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamagyny dowam edýärdi.

7. 1935-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» nähili kynçylyk barada aýdyldy we onda mesihçileriň nähili jogapkärçiligi nygtalyp geçildi?

7 Şeýtanyň hüjümleri gitdigiçe güýçlenýärdi. 1935-nji ýylyň mart aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňinde» Hudaýyň halkynyň arasynda ýüze çykýan kynçylyk barada açyk aýdyldy. Käbirleri wagyz gullugyna gatnaşmak, olary gündelik durmuşynda Ýehowanyň ahlak kadalaryna görä ýaşamakdan azat edýär diýip pikir edýärdiler. Şol sebäpli «Garawul diňi» žurnalynda gönümel şeýle diýildi: «Biz bir wajyp zady, ýagny bizden diňe bir wagyz etmegiň talap edilmeýändigini unutmaly däl. Ýehowanyň Şaýatlary — onuň wekilleri, olaryň Ýehowa we onuň Patyşalygy barada mynasyp tärde şaýatlyk etmek jogapkärçiligi bar». Soňra şol makalada Hudaýyň halkyna «ahlaksyzlykdan gaçmaga» kömek etmek üçin, nika gatnaşyklary we ahlak kadalary barada aýdyň maslahatlar berildi (1 Kor. 6:18).

8. Ahlaksyzlyk üçin ulanylýan grek sözüniň manysy «Garawul diňi» žurnalynda näme üçin ençeme gezek düşündirildi?

8 Soňky ýyllarda Injilde ahlaksyzlyk üçin ulanylýan grekçe «porneýa» diýen sözüň doly manysy «Garawul diňi» žurnalynda ençeme gezek düşündirildi. Bu söz diňe jynsy gatnaşygy aňlatmaýar. «Porneýa» sözüniň manysy her dürli wejera işleri, şol sanda bozuk aýallaryň öýlerinde edilýän azgyn işleriň ählisini öz içine alýar. Şeýle ýatlatmalar Isanyň şägirtlerini bu dünýäni gurşap alan ahlaksyzlygyň heläkçiliginden goraýar (Efesliler 4:17—19-njy aýatlary okaň).

9, 10. a) 1935-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» nähili meselä seredildi? b) Mukaddes Ýazgylarda spirtli içgiler babatda näme diýilýär?

9 Arakhorlyk. 1935-nji ýylyň mart aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňinde» başga bir meselä seredildi. Onda şeýle diýildi: «Käbirleriniň içgili ýagdaýda wagyz gullugyna gatnaşýandygyna we guramada başga-da jogapkärli borçlary ýerine ýetirýändigine üns berildi. Aslynda, Mukaddes Ýazgylarda haýsy ýagdaýda şerap içmäge rugsat berilýär? Adam Hudaýyň guramasynda ýerine ýetirýän borçlaryna täsir etjek mukdarda şerap içse bolýarmy?»

10 Soňra bu soraglaryň jogabyna seredilip, spirtli içgilere dogry garaýyşda bolmak babatda Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygy düşündirildi. Hudaýyň Sözünde şerap ýa-da başga spirtli içgileri çeniňi bilip içmeklik gadagan edilmese-de, arakhorlyk berk ýazgarylýar (Zeb. 104:14, 15; 1 Kor. 6:9, 10). Köp wagtdan bäri Hudaýyň gullukçylaryna içgili ýagdaýda mukaddes gulluga gatnaşmak babatda Harunyň ogullary bilen bolan waka ýatladylýar. Ýehowa olary çadyrda mukaddes däl ody hödür edendikleri üçin öldürdi. Bu wakanyň yzysüresi Hudaý ähli ruhanylara mukaddes borçlaryny ýerine ýetirýän wagtlary çakyr ýa-da şerap içmeli däldigi hakda tabşyryk berdi. Bu bolsa Harunyň ogullarynyň günä etmegine nämäniň sebäp bolandygyna düşünmäge kömek edýär (Lew. 10:1, 2, 8—11). Şu günler hem Isanyň şägirtleri şol wajyp prinsipe eýerip, içgili ýagdaýda mukaddes gulluga gatnaşmaýarlar.

