2-nji sapak
Hudaý — Ol, iň gowy dostdur
Hudaýyň dosty bolmak — bu, saňa arzuw edip bolaýjak zatlaryň iň gowusydyr. Hudaý saňa nädip bagtly bolmalydygyny we howpsuz ýaşamagy öwreder. Ol seni ýalan dini düşünjelerden we zyýanly işlerden boşadar. Ol seniň dogalaryňy doly diňlär. Ol saňa jan rahatlygy we ynam tapmaga kömek eder (Zebur 71:5; 73:28). Hudaý seni kynçylyklarda goldar (Zebur 18:18). Şonuň bilen birlikde Hudaý saňa ebedi ýaşaýyş sowgadyny hem hödürleýär (Rimliler 6:23).
Hudaý bilen ýakynlaşyp, sen Hudaýyň başga dostlary bilen hem ýakynlaşarsyň. Olar seniň hem dostlaryň bolar. Olar hatda seniň üçin doganlar we uýalar ýaly bolar. Olar saňa Hudaý barada okuw bermäge şat bolar, saňa kömek ederler we seni goldarlar.
Biz Hudaý bilen deň däl. Haçan-da sen Hudaý bilen dost bolmagy agtaraňda, sen bir wajyp hakykata düşünmeli. Hudaý bilen dost bolmaklyk — bu, deňleriň dost bolmaklygy däldir. Ol bizden has uly, parasatly we has güýçli. Ol doly esasda biziň Hökümdarymyzdyr. Şonuň üçin, biz onuň dostlary bolasymyz gelýän bolsa, onda biz Oňa gulak asmaly we näme aýtsa etmeli. Bu elmydama-da biziň bähbidimiz üçin bolar (Işaýa 48:18).