11. Hudaýyň halkynyň arakhorlyk babatda düşünjesiniň aýdyňlaşmagy näme üçin peýdaly diýse bolar?

11 Soňky ençeme ýyllaryň dowamynda Isanyň şägirtleriniň arakhorlyk, ýagny içmegi endik edinmek we çendenaşa köp içmek babatda düşünjesi aýdyňlaşdy. Köp adamlar wagtly-wagtynda berilýän ruhy iýmitiň kömegi bilen, bu kynçylygyň hötdesinden gelip, durmuşyny özgertdiler. Spirtli içgilere dogry garaýyşda bolmagy ilkibaşdan öwrenenler bolsa, şeýle kynçylyga asla duş gelmediler. Biziň hiç birimiz arakhor bolmaly däl, sebäbi bu adamyň mertebesini peseldip, ony maşgalasyndan, esasanam, Ýehowa arassa sežde etmek hormatyndan mahrum edýär.

«Biz Halypamyzyň üstünden çilimiň ysynyň gelip duranyny ýa-da onuň agzyna hapa zady alanyny göz öňüne getirip bilmeýäris» (Ç. T. Rassel).

12. Isanyň şägirtleri heniz soňky günler başlamanka, temmäkini ulanmaklyga nähili garaýardylar?

12 Temmäkini ulanmak. Temmäki — çilim ýasamak üçin ulanylýan ösümlik. Isa Mesihiň şägirtleri heniz soňky günler başlamanka, temmäkini ulanmagyň nädogrudygyna göz ýetirdiler. Birnäçe ýyl mundan ozal Çarlz Keýpen atly gartaşan dogan XIX asyryň ahyrynda Çarlz Teýz Rassel dogan bilen ilkinji gezek duşuşygyny ýatlaýar. Keýpen dogan 13 ýaşyndaka, üç süýtdeş dogany bilen Allegeýndäki (Pensilwaniýa ştaty) Mukaddes Ýazgylar öýüniň basgançagynda durdy. Rassel dogan olaryň ýanyndan geçip barýarka: «Oglanlar, siz çilim çekýärsiňizmi? Çilimiň ysy gelýär-le» diýýär. Şonda olar çilim çekmeýändigini aýdýarlar. Olar Rassel doganyň çilim çekmeklige nähili garaýandygyny gowy bilýärdiler. 1895-nji ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda Rassel dogan 2 Korinfliler 7:1-däki sözlere salgylanyp, şeýle diýdi: «Meniň pikirimçe, temmäkini islendik görnüşde ulanmaklyk, mesihçiniň özüne-de peýda bermeýär, Hudaýy-da şöhratlandyrmaýar... Biz Halypamyzyň üstünden çilimiň ysynyň gelip duranyny ýa-da onuň agzyna hapa zady alanyny göz öňüne getirip bilmeýäris».

13. 1973-nji ýylda Isanyň şägirtleri nädip arassalandy?

13 1935-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda temmäki «hapa haşal ot» diýip atlandyrylyp, ony çeýneýän ýa-da çekýän adamyň Beýtel maşgalasynyň agzasy bolup bilmeýändigi we pioner ýa-da aýlanýan gözegçi bolup, Hudaýyň guramasynyň wekilleri hökmünde gulluk edip bilmeýändigi bellenip geçildi. 1973-nji ýylda bu düşünje has-da aýdyňlaşdy. 1-nji iýunda çykan «Garawul diňinde» şol hapa, ýaramaz hem-de ölüme eltýän endigini goýmaýan Ýehowanyň Şaýadynyň ýygnakda göreldeli hasaplanmaýandygy düşündirildi. Temmäkini goýmakdan boýun gaçyrýanlar ýygnak gatnaşygyndan kesilmelidi c. Şeýdip, Isa Mesih şägirtlerini arassalamak üçin ýene-de bir wajyp ädim ätdi.

14. Hudaý gan babatda nähili tabşyryk berdi we gan goýbermeklik nädip giňden ýaýrady?

14 Ganyň ulanylyşy. Nuh pygamberiň günlerinde Hudaý gan iýmegiň nädogrudygyny aýtdy. Ol muny ysraýyl halkyna beren Kanunynda hem tassyklady. Ýehowa mesihçilere-de «gandan gaça durmagy» tabşyrýar (Res. iş. 15:20, 29; Gel. çyk. 9:4; Lew. 7:26). Şu günler Şeýtanyň köp adamlara Hudaýyň bu tabşyrygyny bozdurmagyň ugruny tapýandygy geň galdyrmaýar. XIX asyrda lukmanlaryň gan goýbermekde biraz tejribesi bardy, emma ganyň toparlary anyklanansoň, bu has-da köp ulanyldy. 1937-nji ýyldan başlap, gany ýygnap, ýörite gan saklanylýan ýerlerde goýýardylar. II Jahan urşy bolsa, gan goýbermekligiň medisinada ulanylýan esasy bejergi bolmagyna sebäp boldy. Soňra gan goýbermeklik bütin dünýäde giňden ýaýrady.

15, 16. a) Ýehowanyň Şaýatlary gan goýbermeklige nähili garaýarlar? b) Isanyň şägirtlerine gan goýbermek hem-de gansyz bejergi babatda nähili goldaw berildi we bu nähili netije berdi?

15 Eýýäm 1944-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda gan goýbertmekligiň gan iýmek bilen deň hasaplanýandygy aýdyldy. Şondan bir ýyl geçensoň, Mukaddes Ýazgylara esaslanan bu garaýyş has-da aýdyňlaşyp, oňa çynlakaý seredilip başlandy. 1951-nji ýylda Hudaýyň halkyna lukmanlar bilen gepleşmäge kömek edýän birnäçe soraglar we jogaplar çap edildi. Bütin dünýäde Isanyň wepaly şägirtleri gandan gaça durýandygy sebäpli ýaňsylamalara, garşylyklara we güýçli yzarlamalara duş gelseler-de, berk durdular. Isa Mesih hem guramasyny Hudaýyň halkyna gerekli goldawy bermäge höweslendirýärdi. Şeýlelikde, gan babatda çuňňur gözleg geçirilip taýýarlanan makalalar we broşýuralar çap edildi.

16 1979-njy ýyldan başlap, ýaşulularyň käbiri keselhanalara baryp, lukmanlara biziň gan babatda Mukaddes Ýazgylara esaslanan garaýşymyzy we nähili bejergileri ulanyp bilýändigimizi düşündirýärdi. 1980-nji ýylda ABŞ-nyň 39 şäherinde ýaşululara bu babatda ýörite tälim berildi. Wagtyň geçmegi bilen, Ýolbaşçylyk maslahaty dünýäniň dürli künjeginde Keselhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýän komitetiň döredilmegini makullady. Bu nähili netije berdi? Şu günler on müňlerçe lukmanlar — hirurglar we anesteziologlar — gansyz bejergi almak isleýän Ýehowanyň Şaýatlary bilen hyzmatdaşlyk edip, olaryň garaýşyna hormat goýýarlar. Gansyz bejergini ulanýan keselhanalaryň sany barha artýar, hatda käbirleri ony iň gowy bejergi hasaplaýar. Şeýtan bizi hapalamak üçin elinde baryny etse-de, Isanyň öz şägirtlerini goraýandygyny bilmek, göwnümizi göterýär (Efesliler 5:25—27-nji aýatlary okaň).

Gansyz bejergini ulanýan keselhanalaryň sany barha artýar, hatda käbirleri ony iň gowy bejergi hasaplaýar

17. Isanyň öz şägirtlerini arassalaýandygyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

17 Biz özümize şeýle sorag bermeli: «Men Isa Mesihiň öz şägirtlerini arassalaýandygyny we bize Ýehowanyň ýokary ahlak kadalaryna eýermegi öwredýändigini gymmat saýýarynmy?» Eger şeýle bolsa, onda Şeýtanyň bizi hemişe Ýehowadan we Isadan daşlaşdyrjak bolup, Hudaýyň ahlak kadalaryny bozmaga iterýändigini unutmalyň. Iblise gaýtawul berip bilmegimiz üçin, Ýehowanyň guramasy bu dünýäniň ahlaksyz ýollary babatda bize elmydama söýgi bilen duýduryş berýär. Şol sebäpli, geliň, peýdaly maslahatlary ýürekden kabul edip, durmuşymyzda ulanalyň (Sül. tym. 19:20).

Ýygnagy ahlak taýdan arassa saklamak

18. Ezekiýeliň görnüşi Hudaýyň kanunlaryny bilgeşleýin bozýan adamlar babatda nämäni aýan edýär?

18 Mesihçileriň ahlak taýdan arassalanmagynyň ikinji tarapy ýygnagy arassa saklamak üçin görülýän çäreler bilen baglanyşykly. Gynansak-da, Ýehowanyň kada-kanunlaryny kabul edip, özüni Hudaýa bagyş eden adamlaryň hemmesi wepaly galmaýar. Olaryň käbiri, wagtyň geçmegi bilen, garaýşyny üýtgedip, Hudaýyň kanunlaryny bilgeşleýin bozýar. Şeýle adamlara nähili çäre görmeli? Şu babyň başynda agzalýan Ezekiýel pygamberiň ruhy ybadathana baradaky görnüşi muňa düşünmäge kömek edýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, beýik derwezeleriň her girelgesinde garawullaryň otagy bardy. Garawullar Hudaýyň kanunlaryny berjaý etmeýän adamlary ybadathana salmaýardylar. Bu bolsa diňe Ýehowanyň arassa kadalary boýunça ýaşamaga jan edýän adamlaryň arassa seždä gatnaşyp bilýändigini görkezýär. Şu günlerem wepaly mesihçiler bilen gatnaşyk saklap, olar bilen bilelikde Ýehowa gulluk etmek mümkinçiligi hemme adama berilmeýär.

19, 20. a) Isa agyr günä eden adamlaryň işine seretmek meselesine has aýdyň düşünmäge nädip ýardam etdi? b) Toba etmeýän günäkärler haýsy üç sebäbe görä gatnaşykdan kesilýär?

19 1892-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda «Isa Mesihiň ähli adamzat üçin özüni töleg hökmünde... berendigini aç-açan ýa-da başga usul bilen inkär edýän mesihçileri ýygnak gatnaşygyndan kesmegiň biziň borjumyzdygy» düşündirildi (2 Ýahýa 10-y okaň). 1904-nji ýylda «Täze ýaradylyş» atly kitapda özüni edepsiz alyp barýan adamlaryň ýygnaga howp salýandygy, ýagny azdyryp biljekdigi barada aýdyldy. Şol döwürde agyr günä eden adamlaryň işine «ýygnak kazyýetlerinde» tutuş ýygnak bolup seredilýärdi. Emma şeýle ýagdaýlar seýrek bolýardy. 1944-nji ýylda «Garawul diňinde» bu işleri diňe jogapkär doganlaryň alyp barmalydygy bellenip geçildi. 1952-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» bolsa, agyr günä eden adamlaryň işine Mukaddes Ýazgylaryň esasynda seretmek babatda görkezme çap edildi we toba etmeýän günäkärleriň gatnaşykdan kesilmeginiň esasy sebäbiniň ýygnagy arassa saklamakdygy düşündirildi.

20 Soňra Isa şägirtlerine agyr günä eden adamlaryň işine seretmek meselesine has aýdyň düşünmäge ýardam etdi. Mesihçi ýaşulular bu meselede Ýehowanyň islegine görä karara gelip, hem adalatly, hem rehimdar bolup biler ýaly ýörite tälim alýarlar. Biz toba etmeýän günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmegiň azyndan üç sebäbiniň bardygyna düşünýäris: 1) Ýehowanyň adyna ysnat getirmezlik; 2) ýygnagy agyr günäniň erbet täsirinden goramak; 3) mümkin bolsa, günä eden adama toba gelmäge kömek etmek.

21. Toba etmeýän adamyň gatnaşykdan kesilmegi Hudaýyň halkyna nähili peýda berýär?

21 Siz toba etmeýän adamyň ýygnak gatnaşygyndan kesilmeginiň Isanyň şägirtlerine nähili peýda berýändigine göz ýetirdiňizmi? Gadymy Ysraýylda Hudaýyň kanunyny bozýan adamlar köplenç bütin halka ýaramaz täsir edýärdi. Käwagt olaryň sany Ýehowany söýüp, dogrulyk etmäge çalyşýan adamlardan hem köp bolýardy. Şeýdip, halk köplenç Ýehowanyň adyna ysnat getirýärdi we Hudaýyň merhemetinden mahrum bolýardy (Ýer. 7:23—28). Emma şu günler Ýehowa belli bir halka däl-de, oňa gulluk etmegi ýüregine düwüp, görkezmesine eýerýän dürli milletden bolan erkekdir aýallara ýolbaşçylyk edýär. Hudaýyň kanunyny bozmagy endik edinen adamlaryň biziň aramyzdan çykarylýandygy üçin, olar ýygnaga we onuň arassaçylygyna uly howp salýan Şeýtanyň elindäki ýarag bolup bilmeýärler. Olaryň täsiri çäklendirilýär. Biz Ýehowanyň halky hökmünde onuň bizi goldajakdygyna ynanýarys. Ýadyňyzda bolsa, Ýehowa: «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýip wada beripdi (Iş. 54:17). Eýsem, siz agyr günä eden adamlaryň işine seredýän jogapkär ýaşululary höwes bilen goldaýarsyňyzmy?

Her bir maşgalany döreden Hudaýy şöhratlandyrýarys

22, 23. XX asyryň başynda ýaşan imandaşlarymyza näme üçin sylag-hormatymyz artýar? Olaryň maşgala babatda has paýhasly bolmalydygy nämeden görünýär?

22 Isanyň şägirtleriniň hemişe arassalanyp, peýda alan taraplarynyň üçünjisi — maşgala gatnaşyklary. Ýyllar geçdigiçe, biziň maşgala babatda garaýşymyz özgerdimi? Hawa. Mysal üçin, biz XX asyryň başynda ýaşan mesihçiler barada okanymyzda, olaryň jan aýaman gulluk edendiklerine diýseň haýran galýarys. Şol dogan-uýalaryň mukaddes gullugy durmuşynda ähli zatdan ileri tutandygyny görüp, olara sylag-hormatymyz artýar. Emma käbir meselelerde olara paýhaslylygyň gerek bolandygyna göz ýetirýäris. Näme üçin?

23 Doganlar köplenç guramada käbir borçlary ýerine ýetirmek ýa-da aýlanýan gözegçi bolmak üçin birnäçe aýlap maşgalasyndan aýra düşýärdiler. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda durmuş gurmaly däl diýip çürt-kesik aýdylmasa-da, biziň edebiýatlarymyzda köplenç durmuş gurmazlyga höweslendirilýärdi we maşgalalary agzybir etmek barada kän aýdylmaýardy. Şu günlerem mesihçiler maşgala şeýle garaýarlarmy? Elbetde, ýok!

Ýygnakdaky jogapkärçiliklerimizi ýerine ýetirenimizde, maşgala borçlarymyzy gözden salmaýarys

24. Isa wepaly şägirtlerine maşgala babatda has paýhasly bolmaga nädip kömek etdi?

24 Şu günler biz ýygnakdaky jogapkärçiliklerimizi ýerine ýetirenimizde, maşgala borçlarymyzy gözden salmaýarys (1 Timoteos 5:8-i okaň). Isa wepaly şägirtlerine hemişe maşgala gatnaşyklary babatda Mukaddes Ýazgylara esaslanan paýhasly we peýdaly maslahatlaryň berilmeginiň aladasyny edýär (Efes. 3:14, 15). 1978-nji ýylda «Maşgalaňyzy bagtly ediň» atly kitap çykdy. Şondan takmynan 18 ýyl geçensoň, «Maşgala bagtynyň syry» diýen kitap çykaryldy. Şeýle-de «Garawul diňi» žurnalynda är-aýallara Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermäge kömek edýän ençeme makalalar çap edilip başlandy.

25—27. Ýyllar geçdigiçe, dürli ýaşdaky çagalara nädip has köp üns berilýär?

25 Ýaşlar barada näme diýse bolar? Ençeme ýyldan bäri olaryň zerurlyklaryna has köp üns berilýär. Ýehowanyň guramasy dürli ýaşdaky çagalaryň aladasyny edýär. Şu günler çagalar üçin niýetlenip çykarylýan zatlar öňküden-de has köpeldi. Mysal üçin, 1919—1921-nji ýyllarda «Altyn asyr» žurnalynda «Ýaş Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler» atly makalalar çap edilýärdi. 1920-nji ýylda «Altyn asyryň harplygy» diýen broşýura, 1941-nji ýylda bolsa «Çagalar» atly kitap çap edildi. 1970-nji ýyllarda «Beýik Mugallymy diňläň», «Ýaşlygyň iň gowy günlerinden peýdalan» we «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» diýen kitaplar çykaryldy. 1982-nji ýylda «Oýanyň!» žurnalynda «Ýaşlaryň sowallary» atly makalalar çap edilip başlandy. Soňra 1989-njy ýylda şol makalalaryň esasynda «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» diýen kitap çykaryldy.

Köpler Germaniýada geçirilen kongresde «Körpeler üçin sapaklar» diýen broşýurany alyp begendiler

26 Şu günler «Ýaşlaryň sowallary» diýen kitabyň täze iki tomy bar we jw.org saýtymyzda onuň başga-da makalalaryny okap bolýar. Şeýle-de çagalar üçin «Beýik Mugallymdan öwreniň» atly kitap çap edildi. Biziň web-saýtymyzda Mukaddes Ýazgylara esaslanan kartoçkalar, kiçi we uly ýaşdaky çagalar üçin ýumuşlar, multfilmler, gysga wideoýazgylar, Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň suratlary, üç ýaşa çenli körpeler üçin Mukaddes Ýazgylardan sapaklar ýaly ýaşlara niýetlenip çykarylýan zatlar diýseň köp. Görşümiz ýaly, I asyrda çagalary eline alyp, gujaklan Isa Mesihiň ýaşlara bolan garaýşy häzirem üýtgemedi (Mar. 10:13—16). Isa biziň çagalarymyzyň söýülmegini we olara bol ruhy iýmitiň berilmegini isleýär.

27 Şeýle-de Isa çagalara zeper ýetmegini islemeýär. Şu günler ahlak taýdan gitdigiçe pese düşýän dünýäde çagalary zorlamak barha köpelýär. Şol sebäpli biziň edebiýatlarymyzda ene-atalara çagalaryny bu elhenç zalymlykdan goramaga ýardam edýän aýdyň we gönümel maslahatlar çap edilýär d.

28. a) Ezekiýeliň ybadathana baradaky görnüşine laýyklykda, arassa seždä gatnaşmak üçin bizden näme talap edilýär? b) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

28 Biz Isanyň öz şägirtlerini arassalaýandygyna diýseň begenýäris. Ol bize Ýehowanyň ýokary ahlak kadalaryna eýermegi we hormat goýmagy öwredýär, çünki bu bize peýda berýär. Geliň, ýene-de Ezekiýel pygamberiň gören görnüşindäki ybadathananyň beýik derwezeleri barada oýlanalyň. Elbetde, bu göni manydaky däl-de, ruhy ybadathanany aňladýar. Emma siz şeýle ybadathananyň, hakykatdanam, bardygyna berk ynanýarmysyňyz? Biz oňa diňe Patyşalyk zalyna baranymyzda, Mukaddes Ýazgylaryň gatyny açanymyzda ýa-da öýden-öýe wagyz edip, gapy kakanymyzda girmeýäris. Elbetde, bu zatlar göze ilýär. Ikiýüzli adamlar bulary Ýehowanyň ybadathanasyna girmänem edip bilýärler. Eger biz şu agzalan zatlary edip, şol bir wagtyň özünde Ýehowanyň beýik ahlak kadalary boýunça ýaşap, arassa seždä dogry niýet bilen gatnaşýan bolsak, diňe şonda iň mukaddes ýere, ýagny Ýehowa Hudaýa arassa sežde edilýän ruhy ybadathana girip gulluk edýäris diýse bolar. Geliň, bize ynanylan bu hormaty hemişe gymmat saýalyň. Ýehowanyň dogry kadalaryny goldap, onuň mukaddesligini görkezmek üçin elimizde baryny edeliň!

a 1932-nji ýylda çykan «Aklanma» diýen kitabyň II tomunda Hudaýyň halkynyň aýaga galmagy we olaryň dogduk mekanyna dolanmagy baradaky pygamberlikleriň biziň günlerimizde göni manydaky ysraýyl halkynda däl-de, ruhy Ysraýylda berjaý bolandygy ilkinji gezek aýdyldy. Şol pygamberlikler arassa seždäniň dikeldilmegini aňladýar. 1999-njy ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňinde» Ezekiýeliň ybadathana hakda gören görnüşiniň dikeldiş baradaky pygamberlikdigi we onuň soňky günlerde ruhy manyda ýerine ýetýändigi düşündirildi.

b Wada bermek är-aýal ýa-da ýakyn garyndaş bolmadyk erkek bilen aýalyň gapyny giňden açyp goýmazdan bir otagda ikiçäk galmagyny gadagan edýärdi. Birnäçe ýylyň dowamynda bu wada her gün Beýtel maşgalasynyň ertirlik seždesinde okalýardy.

c Temmäkini ulanmaklyga ony çekmek, ysgamak, çeýnemek we şeýle maksatlar üçin ösdürip ýetişdirmek degişli.

d «Beýik Mugallymdan öwreniň» atly kitabyň 32-nji babyna we 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň 3—11-nji sahypalaryna serediň.